Ene hakda söz açylsa haçanda,
Päk duýgular döräberýär gursakda.
Gara galam ak kagyzy guçanda,
Ajap shygyr dogýar her bir pursatda.
Mähir bilen doly enäñ gujagy,
Shol mähirden gorlanýandyr kalbyñam.
Shol gujakda bagtyñ iñ bir goçagy,
Shol bolmasa hiç bolmazdy barlygam.
Ýokdyr söýgüsine deñeship biljek.
Shol soýgäde daýanyp dur bu dünýä.
Mähriban eneler garramañ entek,
Garrasañyz durmush görksiz görünýä.
Biz aýdara söz goýmandyr beýikler.
Waspyny edipdir mährem eneleñ.
Berdinazar hemem Mämmet Seýitler,
Kerim. Gurbannazar hem-de ýeneler.
Beýikler aýdypdyr ajaýyp sözler.
A -men welin oña hiç çäklenemok.
Kalbymdaky sözler dyñzashyp durlar,
Olar meni öz erkime goýanok.
Enäñ waspyn beýiklerden tapmak däl,
Enäñ waspy her bir dilde gezmeli.
Ýöne ony diñe dilden aýtmak däl,
Bu päk sözler kalbymyzda bolmaly.
Kalbymyzda enä hormat bolmaly.
Hem-de ene hakda duýgy bolmaly.

Danatar Galpakow

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir