Geçmide ýaşan beýik serkerdeleriň biri özünden on esse güýçli garşydaşlary bilen çaknyşmaly bolýar. Ol harby tälimi, söweşmegiň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alansoň özüniň ýeňjegine umydy bardy, ýöne esgerleri welin muňa ikirjiňlenýärdiler. Ýolda bir keramatly ýerde düşlän serkerde esgerlerine garap:
- Meniň gadyrdan ýaranlarym, wepaly esgerlerim, men şo ýoluň ugrundaky keramatly ýerde doga-dileg edip, bir teňňäni asmana zyňaryn, eger hatly tarapy düşse biz ýeňeris, eger suratly tarapy düşse biz ýeňileris. Hemme zat Hudaýyň emri bilen bolýandyr – diýip serkerde dileg etmäge gidýär.
Yzyna gaýdyp gelip bir teňňäni asmana zyňýar. Esgerleriň şol wagtky duýgularyny bir göz öňüne getirip görüň... Teňňäniň hatly tarapy serkerdäniň eline düşýär. Esgerler muňa ruhlanyp şeýle bir söweşýärler, hatda garşydaş duşmanlaryny ýeňiljek basyp alýarlar. Uruş gutaran soň serkerdäniň dosty:
- Ykbaly hiç kim üýtgedip bilmez eken... – diýip begençden ýaňa ýaşaran gözlerini sylypdyr.
- Elbetde ýok – diýip serkerde elindäki teňňäniň iki tarapynyň hem hatlydygyny görkezip arkaýyndan demini alypdyr.
Durmuşda nähili ýagdaý bolanda-da özüňe ynam bolmaly, özüňi ýitirmeli däl! Nähili kynçylyk bolsa-da akylly başly hereket edip baş alyp çykjak bolmaly!

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir