Dünýä ýüzi ýaradylan Söýgüden.
A sen bolsa söýgi däl-de
Ýaradylan ýaly öýke-kineden.
Nireden geldi bu duýgy, saňa.
Maňa gahar etme,
Gitme.
Ýitme gözlerimden.
Öýke diýäniňem näme,
Sinonimi gyz näziniň.
Ädimiň gowşanok
Hawa ýumşanok ýüregiň.
Düşünýän götermek agyr,
Bijaý sözleri käteler.
Nämeden anyk bilemok,
Ýöne maňa gaty täsin:
Kimsi söýýän diýip söýýär,
Kimsi köýýän diýip söýýär,
A sen bolsa söýýän diýmän,
Öýkeledim diýýäň.                      

  Awtor:
                              Isa HOJAMERDANOW

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir