Aziýanyň merjen şäheri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyz Aşgabat milli hem-de häzirki zaman binagärlik keşbi, owadan, hoştap ysly ter gülleri, şabram şelpeli baglary bilen has meşhurdyr. Aşgabady synlamaga, gözel künjeklerine seýran etmäge ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ildeşlerimiziň, jahankeşdeleriň bu ýerde döredilen gözellik dünýäsine bolan teşneligini duýanyňda, ak şäherimize bolan buýsanjyň has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli tagallalary bilen ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän, dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Aşgabat sanlyja ýyllaryň dowamynda düýpgöter täze keşbe eýe bolmak bilen, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň röwşen ýoluny üstünlikli dabaralandyrýar. Adam we onuň abadançylygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýýan hormatly Prezidentimiz: «Türkmen paýtagty belent derejeleriň nazara alynmagy bilen, äh-li babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir» diýip, aýratyn belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli tagallalary netijesinde gysga wagtyň içinde paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi we ösdi. Toý-baýramlary sowgatly garşylamak halkymyzyň asylly däpleriniň birine öwrülmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ruhubelentlik bilen mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uly zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrundaky alnyp barylýan işleri göreniňde, kalbyň joşa gelýär. Şu günler hepdäniň her şenbe we ýekşenbe günleri paýtagtymyzda arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag we gülleri ekmek, baglary timarlamak işleri özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Edara-kärhanalaryň, okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, çagalar baglarynyň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary her hepdede geçirilýän köpçülikleýin işlere has-da yhlasly gatnaşyp, bu il-ýurt ähmiýetli işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.Paýtagtymyzda täze gurulýan ýaşaýyş toplumlary, ajaýyp binalar, medeni köşkler, baharyň gelmegi bilen salkyn saýaly baglara, älemgoşar reňkli güllere bürenýän seýilgähler, köpsanly suw çüwdürimleri — bularyň ählisi bitewülikde sungat derejesine ýetirilen binagärligiň, gözelligiň özboluşly nusgasyny kemala getirýär. Olaryň ählisi hem gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, döwrebap şertleribilen has-da tapawutlanýar. Ýaşyna garamazdan her bir türkmenistanlynyň abadançylygy, medeniýetli dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän, ak şäherimizi gözellik täjine öwrüp, buýsanjymyzy goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri berkarar Diýarymyzyň täze taryhynda altyn sahypalary döredýär. Paýtagtymyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri hem paýtagtymyzda alnyp baryl-ýan abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerine saldamly goşant goşdular. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň etraplardaky medeniýet öýleriniň işgärleri zähmet çekýän edaralarynyň töwerek-daşyndaky bagy-bossanlyklarda düýpli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini alyp bardylar. Ösüp oturan baglary owadan görnüşe getirdiler. Türk-menistanyň Metbugat merkeziniň işgärleri Garaşsyzlyk şaýolunyň gapdalyndaky «10 ýyl abadançylyk seýilgähinde» düýpli abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini alyp bardylar.