Meniň kämahal özüm nahar pişirip iýmek keýpim bar. Pişiremde lezzet alýan (gap-gaçlary ýuwmany halamok), her hili fantaziýalar goşuşdurup pişirmäni halaýan, üýtgeşik zatlar taýynlamany gowy görýän. Youtube-dan köp wideo seredýän bu barada. Beýle diýsem her gün pişirýändir diýmäň, hepdede belki 1 gezek. Meniň üçin hobby diýseňem bolýar. Gepiň gysgasy men özümi öwmek üçin ýazamok bu blogy, men türkmen tagamlarynyň atlarynyň şu saýtda bolmagyny isleýän, gerek wagty sereder ýaly. Sebäbi atlary aklyňda bolmasa näme pişirjegiňe karar berýänçäň ýarym sagat geçýä. Her kim bilýän naharynyň, süýjülügüniň, başga her hili taýynlanyp iýilýän zadynyň adyny ýazaýsa men ýalylara gaty peýdaly çeşme bolardy. Diňe atlaryny ýazyň haýyş, pişirilişi gerek däl, onyň üçin başga blog ýazarys.
Türkmen tagamlarynyň atlary
-
dereksiz
14 years ago
bulam ishlekli,shuny iyip goren bamyka,mena iyip gormedim
-
Halachly
14 years ago
bulam ishlekli,shuny iyip goren bamyka,mena iyip gormedim
dereksiz | 2010-02-16 08:29:28
Bizde muňa "Gömme" diýilýaä. gaty tagamly bolýar.
shahyr 14 years ago- meniň özüm başlaýyn:
Palaw
Unaş
Gutap
Somsa
Bogursak (geçigulak, pişme)
Makaron çorba
Makaron palaw
Kotlet
Manty
ýumurta börek (daşoguzda meşhur)
Dograma
börek (manty ýaly ýöne çorbaly)
etli kortoşka gowurma
şorja (batyrma)
piraşki
kürdük
gaýyş
Suratlary bar bolsa olaram goýaýyň.