Hünärmeniň maslahaty
Başlangyç synp okuwçylaryna özbaşdak kitap okamagy öwretmek babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuşyny, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan adalatly syýasatyny, Döwlet nyşanlarymyzy, taryhy şahslarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, türkmen tebigatyny beýan edýän, dili sada, okuwçylara düşnükli bolan çeper eserleriň hödürlenilmegi we olaryň ýaş-psihologik aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy özüniň oňyn netijesini berýär.
Kitaplar hemmeler üçin ruhy baýlyk hasaplanylýar. Okuwçylaryň özbaşdak okamaga bolan höwesini artdyrmakda, olaryň alan bilimlerini kämilleşdirmek babatda kitap esasy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de başlangyç synp okuwçylarynyň labyzly okaýyş başarnyklaryny kemala getirmekde, öwrenilýän teksti böleklere bölmegi we olara degişli at goýmagy, oňa meýilnama düzmegi öwretmekde hem okuw kitaby bilimiň, terbiýäniň gözbaşy bolup hyzmat edýär.
Kitaby söýýän, ony uly höwes bilen okaýan, oňa belent sarpa goýmagy başarýan nesli terbiýelemek işi biziň esasy maksadymyzdyr, ýörelgämizdir. Okuwçylaryň özbaşdak kitap okamaga bolan höwesini kämilleşdirmek maksady bilen mugallymyň sapagyň dowamynda olara çalt we dogry okamagy öwretmegi, okuwçylary toparlara böl megi es as ynda bäsleşik geçirmegi we netijeli iş usullaryndan, dersara baglanyşygyndan yzygiderli peýdalanmagy zerur hasaplanylýar.
Okuwçylaryň synpdan daşary özbaşdak okan çeper eserleriniň mugallym tarapyndan yzygiderli jemlenilip, hasaba alynmagy zerur hasaplanylýar. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän kitaplar mugallymyň ýolbaşçylygynda saýlanylyp, okuwçylara özbaşdak okar ýaly ýumuşlaryň tabşyrylmagy möhümdir. Başlangyç synp mugallymynyň okuwçylara özbaşdak okan çeper eserleriniň many-mazmunyny bölekleýin we tutuşlygyna yzygiderli gürrüň bermegi has-da täsirli bolýar.
Şoňa görä-de okuwçylaryň özbaşdak kitap okamaga bolan islegini, höwesini artdyrmakda, mugallymyň ene dili dersinde hem-de sapakdan daşary okuwy guraýan döwründe, öwrenilýän tema degişli kitaplary kitaphanadan alyp bilmegi we olaryň özbaşdak kitap okamagyny ýola goýmagy, mekdep kitaphanasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy, özbaşdak okan kitaplary boýunça elipbiý tertibinde ýazgy ýöretmegi öwretmeginiň ähmiýeti örän uludyr.
Mugallymyň okuwçylara kitaphanadan özüne gerekli bolan kitaby özbaşdak saýlap alyp bilmegini öwretmegi bolsa onuň öz edep-terbiýe berýän okuwçylarynyň nähili kitaplary okamaga bolan gyzyklanmalarynyň bardygyny öwrenmäge we olaryň özbaşdak okan kitabynyň many-mazmunyny gürrüň berip bilmek başarnyklaryny anyklamaga hem uly ýardam berer.
Şonuň ýaly-da mugallym okuw sapagynyň iş meýilnamasyny ýazýan wagtynda, okuwçylaryň kitap okamaga bolan islegini hem-de höwesini has-da artdyrmagy, kitabyň bilim we terbiýe bermekdäki ähmiýetini, ony ýyrtman-çyzman arassa saklamagy, durmuşda öz ornuňy tapmak babatda giňişl eýi n düş ünj e ber megi okuwçylaryň sazlaşykly sözleýşini, öz şahsy pikirini erkin beýan edip bilmek başarnyklaryny has-da kämilleşdirýär. Okuw sapaklarynda mugallymyň netij eli iş us ull ar yndan, oýunl ar dan, t ema degişli bolan elektron gollanmalardan, slaýdlar t opl umyndan, s oragnamal ar dan ýerli kli we netij eli peýdalanyp bilmegi möhümdir.
Kitap deňsiz-taýsyz gymmatly hazyna bolmak bilen, ol başlangyç synp okuwçylarynyň aňyny ösdürmekde, olaryň özbaşdak pikirlenişini, labyzly okaýşyny, sazlaşykly sözleýşini, öz şahsy pikirini erkin beýan edip bilmek ýaly başarnykdyr endiklerini kemala getirmekde, durmuşda bolup geçýän wakalara dogry we doly göz ýetirmegi öwretmekde, okan, öwrenen zatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda hem oňaýly serişde bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz ata Watanymyzyň bagtly gelj egi ni Tür kmenist anyň ös üp gel ýän ýaş nesli bilen baglanyşdyrýarys” diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz okuwçylara berilýän bilim we terbiýäniň hiliniň dünýä derejesinde bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu babatda bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Her bir ýurduň medeniýetde, syýasatda, ykdysadyýetde ýeten derejesinde bilim ulgamy uly ähmiýete eýedir. Milletiň ös üş derej esi, onuň aňynyň, kal bynyň gadymylygynyň hem müdimiliginiň miwesi bolan ene diliniň baýlygy, onuň ösüşi we arassalygy bilen ölçelýär. Türkmen dili biziň milli guwanjymyzdyr, ol örän gadymy we baý dildir.
Milli bilim ulgamyndaky özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem halkara tejribesini çuňňur özleşdirmek, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny, özara işjeňlik usulyny, öňdebaryjy multimedia we kompýuter tehnologiýasyny öwrenmek, ony orta mekdeplerde ornaşdyrmak işi başlangyç synp mugallymlarynyň baş maksady bolup durýar. Şu jähetden mugallymyň okuw sapaklarynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapagyň belli bir böleginde täze temany düşündirmekde, sapagy berkitmekde, geçilenleri gaýtalamakda, öýe tabşyrylan ýumşy barlamakda multimedia tehnologiýasyndan, tagtasyndan döredijilikli peýdalanyp işlemek döwrüň talabydyr.
Başlangyç synp mugallymynyň esasy wezipesi okuwçynyň şahsy aýratynlygyny açmakdan, olaryň öz pikirini erkin beýan edip bilmek başarnygyny kemala getirmekden, milli mirasymyz we taryhy şahslarymyz baradaky düşünjelerini giňeltmekden, özbaşdak kitap okamaga bolan islegini artdyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitaby hem her bir ynsanyň öňünde giň dünýäni açýar. Bu kitap adamyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Başlangyç synp okuwçylaryna okuw sapaklarynda berilýän bilimdir terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda “Paýhas çeşmesi” kitabyndan mugallymyň döredijilikli peýdalanyp, döwrebap işlemegi nesil terbiýesinde olara milli mirasymyza sarpa goýmagy öwretmekde esasy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Okuwçylara pederlerimizden bize miras galan nakyllar babatda ilkinji düşünje bermekde “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir” diýen ýaly parasatly sözleriň aňladýan manysynyň sapagyň dowamynda mugallym tarapyndan sada dilde düşündirilmegi, kitabyň bilim we terbiýeçilik ähmi ýeti barada dogry we doly düşünje berilmegi, sorag-jogap alşylmagy çagalar üçin has-da täsirli bolýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzda, şol sanda kiçi we uly ýaşly çagalarda kitap okamaga, onuň many-mazmunyna dogry düşünmäge bolan isleg we höwes has-da artýar. Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetiripdirler. Pederlerimizden bize miras galan öwüt-nesihatlar, nakyllar, atalar sözi, ertekiler, rowaýatlar ýerleşdirilen kitaplar munuň anyk subutnamasy bolup durýar. Bu adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak uly hazynadyr. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurlygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen ylym-bilimden ýüki ýetik danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Gündogaryň görnükli şahyry Abdyrahman Jamy:
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy,
Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,
Aklyňy goýaldar pikirleň şasy —
diýen bolsa, türkmeniň akyldar şahyry, paýhas äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy kitap okamak babatda:
Kitap okan gullar magnydan dokdur —
diýýär.
Mugallymyň parasatly sözlerden ugur almagy netijesinde, okuw sapaklarynda we sapakdan daşary geçirilýän okuwlarda başlangyç synp okuwçylaryna kitaplary köp okamagy maslahat bermegi, akylly-paýhasly bolmagy, öz bilimiňi artdyrmagy, öz pikiriňi erkin beýan edip bilmegi öwretmegi möhümdir.
Döndi AŞYROWA, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri.