Mynasypmy? Barladyk! 4
-Düş öňüme! Etegiňe-nälet!-diýip gyzy alyp gitdi. Gyz bilen kakasy gideninden soň, 15-20 minut doňňara-daş bolup duran Umyt gowy ysgyndan gaçyp, zordan özüne geldi. Gapylary täzeden gulplaşdyryp, öz gözegçi-jaýyna baryp gam-laýyna batdy. Lapykeç öýüne gaýdan Umyt öýündäki ejesine we gyz jigsine hiç-zat bildirmän, gynanç ummanyna çümdi. Oglanyň kellesinde "ýeri, men şeýdip özümi heläklesem, ejem jigim, bular nähili bolar. Ol adamyň diýenini etmän barsam olam hökman meni öldürse, ýene ejem jigim nähili bolar Polisiýa prokuratura, beýle etmegem çykalgadäl, bar ol adamy haýbat atany üçin bassalar menem magazini nätanyş adama açanym üçin abat goýmazlar!?" diýen pikirler bilen öýde özüni ýere sokup ýörkä, Umydyň kellesine bir gowy pikir geldi. Eýse näme, gyz görmegeý, ol bolmaşynada Umuda höwesli, bolmasa Umydyň ýanyna höwesli gelip gatnamazdy ahyry. Bir okda iki towşandäl, köp towşan uruldy. Umyt harajatsyz halyna öýli-işikli bolar, jany halas bolar, ejesi gelinli, jigisi gelnejeli, özi hem bagtly bolar. Boldy mesele çözüldi, ýöne gaty aňsat çözüldi, a siziň göwnüňize dälmi!? Şeýle arzuwlar bilen jany bilen hoşlajak bolan ýigit, täzeden durmuşa diş-dyrnak bolup ýapyşdy. Şol waka sebäpli agşamy ýigrenip, inni bolsa agşamy halap işe ýetmäge howlukdy. Işe agşam höwesli gelip başlygyndan açarlary alyp magazini kabul edip, agşam sagat 12 töweregi gapyň agzynda garaşdy. Hiçkim gelmedi. Agşam sagat 3 boldy, hiçkim gelmedi. Daň-säher ýene hiçkim ýok. Belki, gyz, Umydy halas etmek üçin özüni... Ýok, beýle bolup bilmez. Bagtlaryň açylyp hemmeleriň süýjilikde ýaşamagyna bir ädim galanynda ahyr-zaman bolup hemmezady ýer-ýuwtmagyna haky ýok. Ýada kakasy netinden dänäýdimikä. Olam mümkin. Şeýle pikirler bilen öz-özüni iýipbarýan Umyt, gyz bilen gyzyň kakasyna birnäçe gün garaşdy. Hiç-hili habar ýok. Şeýle günleriň birinde, Umyt, umydyny ýitirip, el-üzüp başlaýan wagtlary, şol adaty wagtda gyzyň kakasy magaziniň gapysynda peýda boldy. Umyt birinji bilen ol adamyň ellerine seretdi, ýarag ýok. Ol adam sesini çykarman, Umyda seredip esli wagt doňup durdy. Umyt nämeler pikir etjegini bilmedi. Şondada Umyt bar güýjini jemläp:
-Oňa näm boldy? Hany ol? - diýip ol adamdan sorady. Ol adam gapa golaýladyda:
-Gürrüň bar, belki içeri göýberersiň!? - diýip pessaý gürledi. Ol adam magazina girip, daş-töweregine "otyrarýaly zat ýokmy!?" diýen äheňde garanjaklady. Umyt üme düşünip gapyny ýapdyda, derrew öz jaýyndan ik sany stul getirdi. Ýaşuly stulda sesini çykarman otyrdy. Umyt bolsa gyzyň adyny bilmänsoň ol gyz barada sorap bilenok, "Hany ol, hany ol gyz nirde?" diýip dursaňam birhili. Umydam stulunda oturup ýaşuly bilen dumdylar. Ahyry ol adam:
- Oňa zat bolanok, ol öýde öz komnatynyň daşyndan gulplanylgy. Howwa. Onsaň näme etsem-pessemiň bar!? - diýip ýaşuly gür-gaşlaryny Umyda dikdi. Belki gyz öň bir etmesiz birzatlar edip, indi hem oglanyň boýnundan ilmek... Kakasy alaçsyz gyzdan dynmak... Umyt bolsa ýuwdunyp:
-Aýýý bularýaly zatlaryň başy beýlehä başlamalydäldi. Ýöne birinji bilen siz, soňam gyzyňyz razy bolsa, men gyzyňyzyň elini soramakçy. Oň bilen bile durmuş gurup süýji durmuşda ýaşamak arzuwymda bar. Ýok ýok. Bu siziň düýnki herekediňiz üçindäl. Mende... Mende siziň gyzyňyza bolan üýtgeşik duýgy bar. Belki söýgidir bilemok, sebäbi ol duýgy maňa tanyşdäl. Ýenede hemmezat elbetde, siziň rugsadyňyz bilen...! - diýip dymdy. Ol adam Umyda has beter içgin seredip, uly ulydan hymlap:
-Mbääää... - diýip 5-10 minut pikirlenip durdy. Ahyram:
-Ýakynlaryňy, ejeňi plany plany adrese ugrat, bu işler, ulularyň maslahaty bilen çözülmedir! - diýip ýerinden turdy hem çaltlyk bilen magazindan çykyp gözden gaýyp boldy. Umut bu aýdylana guş bolup uçdy. Begenip begenip çaga ýaly bökejekledi. Magaziniň içinde aýdymyň sesini gatyrak açyp az-owlak tansda wagtyny geçirdi. Şeýdip daňy atyryp, ömrüne taksa münmedik oglan, bu habary buşlamak üçin oýlerine howlukdy. Oýleriniň gapysyndan atylyp girip, baryşyna ejesini gujaklady. Ejesi:
-Weý weý oglum, näme boldy? Beýle begenjiňi birinji gezek görýänle guzym. Köşeş gelhany çaýjagazyň başynda gürrüň ber. - diýip ogluny çaý başyna çagyrdy. Umyt:
-Eje, men saňa göni aýtjakdäl, özüň biljek bolhany. Ejeeeee gözüm dört, soň alty, soň sekiz soňam köpelip köpelip gider. - diýip begenip aýdyp ejesiniň jogabyna garaşdy. Ejesi pahyr, garyp bende, begenjeginem gynanjagynam bilmedi. Ondada oglunyň begenjine goşulup:
-Tüweleme bize gelin tapdyňmy!? - diýip sorady. Umyt:
-Howwa howwa, özem aý-ýaly sen olara gudaçylyga gidersiňmi? Edil şu günüň özünde!?
+Bolýa bolýa oglum, ýöne, harajadymyz ýokda. Özüň görýäňä, ne galyň, nede toý pulumuz bar. Onsaňam, il bizýalaga gyzyny beresi gelmez! - diýip görgüli eje özüne zor salyp zordan ýylgyrdy. Umyt az wagt pikirlendide:
-Men gyz bilen gürleşerin. Ilki ýönekeý hudaýoly edip ýygnaýaryn. Soň pul gazanyp uly toý edäýers. Ýöne senbir ilki gyzyň maşgalasyndan bir habar al.
+Bolýa. Sen diýseň bolar oglum.
-Adresi plany plany.
+Häzir eşigimi çalşaýyn! - diýip çala gynançly köp begençli eje, ýol şaýyny tutundy. Umyt bolsa telewizor gören boldy, aýdym diňlän boldy, ýöne weli begenjinden öýe syganokdy. Ine şeýdip mähriban ejesi ýola düşdi. Diýilen adresa baryp gapyny kakdy...
Dowamyny ilki okamak isleseňiz onda "Bloglar.ru"-da.
4-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.