Ençe günler, meni pikir oýnady,
Pikir etdim, dünýe joşup gaýnady,
Gaýnady wah, gahar bilen gaýnady
Emma ony, menden başga duýmady.

Pikir etdim, ýetim ogullar hakda.
Pikir etdim, barly ogullar hakda.
Ýetim bilen barlylaryň arasy
Hersi birýan, baglanşyk ýok, bu çakda.

Ýetim bende, käbesini küýseýär,
Janyn beren kyblasyny küýseýär,
Küýseýär, küýseýär, naçar aglaýar
Göz ýaşsyz bir günem, daňy atmaýar.

Ýatlaýar geçmişiň süýji günlerin,
Maşgalaň agzybir, barly günlerin,
Emma ýene töweregne göz aýlap,
Gynanýar, gyýylýar, ahmyryn çekýär,
Indi o günleriň, çetligin ýatlap.

Indi barly ogul, nämeler edýär?
Barly ogul wepa berýärmi enä?
Wepa bermek nirden çykdy diýsene,
Wepa diýip agzamagam bir günä.

Barly ogul sylamady barlaryn.
Ýüzün ýere saldy, wepadarlaryn.
Ene-ata görmekçidi üstünlik,
Üstünlik nirede, ogul nirede?
Onuň gözi keýipde hem pişede.
Pikir etmän enäni hem atany,
Şu günlere ýetiren, beýik wepany.
Olary terk etdi, etdi hatany,
Indi bolsa aýlanyp ýör köçäni.

Ahyr iki garry dünýeden ötdi,
Şeýdip bu ogluňam barlary gitdi.
Ogul bolsa perşan hallara düşdi,
Çünki bu hallaryň bary bir giçdi.

Diri wagty güldürip bermedik wepaň,
Ölensoň gan aglap berip bilermiň?
Ine ynsanlaryň tapawudy şeýle,
Birisi aglaýar, birisi gülýär.
Aglatsyn - güldirsin, Huda müň şükür,
Halalja işleseň miwesin berýär.
08.04.2021.ý.

Çerkez BAÝLYÝEW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir