Mynasypmy barladyk 3
-Howwa eger garşy bolmasaňyz!?-diýip yzyna owrüldi. Gyz magazina girip gapyň ýanynda durup Umyt ýene gapyny gulplaýança garaşdy. Umyt gapyny gulplap bolandan soň ýene bile ýöräp gözegçi jaýa ugradylar. Belki ýönekeýje bir kofýa. Dogry gyz bir-hili ýeňles görünýär, ýöne Umyt gaty sypaýy we adamçylygy gowy oglan, beýle pikir edenok. Şeýdip gyz bilen Umyt jaýa bardylar, elbetde kofýa içdiler. Her zatdan gürrüň etdiler. Belki Umydyň ýerine başga oglan bolanlygynda gyza çalak-çulak degjek bolardy, başga taraplara, eýle-beýlelige gyşarlardy, uýat gürrüňler eden bolardy. Ýöne Umyt... Beýle hereketler etmekde, utanjy gyzyňkydanam beter güýçli. Umyt gyza edep-terbiýäniň aňry-başyny görkezdi. Beýle oglan gyzyň göwnünden beter turdy. Ýaşlar şeýdip ondan-mundan gürrüň edip oturuşlaryna agşam sagat 3-i bitirdiler. Umyt ýene gyzyň gidere ýeriniň ýoklugyny bilip:
-Ýene sagat 6-my!?-diýip ýylgyryp sorady. Gyz hem ýylgyryşa ýylgyryş bilen jogap edip:
-Ýene! - diýdi. Şeýdip gyz-oglan hersi aýry ýerde ýatyp, daňy atardylar. Gyz sagat 6-da ýene öňküsi ýaly ýitirim boldy. Bu gezek Umyt uklap galmandyr, ol ýönekeý magazini aýlanmaga gidip, yzyna dolanyp geleninde gyzyň ýoklugyny gördi. Bu gün hem Umyt işini sag-aman tabşyryp öýlerine gaýtdy. Agşam-ara işe dolanyp gelip, nätanyş gyz bilen geçirilen günler bir näçe gezek gaýtalandy, megerem 1 hepde. Şeýle günleriň birinde, adaty wagtda, sagat 12 töweregi gyz gelip, ýene ýaş-juwanlar agşam 2-ä çenli magaziniň içinde oturanlarynda, duýdansyz magaziniň gapysy kakyldy. Umyt gapa gelip görse bir ulurak adam:
-Inim bir minut telefonyňdan jaň edäýeýin, bir dostum Moskwadan gelmeliweli, azaşypdyrmy nämemi, tapyşamzok. Menem şu ýerde ýaşaýaryn, telefonymy ýokarky etažda galdyryp gaýdaýypdyryn. Jaňlaşdyrsaň senem!? - diýip naýynjar haýşt etdi. Wah ýaş oglanda. Umyt pikirlenmän gapyny açdy. Ýaňky ýaşuly goşa-nilli tüpeňini gös-göni Umydyň gursagyna diräp:
- 5 ädim yza çekil! - diýip hemleli aýtdy. Umyt sesini çykarman, ellerini galdyryp, yzlygyna 5 ädim çekilip sägindi. Ol adam magaziniň içine girip, gapyny ýapyp, ýene:
-Gyz nirde? - diýip ýuwaşlyk bilen aýtdy. Umyt sesini çykarman aňkaryp galdy. Ol adam batly sesi bilen:
-Gyz nirde gürle, ýogsa kelläňi farş edýän! - diýip haýbatly gygyryp elindäki nili(tüpeňi) sandyradyp titretdi. Şolwagdam ol komnatdan:
-Kaka! - diýip gyz okdurlyp gelip ýagdaýy görüp nämeler etjegini bilmän doňupgaldy. Ol nätänyş adam gahardyr-hemleden dolup elindäki tüpeňini Umyda çenelgi saklap:
-Wahhh haramzada, gyzym diýip sakladym. Ekledim. Söýdüm. Näme kemiň bar!? Innem maňa taňyrýalkasynyňmy? Nirde seň namysyň!? - diýip ýuwaşlykdan goşa-nili aşak göýberdi. Gyz hem gözlerini ýaşlap:
-Kakam ynan. Umyt bilen aramyzda hiç-zat bolanok. Ol meň elimdenem tutanok! - diýip aglap kakasyny gujaklamak üçin gujagyny açyp kakasyna ylgajak boldy. Kakasy gahar bilen gygyryp:
-Çekil, maňa garaňy ýokma. Senem eý, itogly, Umytmyň harammyň bilemok. Sen özüňe birzat et. Özüňi öldür 3 gün wagt berýän. 3 günden soň seni gözüm görse, seni meň özüm öldürýän düşündiňmi binamys!? Edermi etmezmi diýme. Bar ömrüm namysym gyzym. Meň inni barybir wagtym azaldy. Senem... - diýip elindäki goşa-nili Umydyň aňiniň aşagynda goýup jogaba garaşdy. Umyt gorkujygyna "Bolýa" diýen äheňde baş atdy. Şeýle diýdide ol adam gyza garap:
-Düş öňüme! Etegiňe-nälet bolsun! - diýip gyzy alyp gitdi. Gyz bilen kakasy gideninden soň, 15-20 minut doňňara-daş bolup durup, şoga düşen Umyt gowy ysgyndan gaçyp, zordan özüne geldi. Gapylary täzeden gulplaşdyryp, öz gözegçi-jaýyna baryp gam-laýyna batdy...
3-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.