Çaý dünýäniň köp ýurdunda gündelik sarp edilýän içgi hasaplanýar. Bu önümiň ata watany Hytaý hasaplanýar. Çaý sözi hem ähli dillere diýen ýaly hytaýçadan iki görnüşde geçipdir. Dünýä halklarynyň köpüsi bu içgini çaý, şaý ýaly görnüşinde atlandyrýan bolsa, köpüsinde «ti» sözi ulanylýar. Aslynda, bu iki söz hem hytaýçanyň başga şiwelerine degişlidir. Maglumatlara görä, çaýyň içimlik hökmünde peýdalanylyp başlananyna bäş müň ýyldan gowrak wagt geçdi.
Wagtyň geçmegi bilen çaýyň dürli görnüşleri peýda bolýar. Olar, esasan, iki görnüşli bolup, gaýtadan işlenilişine görä, gök (köp dillerde ýaşyl diýilýär) we gara bolýar. Aslynda, çaýyň bu iki görnüşi hem şol bir ösümlikden alynýar. Şeýle hem çaýyň dürli ysly, miwe tagamly we sowuk içgi hökmünde taýýarlanan ýüzlerçe görnüşi bar. Sowuk görnüşde içilýän çaý XIX asyryň ahyrlarynda peýda bolýar. Çaýyň bu görnüşi ilkibaşda häzirkiler ýaly gaplara gaplanman, gündelik demlenýän eken. Ýörite çaýhanalarda taýýarlanýan bu çaý sowandan soňra, buz bölejikleri hem-de limon we beýleki ysly otlar atylyp, müşderilere hödür edilipdir. Söwda maksatly sowuk çaýy ilkinji gezek amerikaly işewür Riçard Bleçin 1904-nji ýylda Bütindünýä sergisinde köpçülige görkezipdir.
Soňky ýyllarda bolsa çaýlar müşderileriň islegleri göz öňünde tutulyp, eremeýän kagyz haltajyklara gaplanypdyr. Çaýy gaplamagyň bu görnüşi öndüriji üçin hem amatly bolupdyr. Çaý haltajyklaryny ilkinji gezek Nýu-Ýorkdan Tomas Salliwan oýlap tapýar. Şol döwürde çaýlar metal gutulara gaplanýan eken. Metalyň agyr we gymmat bolmagy onuň kagyz gaplary döretmegine sebäp bolupdyr.
Her ýylyň dekabr aýynyň 15-i dünýäniň köp yurtlarynda halkara «Çaý güni» hökmünde bellenip geçilýär.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir