Kera «Durmuş Günäkär»

Şul aýdym söýgüsineden hem-de 1 aýagyndan aýrylan ýalňyz esgeriň biçäre durmuşyndan alynan

Seň adyňy ýatlamda bütin dünýäm elenýär.
Kim günäkär diýseler boldy durmuş günäkär
Aýdaýyn barym size özüňiz pikir eýläň 
Şeýle boldy aýralyk, boldy durmuş günäkär

18-de aldylar goramaga watany, 
Mert durup ýola saldyň,Läläm ýazan hatyňy
Bütin durkum garaşýar,diýip gezen ähtiňi
Diýen sözüňde durduň boldy durmuş günäkär

Iki ýyldan dolandym gorap eziz watanym
Uçup barýan seň ýanyňa saýlap, seçip tutanym
Baranymdan soňra bildim hassa ýatanyň
Barabilmedim ýanyňa boldy adat günäkär

Bir ýyl geçdi barmadym, senem ýanyma gelmediň
Sensiz dünýäm dar görünýär,Alla janym almasyn
Beterinden beteri bar birja gezek gülmedim
Indäm alýalar guşga boldy durmuş günäkär

Mundan gitdik guşga goramana serhedi
Diýdim Alla janym alma- Alma söwer ýarymy
Emma arzuwlaryň mydam hasyl bolarmy
Elden gitdi söwer ýar boldy durmuş günäkär

Şol gün söweşe girdik diýdiler bir ok atmaň
Diýdim Bundanam bir söweş bormy hide ýeke ok atman
Gyzyp gitdi çep aýagym,diýdim oglanlar gaçmaň
Özümden gidip ýykyldym,bilmedim kim günäkär

Özüme gelenimde kesipdirler aýagym
Meň elime beripdirler iki sany taýagam
Indi men kime derkar,kimler berer söýenim
Galdym ýeke aýakly boldy durmuş günäkär

Öýe geldim diýdiler,bolýä ölmän gelipsiň
Diýdim men öz içimden görmesedim kül ömrüm
Erteri eşdip ýykyldym,Läläm seniň öleniň
Galdym ýarsyz hem aýaksyz boldy durmuş günäkär 

Boldy indi gutarjak men gaýgyly kyssamy
Paýlaşsaň dos bilen paýlaş şeýle gaýgy gussany
Durmuşyň oýny kändir,bilmez ýalňyz ýekäni
Hiç Wagt Sizde Bolmasyn Zalym durmuş Günalii

Paýlaşýan:Hemra Taganovv

Täzelikler, Syke Dali tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir