Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym Türkmenistan”diýen dana şygary baýdak edinen halkymyz uly üstünliklere eýe boldy.
Bagtyýar halkymyz Watany ezizläp söýýar, mukaddes Garaşsyzlygymyza çäksiz guwanýar. Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen halkymyzyň her bir güni,”Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem toý şatlygyna beslendi.
Garaşsyz Diýarymyzda milli medeniýet ulgamy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze obalaryň, şäherleriň, şäherçeleriň döredilmegi bilen olarda täze medeni maksatly binalar gurlup ulanylmaga berildi. Medeniýet öýleri, kitaphanalar, muzeýler özleriniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda medeniýetimiziň esasy ugurlary bolan kitaphana işini gaýtadan dikeltmek we döwrüň öňde goýan talaplaryna laýyklykda döwrebap ýola goýmak işi üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz: ”Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär” diýip belleýär. Umumadamzat baýlygynyň jemlenen ýeri diýlende öňi bilen kitaphanalar göz öňünde jemlenýär. Ýurt Baştutanymyzyň egsilmez aladasy bilen kitap we kitaphana işine aýratyn üns berilýär. Kitaphana ulgamynyň göwrüminiň giňelmegi we kämilleşmegi dünýäniň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ähli şertleriň döredilmegi – kitaphanaçylary diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň 2013 – nji ýylda “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bütewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky” Karary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýagaraýşynyň ösmegine uly itergi berýär. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmaty okyjy üçin diýsen uly ähmiýete eýe bolup durýar. Diňe okyjy üçin hem däl eýsem bu bu ulgamyň döredilmegi kitaphanaçylaryň işini hem ýeňilleşdirýär. Kitaphana gelýän okyjylaryň nobata durup wagtyny ýitirmezligi okyjylara medeniýetli hyzmat edilmegi babatda-da ähmiýeti örän uludyr. Kitaphanada seýrek duş gelýän edebiýatlary okyjylaryň eline bermezden, elektron kitaphanasynyň üsti bilen ýüzlerçe okyjy peýdalanyp biler ýaly mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem okyjynyň beýleki isleg bildirýän ylmy kitaplary hem edil şonuň ýaly ýagdaýda birnäçe okyja bir wagtyň özünde hyzmat edip bilýär. Mundan başga-da ulanyjylar tarapyndan ulanylýan kitaplaryň sahypalary wagtyň geçmegi bilen saralyp, olar daşky durkuny ýitirip zaýalanmak bilen bolýar. Şu tarapdan hem elektron kitaphanalaryň üsti bilen kitaplary öňki durkunda saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek, şonuň ýaly-da, kagyz tygşytlylygyny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Elektron kitaphananyň ýene bir ähmiýetli tarapy, okyjylar gündelik sarp edýän gazet-žurnallaryndaky, ylmy makalalary, hekaýalary, goşgulary we beýleki isleg bildirýän makalalary gyzgyny bilen okap bilerler.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerini halk köpçüligine ýetirmek, olaryň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen okyjylar köpçüligi şol sanda mekdep okuwçylary bilen ýygy-ýygydan duşuşyklar geçirilýär, söhbetdeşlikler guralýar.