Ýurdumyzyň birnäçe bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri hem bar.
Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda gol çekilen Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýatlap geçmek gerek.
Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen ýaponiýaly hünärmenleriň okadýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklar üstünlikli berkidilýän netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça 2016-njy ýyldan bäri orta mekdepleriň 12-sinde hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde ýapon dilini öwrenýärler.
Milli Liderimiziň 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen “Innopolis uniwersiteti” awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek we özleşdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär, munuň özi adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň hem-de pikir alyşmagyň möhüm serişdesi bolup durýar. Şonuň üçin bilim bermegiň ähli basgançaklarynda mekdebe çenli edaralardan başlap, netijeli çäreler görülýär. Olar daşary ýurt dilleriniň öwredilmegini, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” atly taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli okuwlar, hyzmatdaşlar we halkara bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we aň-bilim çäreleri guraldy. Olar dünýä tejribesini peýdalanmaga we okuw işine innowasiýalary ornaşdyrmaga bagyşlandy.
“Pearson” halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri umumybilim berýän mekdepleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin “Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti” diýen mowzuk boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyryny geçirdiler. Bu kompaniýa degişli ugurda häzirki ölçeglere laýyklykda, iňlis dilini öwretmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir.
Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” bar. Bu Maksatnama döwrüň talabyna laýyklykda, ugurdaş edaralary has-da ösdürmäge, bilimiň hilini gowulandyrmaga, çagalary irki döwürden başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly terbiýelemäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ähli pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmek we döwlet tarapyndan dolandyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sanly gurşawdan erkin baş alyp çykýan, IT ulgamda başarjaň hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeleri goýýar. Gürrüň täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işleri aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümçiligiň nusgasyny we işiň mazmunyny düýpgöter üýtgedip, olara innowasion häsiýeti çaýyp bilýän işgärler hakynda barýar.
Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şeýlelikde, «Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy önümçilige işjeň ornaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleri alymlaryň geçirýän barlaglarynyň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag institutlarynda hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmäge innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň yzygiderli işleri geçirýändigini bellemek gerek. Degişli ugurda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlykda taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.
Türkmen biliminiň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünär ussatlaryny taýýarlamak üçin täze ugurlary-zähmet bazarynda häzirki zaman hünärmeniniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de halkara ölçegleriň derejesinde öz hünärine erkin erk etmek ýaly ugurlary kesgitledi.
Bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmäge uly möçberde maýalaryň gönükdirilmegi, şol ulgamlaryň düzüm desgalarynyň gurulmagy ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär. Döwletiň intellektual serişdeleriniň kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berýän dürli web-saýtlar we ylmy portallar döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim we ylym ulgamyndaky başlangyçlary, ozaly bilen, berkarar Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki we ertirki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik bilen şertlendirilendir. Şol nesiller ylmy-tehniki ösüşiň, adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe ýaşamalydyr we işlemelidir. Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bolsa şol ösüşleriň kerwenbaşysydyr.