Ir zamanda Pendi çöli üç hanlyga degişli bolupdyr. Ol üç hanlaryň perzendi dünýä inse-de durmandyr. Olar bir-iki hepde şatlanyp-şatlanmakalar sähra ýene gara lybasa bürenipdir. Hanlar öz başlaryna düşýän musallaty diňe Hudaý tarapyn diýip düşünüpdirler. Onsoň olar Hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip, Hatam taý ýaly, garyp pukaralara zat paýlapdyrlar.
Bir gün hanlaryň üçisem atlanyp, awa-şikara çykypdyr. Olar çöl beýewana çykyp, öz ykballaryndan zeýrenip, mülklerini terk edip, başga bir welaýata aşmakçy bolup maslahatam edipdirler. Şeýdip ençeme ýol sökenlerinden soň hanlaryň ulusy Öde han aklyna aýlanýar.
- A-how, biz öz ýurdumyzda tapmadyk bagtymyzy ýat ilden tapmarys. Zeleliň ýaryndan gaýtmaklygam bir peýdamyş. Azyk-owkadymyza dolansak nädýä? Diýip, ýoldaşlaryna sala salýar.
Içlerini hümmüldedip barýan Gödek han bilen Guldurdy hanam onuň pikrini makullap yzlaryna gaýdýarlar.
Gaýdyşyn olar Gaş derýasynyň boýunda düşläpdir. Çaý içip otyrkalar olaryň gözi ýüzün salyp gelýän 3 atla düşýär. Hanlar biri-biriniň ýüzüne seredişipdirler.” Ýagy dökülem bolaymasa-da biri “ diýşip otyrkalaram atlylar:
- Öde han, Gödek han, Guldurdi han buşluk buşluk – diýip, atlylar sährany ýaňlandyrypdyrlar.
- A-how düşünikliräp aýtsaňyzlaň, haýsymyzyň gyzymyz boldy diýenlerinde, atlylar:
- Han aga, üçüňiziňem – diýen jogaby eşidipdirler.
Hanlar “ be , de , be “ bolşup, her haýsy öz mülküne tarap at goýupdyr. Barsalar dogurdanam hanlaryň üçüsiniňem gyzy bolupdyr. Hanlar begenjigenem bilmändirler, gynanjagynam. Öňki perzentleri ýadyna düşüp az wagt bozulypdyrlar. Ýöne üçüsiniň bir günde çagalarynyň bolmagy, olary begendirip. Toý gününi bellemek üçin jar çekipdirler. Üç hanyň üçüsem toy bir günde, Gaş
ýöräni derýanyň boýuna ýygnanypdyrlar. Üç gije-gündiz toý tutulýar. Baý, garyby ýok, ähli halaýyk
iýip-içip mes bolupdyr. Toýuň üçülenji güni adamlar gyzlaryň adyny soraýarlar. Şonda hanyň
maslahatçysy märeke ýüzlenipdir:
- Adamlar, gulak goýuň. Ählimiz diýen ýaly şu hanlaryň ýagdaýyny bilýäris. öň bularyň perzendi
ýok. Şu günüň toýuň sebäpkärlerine – gyzlara at goýmak size, ýagny halkyň paýyna düşyär. Nähilli
at dakmakçy bolsaňyz sesleniň. siziň dakan adyňyz bilen bizem razy.
Bir salymdan soň derwiş sypatly aksakgally goja beýikräk ýere çykyp, adamlara ýüzlenýär:
- Eger meniň sözüm gulak assaňyz, eşidişimiz ýaly, hanlaryň gyzy bir günde dünýä inipdir. Şol
sebäpli olaryň atlaram bir meňzeş bolsa oňat boljak. Razy bolsaňyz şol dünýä inenlere men aýt
goýjak.
Halaýyk duran ýerinden: Hany eşideliň-de, hany eşideliň bolýar. “
- Eşitseňiz, Öde hanyň gyzynyň ady Uzuk, Gödek hanyň gyzynyň ady Näzik, Guldurdy hanyň
gyzynyň ady Lälik bolsun, omin! – diýýär.
Toýa ýygnanan märeke “ boldy-da, boldy, atlaryna mynasyp bolsunlar, ömürleri ziýat bolsun “
diýip alkyş baryny aýdyp, öýli-öýüne dargapdyr.
Uzuk, Näzik, Lälik görmegöýden akylly, paýhasly gyzlar bolup ýetişýär. Günleriň bir güni hanlar
ýene duşuşýar.
- Geliň, gyzlarymyz bir-biri bilen duşuşsynlar. Onsoňam bir zady berk ýadymyzda saklalyň. Ir-u –
giç gyz maşgala kesekiniňki bolmalydyr.Olar biziň döwletimiz däl-de, göwnühoşumyzdyr.
Dünýeden ötmänkäk mülkümizem birine ynanmaly. Dogrumy?
- Dogry Öde han, rast aýdýarsyň – diýip Gödek han bilen Gulgeldi han razy bolýar…
Gyzlaryň duşuşmaly ýeri Uzuk hanyň mülki bolansoň, ol bellinilen ýere beýlekilerden has ir gelýärde myhmanlary garşylamak üçin taýýarlyk görýär…..
Howa ýagtylanda, ýaýlada goýun bakyp ýören çopanyň gözi bir topar çadyr gurup ýören adamlara
düşýär. Bezelen kejebäniň töweregem gaýda-gaýmalaşyk.
Çopan goýunlaryny oýa sürüp, özem gamyşlykda gizlenip, töweregindäki bolup geçýän hereketi
synlamaga durýar.
Birden kejebeden görmegöý gyz çykýar-da,” ýeriň gaymagyny bozsammykam, bozmasammykam
diýýän ýaly, seýkin basyp, uly depä tarap ýöräp başlaýar. Ol mahal- mahal säginip, Tawus guş dek
çar tarapa boýnuny uzadyp garanjaklaýar. Onuň ýanyndaky hyzmatkärleri oňa gülälekdir
jümjüme bogup getirýärler.
Näzik bilen Läligem bellenilen ýere gelýär. Uzak oalary hormatlap garşylaýar. Gün aşaklanda
Uzuk, Näzik, Lälik degişip-gülüşip çemenzarlyga gidýärler. Olar gijäniň bir mahala deňiç Gopuz
çalyp, Läle kakyp, Monjuk atdy oýnap, ahyram, Uzugyň kejebesinde dynç almaga gidýärler. Säher - Boýdaşlar, Tüýdügiň owazyny sizem eşidýärmisiňiz ýa-da meniň göwnümemi?
Gözün süzüp, oýaly-ukuly ýatan Näzik:
- Kimem bolsa,Tüýdigi saýradyb-a bilýär — diýýär.
Gerijiräp turan Lälik hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolýan ýaly:
- Beýle-de bir ýürek gopdyryjy saz bolar eken-ow — diýýär.
Beýlekilerem örmänkä, üçüsem kejebeden çykyp, saz gelýän tarapa ýumlagaýypdyrlar. Iki
depeden aşyp, oýa inenlerinde gyzlaryň gözi otlaşyp ýören goýunlara düşýär. Goýunlaryň beýle
ýanynda-da çöwürme telpekli ýigidiň Tüýdük çalyp oturandygyny görýärler. Çopana görünmejek
bolubam gyzlaryň üçüsi bir-biriniň elinden tutup aşak oturýarlar.çopanam bu zatlardan bihabar,
çalyp outran sazyny tamamlap, ýene täze saza başlaýar. Sazyň jadylaýjy owazy gyzlaryň ýüregini
gursagyndan çykara getiripdir Perizat sypatly üç gyzyň ýakynlap gelýänini gören çopan çalyp
outran Tüýdügini elinden gaçyryp, gözüne görünýändir öýdüp gaçmaga hyýallanýar. Edil şol
wagtam güýçli gol onuň ýeňsesinden ebşirläp tutýar. Çopan bada-bat çöküne düşüp, nämäniň
nämedigine düşünmese-de ýalbarypdyr.
- Agam, başyňa döneýin. Meniň günäm ýok. Men bir çopan. Goýunlary suwa indirmäge gelşim,
meni göýber.
- Merez etmäge gelşim. Bi jelegaýda goýun bakarça sen kimmişiň. Bakýanyň kimiň goýunlary?
- Agam, Öde hanyň sürüsi.
- Öde hanyňki bolsa, adyňy aýt kim sen?
- Dostmuhammet
Atly çopanyň ýakasyny göýberipdir. Onýança-da Uzuk dagy olaryň ýanyna gelipdir. Uzuk çopanyň
“ Öde hanyň sürüsi “ diýenini eşidip ýylgyrypdyr-da:
- Bolup biler. Bi ýerlerde başga kimiň maly bolsuň?!
Uzygyň sesini eşiden atly:
- Günämi ötüň, Bibim – diýip, aňyrlygyna depeden aşyp gidýär. Uzuk ýylgyryp durşuna:
- Öde hanyň çopanydygyny çynyň bolsa, onda onuň gyzyny taryplap, bir saz çal, Dostmuhammet –
diýýär.
Öz adyny tutulanyny eşidip, çopanyň depesi göge ýetýär. Ol näme diýjegini bilmän, gözlerini
mölerdip durşuna:
- Siz Uzuk hanmy?!— diýýär. Uzuk “ Hawa “ diýen manyda baş atýar welin, çopanyň Tüýdügi
saýrap başlaýar. Ol Uzuk hany taryplap, onuň durkuny saza geçirýär. Gyzlar çopanyň synçylygyna
haýran galyp,onuň syratyna, saz çalşyna aşyk bolupdyr….
Gün guşluga galanda gyzlar kejebelerine dolanypdyr. Ỳöne gyzlaryň öňkiligi ýok. Ỳüzlerinde
şatlykdan nam-nyşan yok. Enekeleriniň ýürege ýarylan ýaly bolup gyzlaryň halyndan habar çykan sözi eşidip ýakalaryna tüýkürip, bir-birine habar berýärler.
- Toba, toba. Heý-de görülip-eşiddilen zatmydyr, bir ?Bulary jyn urdumyka, gyz?!
Üç sany hanyň gyzy bir çopana aşyk bolarmy?! Bular aklyndan azaşan bolaýmasynlar.” Atamyz
bilen gürleş diýýärler “ Nä ýüzümize ataňyza habar bereli? Iň bolmanynda Beg ogly bolsa !
balalarym, agzyňyzdan haýyr açyň. Beýle gabahat işe biz-ä ýol berip bilmeris. Han-ha ataňyz,
gürleşiňem, razylaşyňam. Biziň başymyza ahyrzaman indirmäň….
Uzuk enekesine ýalbaryp-ýakaryp, ahyry, atasy bilen gürleşmäge razy edýär.
— Bi zatlaryň sebäpkäri özüm. Sähra git diýenem özüm. Gyzlar bilen duşuş diýenem özüm. Eger
gyzymyzyň diýenini etmesek, Hudaý ýene bizi ýazgyrar. Ỳeke dikrardan jyda düşmeli bolaýmaly. Iň
gowsy,Halk köpçüligi bilen maslahatlaşaly.
Hanlar ýene jar çekdirip, ähli halky Sähra ýygnapdyrlar-da gyzlarynyň isleg-arzuwlaryny ile
ýetiripdir.
Geň habary eşidip halk köpçüligi “ Bijeli oglan aglamaz “ diýlenini edip, Uzuk, Näzik, Lälik üçüsine
bije atypdyrlar.
Uzugyň bagty çüwüpdyr. Onuň bijesei çykýar. Adamlar, Näzik bilen Lälige hem mynasyp ýigit
tapyp, üçüsiniň toýunam bir günde tutupdyrlar…..
Hanlar bolsa gyzlaryny hormatlap, Gaş derýasynyň boýunda Gyzlar Galasyny salyp beripdir.
Uzukdagy ömrüniň ahyryna çenli şol galada ýaşap, döwran sürüpdirler.
Dostmuhammet çopanam gyzlaryň şanyna “ Uzuk “ , “ Näzik “ , “ Lälik “ diýen sazlary döredipdir.
Soň–soňlar ol sazlar toý meýlisde çalynyp : “ Uzuklar “ diýen at bilen biziň döwrümize gelip
ýetipdir.
Ýusup BERDIÝEW.
cheshme:vk.com