Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.
Gyz kämillik ýaşyna ýetende kakasy oňa ähli ygtyýary berip, ýanýoldaşyny onuň özüniň saýlamagyna rugsat edipdir. Görmegeý baý gyzy jar çekdirip, künjini sokuda sokudaş bilen urman döwmegi, suwa salyp gaýnatman, ýag almagy başaran ýigide durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr.
Köp ýigitler gyzyň bu agyr şertinden baş çykaryp bilmän, ýeňselerini gaşap gidipdirler. Ýöne olaryň içinden bir ugurtapyjy ýigit gyzyň şertini berjaý etmek üçin kelle döwüp başlapdyr.
Ol sokyny has uludan ýasapdyr-da, onuň aşak tarapyny gozganmaz ýaly ýere gömüpdir. Sokudaşyň ornuna bolsa ýogyn erik agajyndan ok ýasapdyr. Onuň ujundan basyp durar ýaly agyrlyk asypdyr. Soňam oňa künji guýup, odun daşaýan erkegini goşup aýlamaga başlapdyr.
Ine, saňa gerek bolsa! Künji juwazyň okunyň aşagynda öz-özi mynjyrap döwlüp barýarmyş. Ýöne künji näçe döwülse-de, ýag çykanokmyş.
Aşyk ýigit näderini bilmänmiş. Şert boýunça döwlen künjini sokudan çykarman ýag almaly. Suwa salyp galkman edeniň bilen gyz kabul etjek däldi.
Juwazyň okuny aýlap durşuna aşyk ýigidiň özem, düýesem bir hal bolýarlar. Künji bolsa talhana dönüp gitse-de, ýag çykaraýyn diýenokmyş.
Şol wagtam asmandan durnalaryň sesi gelýär. Juwazçy ýigit asmana garap:
-Eý, jahankeşde guşlar, künjini sokuda urman döwmeli diýlenini-hä etdim welin, indi sokudan çykarman ýag almaly diýeniniň tilsimini tapman durun. Heý, sizden bir delalat ýetmezmikä?-diýip ýalbarýar.
Durnalar juwazyň depesinden ýerläp pessaý uçup aýlanýarlar. Şonda olaryň biriniň gözünden bir damja ýaş juwazyň sokusyndaky döwlen künjiniň üstüne damýar. Şol ýerdenem ýag çykyp başlaýar.
Döwlen künjiniň ýag bermän durmagynyň sebäbine düşünen ýigit bir ýanowuç suwy sepip goýberýär welin, juwaza börňüldäp ýag inmäge başlaýar.
Şeýdip, aşyk ýigit baý gyzynyň iki şertini hem ýerine ýetirýär.
Juwazda çykan ýagyň durnaň gözi ýaly dury bolmagynyň sebäbem, şol durnanyň gözünden daman bir damja ýaş sebäplimiş.