Alymlaryň halkara topary NASA-nyň reaktiw hereketi Barlaghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýeriňkä meňzeş howaly täze eksoplanetany açdylar.
«TOI-1231 b» diýip atlandyrylan täze planeta Ýerden 90 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we «M» klasly karlik ýyldyzynyň daşyndan aýlanýar. Ol Ýerden uly we Neptuna meňzeş. «TOI-1231 b» öz ýyldyzyna Ýer bilen aralygyndan sekiz esse ýakyn ýerleşýär we onuň üstündäki ýylylyk Ýeriňkä çalymdaş. Bu täze ekzoplanetanyň hossar ýyldyzynyň Güne garanda has sowukdygy we ondan öçügsidigi bilen düşündirilýär.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir