ŞO-OL PURSAT
Seniň yzlaryňy yzarlap ýörün,
Gözläp ýüregiňe barýan ýollary.
Dünýäň gohy bilen başagaý bolup,
Okaňok sen hakda ýazýanlarymy.
...Şo- ol gün bolsa ýene gözlerme ildiň,
Joraň bilen okuwyňa barýarkaň.
Halyň göllerinden zyýadady has,
Gyrmyzy köýnege çekilen ýakaň.
Sypaýy ýylgyryp,
gussaly güýzüň,
Gursagynda ne bir gussa duýýardyň.
Ýoluňa düşelen altyn halydan,
Saralmajak bagül bolup barýardyň.
Zemindäki ähli gözellikleriň,
Genisi ýol bilen barýan ýalydy.
Ýalan boldy geçen günlerimdäki,
Bagtym öýden pursatlarmyň barysy.
Çuň ummanda ýüzüp bilmänim üçin,
Gözlerňe gark boldum ilki göremde.
Şol günden soň has başgaça garaýan,
Uly dünýäň "Söýgi" atly ýüregne.
Awtor:Isa HOJAMERDANOW