Watan diýmek näme? Megerem bu soraga her kim özüçe jogap berýändir. Watan diýlende gözümiziň öňünde ilki bilen her bir ýurduň tebigaty, daglary, çölleri, mawy asmany göz öňüňe gelýär. Her bir ynsanyň özüniň önüp – ösen ýeri örän gadyrly bolýan eken. Watan diýlende biziň gözümiziň öňüne türkmen sähralary, dag-gerişleri, bäş welaýaty daşyna üýşürip oturan Garagum sähralygy we elbetde gün günden gülleýän, gül açýan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri emele gelýär. Watan düşünjesi mukaddes düşünje. Watanyňy janyňdan eziz görmek onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly, aýap saklamak her bir ynsanyň borjy hasaplanýar. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar.
“Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol” diýen nakyl hem ýöne ýerden döremändir. Gaýry ýurtlarda nähili eşretli durmuşda ýaşasaňam öz iliňe taý geljek ýer ýokdur. Watan diýlen söz türkmenlerde has belentde tutulýar. Taryha nazar salsak, ata-babalarymyz öz Watany üçin janyny orta atyp söweşipdirler. Türkmeniň gerçek ogly Jelaleddiniň Meňburnyň keşbine ýüzleneniňde hem muny görmek bolýar. Beýik türkmen serkerdesi öz Watanyny duşmanlardan goramak üçin on bir ýyllap söweşipdir. 1941-1945-nji ýyllaryň beýik Watançylyk urşunda türkmenleriň uruşda we tylda görkezen edermenlikleri-de olaryň Watanyny näderejede ezizländigini aňladýar.
Döredijilik ynsanlarynyň islendigini alyp görenimizde bolsa olaryň döredýän eserlerinde eger ol Watan hakda bolsa olarda başgaça öwüşginli jady bolýar. Ol ynsanyň kalbyňdaky Watana bolan beýik duýguny has-da belende göterýär. Islendik şahyry ýa-da ýazyjyny alyp görenimizde, olaryň Watan barada döreden eserleri örän çeper beýan edilýär. Kompozitory mysal getireniňde hem şeýledir. Sebäbi olar eser döredenlerinde ýüregindäki Watan düşünjesini özleriniň dürdäne eserlerine siňdirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, “Bitarap Türkmenistan”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly dürdäne eserlerinde Watan diýlen mukaddes düşünje ör boýuna galýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýazan her bir eseri Watany ýürekden söýýän ynsany biparh goýup bilmeýär. Çünki Watan düşünjesi bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi bolsa beýik mukaddeslik hasaplanýar.
Aýlar Atajykowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.