Hezreti Omaryň halyfalyk edýän döwründe kiçijik bir çaga bardy... Bu täsinje çaga ybadat etmegi şeýle bir söýýärdi welin, her namazyny mesjitde jemagat bilen okaýardy. Şol sebäpli-de, musulmanlar oňa «hamametul-mesjid» ýagny «mesjit guşy» diýerdiler. Ol çaga öýünden köp mesjitde bolardy. Mesjide bir girensoň, agşama çenli çykmazdy.
Muňa geň galan beýik halyfa hezreti Omar bir gezek oňa şeýle diýip ýüzlendi:
– Eý, mähirlije çaga! Özüňe haýpyň gelsin. Sen heniz kiçi ahyryn, ine, ulalarsyň, şonda köp ybadat edersiň!
Oglanjyk ýylgyrdy-da, müminleriň emirine şeýle jogap berdi:
– Edil düýnjük mendenem kiçi biri ýogaldy. Men ulalyp, ybadat etme ýaşyna ýetip bilermikäm, bilmedim-dä?! Belki-de, ajal şu ýaşda meniň gapymy kakar. Ajal penjesi ýakama ýapyşmazdan, Rabbyma gulluk etsem, gowy dälmi näme?
Çagadan garaşylmaýan bu sözlerhezreti Omaryň aglamagy üçin ýeterlik boldy. Bu dogumlyja oglanjygyň garryja kakasy bardy. Oglanjyk ýassy namazyny okardy-da, kakasynyň ýanyna gaýdardy.
Hälki ekabyrja oglanjyk indi ýetginjeklik çagyna ýetipdi. Ahlagy-da, keşbi kimin arassady, gözeldi. Ýöne mesjide gatnaýan ýolunyň ugrunda bir zenanyň öýi bardy. Ýol şol öýüň üstünden geçýärdi. Ol zenan çynar boýly ýigidi göreninde erkini elden aldyrýardy. Şeýtanam oňa kömek edýärdi. Ol bu ýigidi azdyrmak üçin elinde baryny edýärdi. Ýola çykyp, özüni ol ýigide hödürleýärdi, müň dürli hile bilen halys ýigidiň ýüregine düşüpdi.
Ýene-de garaňky düşüp, gije bolupdy. Ýaş ýigit ýassy namazyny okap, kakasynyň ýanyna gaýdyp barýardy.Özi üçin gurulan duzakdan bihardy. Öwrümli ýollardan soň, şol zenanyň öýüniň deňine ýetipdi.
Allajanlarym, bu nämäniň alamatyka?
Ol zenan köçäniň ortarasynda gollaryny iki ýana açyp, garaşyp durdy. Ýigit doňňaradaşa öwrülipdi, ýekeje ädim öňe-de, yza-daädip bilmedi. Ol aýal:
– Gel, gel-de, göwün solpudan çyk! – diýýärdi.
Birden ýigidiň beýnisi hem doňdy duruberdi. Indi ol pikirlenmegem ýatdan çykarypdy. Ol, hamana, güýçli siliň zarbyna uçran ýaprajyk ýalydy.
Aýal öýüniň gapysyny açansoň, içeri girdiler. Kalby imandan we haýadan doly ýigit öňe tarap ädimini ätjek bolanynda, beýnisiniň doňy çözüldi. Birden, öz-özünden näme edýändigini sorady. Rabby-Kerimini ýatlady. Şunça eden ybadatyny göz öňüne getirdi. Beýik Rabbyna näçe wagt bäri wepalylyk bilen gulluk edipdi. Indem alaga-da, Onuň islemeýän işini etmek akyla sygjak zatmy näme? Onuň dadyna Kurany-Kerimden bir aýat ýetişdi:
– Allaha garşy çykmakdan gaça duranlara şeýtandan bir hyýal ulaşanda, derrew pikirlenip, özlerini ele alarlar, hakykata doly göz ýetirerler. («Araf», 7/201)
Ýokardaky aýatda Allaha garşy çykmakdan saklananlaryň özlerini doly derejede howpsuz duýmajakdyklary we şeýtanyň olara öz täsirini ýetirmäge dyrjaşjakdygy aýdylýar. Aýatda aýdylyşyna görä, şeýtanyň alyna gidip, «gözler sähel ümezlense-de», haýal etmän,özüni rastlap, Allaha sygynmalydyr. Diňe şeýle edilen halatynda, hakykata doly göz getirip, uçurymdan halas bolup biler.
Bu aýady ýatlanynda onuň essi aýylyp, ýere ýykyldy. Başa towky bolup inen loly heleý özüniň maksadyna ýetip bilmedi, bolan zada geň galdy. Ol keniziniň kömegi bilenýigidi süýräp, garry kakasynyň gapysyna taşlap gitdi.
Goja gözlerini owkalaşdyryp, gapysyny açdy. Çynar boýly oglunyň ýerde süýnüp ýatyşyny görüp:
– Dat-bidat! Ýetişeweriň-le haw..! Oglumy kim beýtdikä?! – diýip gygyrdy.
Goňşylaryň ýardam bermegi bilen, ýigit öýe salyndy. Az salymdan sarsman ýatan bedende käbir hereketler göründi. Garry kakasy bilesigelijilik bilen:
– Eý, nury didäm, saňa näme boldy beýle? – diýip sorady. Ýigidiň dodaklary çalaja açyldy:
– Howsala düşere zat ýok, kaka, men oňat!
– Allahyň haky üçin jogap ber, onda nädip bu ýagdaýa düşdüň?
– Allahyň ýardamy bilen uly bir beladan aman sypdym.
– O nämäň belasy?
Ýaş ýigit bir demde bolan wakany gürrüň berdi. Garry atanyň gözleri ýaşa dolup:
– Eý, ýeke dikrarym! Haýsy aýaty okapdyň? – diýdi.
Ýaş ýigit nazaryny ýokary dikip, şol aýaty gaýtadan okady. Şeýdibem, amanadynam tabşyrdy...
Ol birden gursagyna zäherli hanjar sünjülen ýaly ýere ýykyldy-da, gymyldaman ýatdy. Baryp görseler, ýigidiň tämiz ruhy bedenini terk edip, o dünýä uçup gidipdir.
Ýigidiň kakasy ýüreginde güwläp ýanýan hasrat oduna sabyr suwuny sepýärdi. Ol:
– Biz Allahdan geldik, ýene-de Oňa gaýdyp bararys – diýýärdi... Mübärek ýigidi gijäniň birwagty ýuwdular-da, äkidip jaýladylar.
Bu bolan waka ertesi ir bilen hezreti Omara baryp ýetdi. Pygamber halyfasy gözünden boýur-boýur ýaş akdyryp, ýigidiň kakasynyň ýanyna bardy. Aýat okap, ruhuna degsin edeninden soň:
– Näme üçin meni habardar etmediň? – diýip sorady. Goja:
– Eý, Müminleriň Emiri! Wagt bir çene barypdy, şol sebäpli habar etmedim – diýdi.
Hezreti Ömer (radyýallahu anh):
– Maňa onuň guburyny görkeziň! – diýip buýurdy. Bilelikde mazarystanlyga bardylar. Zulum gapysyny ebedi ýapan beýik halyfa mazarda ýatan ýigide seslenip:
– Eý, mesjidimiziň ýeke-täk guşy! – diýdi-de, «Rabbynyň huzuryna çykmakdan endişe eden mümine iki Jennet bar» («Rahman», 55/46) aýadyny okady. Aýady tamamlanyndan, her kimi geň galdyran eden bir ses eşidildi. Mazardan gulaga ýakymly owaz ýaňlanýardy:
– Ýa, Omar! Rabbym maňa Jennetde olary iki gezek berdi.
Bu waka şaýat bolanlar göz ýaş edip aglaşdylar. Hamala aýatlar täzeden inip, Jenaby-Hakkyň wada beren Jennetiniň hoşboý ysy alyslardan gelýän ýaly bolanyny şol ýere gelenleriň hemmesi-de duýupdy.
Hawa, Beýik Kuranda Allahyň isleýşi ýaly ýaşaýanlara göwün islegine görä ölüm beriljekdigi aýdylýar. Beýle bolsa, Kuranyň bize nämeler aýdýandygyna gulak goýalyň! Şeýtanyň işidigi göz-görtele görnüp her bir zady heniz başlangyçda taşlalyň! Bize şeýle duýgurlygy bagyşlamagy üçinem Rabbymyza ýalbaralyň! Rabbymyzyň huzuryna nähili çykjakdygymyz baradaky aladany ölmänkäk edeliň! Yslamyň talabyna laýyk ýaşaýanlardan ybrat alalyň!