Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýylda giňden bellenilmegi, meşhur ahalteke bedewiniň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, onuň keşbiniň sungatda ebedileşdirilmegi bu ugurda gadymy ýörelgeleriň dowamatlygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegi hem-de tohumçylyk-seçgi işi boýunça halkara gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Seýlelik-de, dünýäde ahalteke tohum atlaryna bolan gyzyklanma ýylba-ýyldan artýar. 2010-njy ýylda ýurdumyzda Halkara atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy. Assosiasiýanyň esaslandyrylan döwründen bäri ýurdumyzda we beýleki döwletlerde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barmak bilen, atlaryň iň arassa ganly tohumynyň saklanylmagyna aýratyn üns berilýär. Örän duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge ata-bablarymyz aýratyn üns beripdirler. Ata-babalarymyzdan miras galan seýisçilik sungaty hem Berkakar döwletimizde mynasyp dowam etdirilýär.
Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurlan Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylyň 6-njy martynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ahalteke bedewi türkmen tebigaty we ynsan zehini bilen döredilen gudratdyr. Diýarymyz at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty boýunça milli we halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Türkmenistanda at çapyşyklary, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň konkur, marafon ýaly görnüşlerini halkara derejede ösdürmek boýunça ähli şertler döredilýär. Öz ykbalyny atşynaslyga bagyşlan adamlara uly sarpa goýulýar. Tejribeli seýislere, oňat netijeleri görkezýän çapyksuwarlara hormatly atlar dakylýar we döwlet sylaglary berilýär. Döwletimiz türkmen we daşary ýurt atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Uly zähmet, yhlas hem-de zehin bilen ýetişdirilýän bedewlerimiz bu günki gün dünýä ýüzünde meşhurdyr.