ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Federal adatdan daşary ýagdaý dolandyryş gullugyna ýurtda tupan we tokaý ýangynlary möwsümi üçin berilýän serişdeleri ýakyn wagtda 1 milliard dollara çenli artdyrýandyklaryny mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýän Federal adatdan daşary ýagdaý dolandyryş gullugynyň (FEMA) baş edarasynda geçirilen brifinge gatnaşdy. Baýden bu ýerde eden çykyşynda FEMA işgärlerine COVID-19 ýokanç keseline we gyş tupanlaryna garşy göreşmeklikde eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi we özüniň ähli mümkinçiliklerini Amerikan halkyna kömek etmeklik üçin ulanjakdygyny aýtdy.
Baýden: "ABŞ-da ýylyň iň yssy wagtyna gabat gelýän betbagtçylyklara taýyn bolmagyň we bu hadysalaryň öňüni almagyň wagty geldi. Günorta we gündogar ştatlarda tupan möwsümi we günbatarda tokaý ýangyn möwsümi başlaýar.
Bu betbagtçylyklara garşy göreşmeklik üçin FEMA-a iberilen serişdeleri 1 milliard dollara çenli artdyrarys." -diýip belledi.