Musa Pygamber we Ezraýyl perişde.
Musa pygamber, uly işler bitireninden soň esli-ýyllar aşypdy. Ýyllar Musanyň saçlaryny-sakallaryny gowy agardyp, gowy garradan. Şondada her-bir işde adamlara peýdaly bolmak üçin jan-çekip, Musa agyr-agyr işleri hem edibererdi. Şeýle günleriň birinde Musa pygamber öz-öýleriniň üçeginde gurt(süzmeden=çekizeden ýasalýan togalak-togalak önüm) gurutmak üçin çykypdyr. Muny gören ähli adamlar Musa garap:
- Hormatly Musa Pygamber. Sen inni garradyň, haçan ajalyň ýetjegi bellidäl. Beýdip beýige-çykyp, howply işleri edipýörme! - diýip köp-köp ündäpdirler. Musa pygamber bolsa:
- Ajal haçan gelse taýyn, Allahyň etjegine ýok diýip bilmers. - diýip jogap berer eken. Şeýle günleriň birinde Musanyň sanalgysy-dolup ýanyna Ezraýyl perişde gelen. Pygamber adama belki Ezraýyl görüner. Gelip Ezraýyl:
- Essalowmaleýkim Musa, sanalgyň doldy. Inni sen meň bilen gitmeli. Janyňy men almaly! - diýip aýdanda Musa pygamber Ezraýyl perişdä garap:
- Waleýkimessalam. Hormatly perişde Ezraýyl! Jan, bu Allahyň maňa peşgeş beren iň gymmatly zady dälmi eýsem!?
+ Howwa. Ol şeýle...
- Şeýle bolsa jany bereninde maňa "Jany gora" diýip buýruk etdimi?
+ Buýrdy, dogry.
- Buýran bolsa Ezraýyl-aga, Allahyň maňa beren gymmatly peşgeşini we "Gora" diýen buýrugyny bozup, men saňa jan berip bilmerin. Jan ýok aga. Gidip bilersiň! - diýip aýdypdyr. Ezraýyl perişde bu meselä düşünmän Allahyň dergähine barypdyr we Allahdan:
- Musa şeýle jogap etdi, men alaçsyz galdym. - diýeninde Allah:
- Musa dogry aýdypdyr, ondan inni jan almaga hakyň ýok. Seniň özüňden, soraman almalydyň. Onda bar ýanyna, men delil bererin. - diýip buýrupdur. Ezraýyl perişde ýene Musanyň ýanyna golaýlanynda, Musa ýene basgançak(Merdiwan, Lesnissa) bilen ýokary-üçege çykyp barýar eken. Şol mahal basgançagyň aýagynyň aşagyndaky daş sypyp aýrylýar we merdiwanyň ýokarysyndaky Musa pygamber güwläp ýere ýykylypdyr. Bu ýagdaýdan peýdalanan Ezraýyl derrew Musanyň janyny alypdyr we işini bitiripdir.
Netije: Allahyň bize beren gymmatlyklarynyň biri bolan jany goramaga biz borçlydyrs. Dogry Allah islendik wagt bizi öz ýanyna çagyryp biler. Emma "Haçan gitjegim bellidäl, barybir gidýän" diýip jany goraman gezmek nädogrydyr. Ahyrynda Allah jany bereninde "Gora" diýip buýruk berdi ahyry.
Awtory: Halk Arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.