Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň ýüregi Aşgabat şäherimiz günsaýyn gözelliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýylyň dört paslynda älemgoşar öwüşginli gülleri, ajaýyp seýilgähleri bilen göwünleri ganatlandyrýan merjen şäherimiz halkymyzyň ak bagtynyň beýany bolup durýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň at-owazasy bütin dünýä ýaň salyp, görenleri haýrana goýýar. Çünki Aşgabat — ajaýyplygyň, sagdynlygyň, bagtyň we arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri.

Bilşimiz ýaly, gözel paýtagtymyz özüniň ajaýyp, ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren şäher hökmünde giňden tanalýar. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat — myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Bagtyýarlyk döwrümizde bagt şäherimiz özüniň gözelligi bilen Ýer ýüzünde iň nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda bina edilýän beýik-beýik binalarda, ýaşaýyş toplumlarynda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, däp-dessurlary, türkmen halkymyzyň asudalygy, agzybirligi, geljekki nesillerimiziň arzuw-hyýallary jemlenen. Olarda türkmeniň milli aýratynlyklary, ýörelgeleri we ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň gudraty bilen kemala gelen paýtagtymyz halkymyzyň şatlyk-bagtyny, egsilmez guwançdyr buýsanjyny özünde jemleýär. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly gözel paýtagtymyzda hem döwrebap bilim almaga, işlemäge, döretmäge, medeniýetli dynç almaga deňsiz-taýsyz mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa ýurdumyzy we paýtagtymyzy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň çap bolup, halkymyza sowgat berilmegi hem buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Kitapda Aşgabat şäherimiziň döreýiş taryhy, ösüş ýoly we şu güni barada gyzykly gürrüňler berilýär. Hormatly Prezidentimiziň göwün guşuňy al-asmanda göterýän «Ak şäherim Aşgabat» goşgysynda:

Galkyp ganat gerdigim,

Sap söýgüden gurdugym,

Ýüregi sen ýurdumyň,

Ak şäherim Aşgabat

— diýip nygtaýyşy ýaly, mermer şäherimiz sap söýgüniň hem-de ak bagtyň mekan tutan mesgenidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly ak mermerli paýtagtymyz bu günki günde parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, syýahatçylygyň merkezine öwrülýär. Çünki ak şäherimiz Aşgabat BMG tarapyndan yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynananyşmak ýylynda» bütin Ýer ýüzüne nusga bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sungat eserleri bolan merjen paýtagtymyz bütin dünýäde abadançylygyň hem-de parahatçylygyň merkezine öwrülýär. Elbetde, bu işleriň sakasynda bolsa türkmeniň gerçek Ogly Milli Liderimiziň oýlanyşykly döwlet syýasaty durandyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyga hem-de ösüşe gönükdirilen döwlet syýasaty dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrylýar» diýip, buýsançly bellemegi hem Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde doly ykrar edilendiginiň beýanydyr.

Goý, ýurdumyzy we ak şäherimiz Aşgabady ösdürmekde, ony dünýä tanatmakda, il-ýurt bähbitli we bütin adamzat ähmiýetli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



Kerimberdi GURBANGELDIÝEW,

Ýagşymyrat Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Täzelikler, Yazgeldi21 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir