Türkmenistanyň hökümeti ýurduň sosial-ykdysady ýagdaýyna syn edip, soňky 10 aýyň jemlerine baha berdi. 6-njy noýbarda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň gurluşyk pudagynyň ýagdaýyna-da garaldy. Hökümet maslahatynda ýurtda makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşiniň göze ilýänligi bellenildi. Wise-premýer T.Japarowyň sözlerine görä, 2009-njy ýylyň 9 aýynyň jemlerine laýyklykda, umumy içerki önümçiligiň ýokary derejesi üpjün edildi we ol 106%-den ybarat boldy. Ösüş görkezen pudaklaryň arasynda oba hojalygy, gurluşyk, transport, aragatnaşyk, söwda we hyzmatlar pudagy agzaldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende elektro-energiýa, mineral dökünler, käbir gurluşyk materiallary, dokma, derman, oba hojalygy önümçiliginde-de, şeýle-de bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary bilen bile alnyp barylýan nebit-gaz önümçiliginde hem ösüşiň bolanlygy habar berildi. TDH gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanda maýa goýumlarynyň özleşdirilmeginiň mukdary hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýarym prosentden gowrak artypdyr. Daşary söwda dolanyşygy hem ösýär. Ilatyň durmuş derejesi göterilýär. Ýylyň 9 aýynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça ortaça aýlyklar geçen ýylkysyndan 10,8% ösüpdir. Bu barada TDH-niň maglumatynda aýdyldy. Türkmenistan geljek ýyldan başlap, has ýokary ykdysady depginlere garaşýar. Bu barada ýurduň döwlet we hökümet baştutany G. Berdimuhamedow 6-njy noýbarda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy we ol öz sözlerini “öňünden döreýän obýektiw şertler hem muny tassyklaýan garaşsyz halkara guramalarynyň bahalary” bilen delillendirdi. TDH-niň maglumatyna görä, 6-njy noýbardaky hökümet maslahatynda ýurduň 2010-njy ýyl boýunça döwlet bujetini taýýarlamak işini tizleşdirmek tabşyrygy berlip, bujetiň sosial tarapynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Has güýçli ykdysady ösüşe garaşylýar
-
dereksiz
15 years ago
- blyaaa ,barynyz boshow,ne oz yurdunuz ne de bir zat gzyklandyrya sizi,yene talyp diyjek lay size,talyp bolarmow
-
NUR
15 years ago
- MALODES DEREKSIZ MEN HEM SHU ZATLAR BILEMOKDYM SENDEN BIRZAT HAYISHT ETJEK KOMEK EDAYDA?MANA HAZIRKI ZAMAN KOMPYUTERLERIN OSUSH TAPGYRLARY BARADA GEREKLAY?!
-
dereksiz
15 years ago
- nesip bolsa nur,o barada da yazaryn
-
Antalya
15 years ago
- dereksiz sen yaman boshlay tapyan gurrunlerinem ozun yaly. hakykaty aytyanyma gaty gorme.

Kukla
15 years ago
- kellesi sen nikini görende,gaytaryan göni!
-
Kukla
15 years ago
- ööööööööö kirli
dereksiz 15 years ago- gijiragem bolsa men habarlara goz gezdirip yordum,we siz bn ykdysadyetimizi habarlaryny yetireyin diydim,siz hey shu zatlar bn gyzyklanyanyzmay