Kosmosda ilkinji gül açyldy

Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de il­kin­ji ge­zek gül açyl­dy.  Bu ba­ra­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­niň eki­pa­žy­nyň ag­za­sy, NA­SA-nyň ast­ro­naw­ty Skott Kel­li “Twit­ter”-de ha­bar ber­di. - Ha­wa, kos­mos­da dur­mu­şyň baş­ga gör­nüş­le­ri hem bar – di­ýip, ol aýd­ýar. NA­SA-da ha­bar ber­mek­le­ri­ne gö­rä, “Ast­ry-sin­ni” at­ly gül­ler ge­çen ýyl Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­niň “Veg­gie” at­ly kon­teý­ne­rin­de ast­ro­nawt Çel­li Lindg­ren ta­ra­pyn­dan eki­lip­di.Äh­li ta­gal­la­la­ra ga­ra­maz­dan, iki gü­li ha­las et­mek ba­şart­ma­dy we olar gaý­ta­dan öw­ren­mek üçin Ze­mi­ne ug­ra­dyl­dy. Beý­le­ki iki­si ösü­şi­ni do­wam et­dir­di­ we gun­ça­lap gül aç­dy­lar. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­niň bor­tun­da gök önüm­le­ri we ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça sy­nag­lar eý­ýäm, bir ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri do­wam edip gel­ýär. Ol ýer­de 2014-nji ýyl­da ke­le­miň il­kin­ji şi­ne­le­ri üs­tün­lik­li ýe­tiş­di­ril­di. Kos­mos­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ke­le­miň adam be­de­ni üçin howp­suz­ly­gy tas­syk­la­nan­dan soň­ra, NA­SA 2015-nji ýy­lyň 10-njy aw­gus­tyn­da ýe­ne-de bir sy­nag ge­çi­rip, onuň çäk­le­rin­de HKB-niň ag­za­la­ry kos­mos ha­sy­lyn­dan da­dyp gör­dü­ler.


Çeşme:Syrly Wakalar Apk
Paýlaşan:Hemra Taganow

Täzelikler, Syke Dali tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir