“KODAK” kompaniýasynyň düýbini tutan Jorj Istman 1935-nji ýylda ýönekeýje fotoapparat bilen Afrikadaky ýyrtyjy haýwanlaryň suratyny örän golaýdan düşürmegi başarypdyr. Şeýle golaýdan, hat-da ýanynda duran ýaly edilip düşürilen suratlary görüp, onuň dostlary: “Sen muny nädip başardyň?” diýip, geň galyp sorapdyrlar. Şonda Istman şeýle jogap beripdir: “Suratlary düşürýän wagtym meniň ýanymda örän ynamdar bir awçy bardy. Men ol mergene göz çaky bilen 10 metr aralygy görkezdim we “Haýwanlar ürküp, maňa tarap topuljak bolaýsalar, şol bellenen aralykdan geçmänkäler at” diýip tabşyrdym”. Muňa onuň dostlary şeýle bir haýran galyp: “Eger, bardy-geldi awçy olary atyp ýetişmedik bolsa, şonda näderdiň? Sen oňa nädip janyňy ynanyp bildiň?” diýip sorapdyrlar. Istman bolsa olara: “Dostlar, eger siz durmuşda üstülik gazanaýyn, belent sepgitlere ýeteýin diýseňiz, onda bile iş salyşýan ýoldaşlaryňyza ynanmaklygy başarmalysyňyz” diýipdir.

Hakykatdan-da, biz gündelik durmuşymyzda ençeme adamlar bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biri-birinden tapawutly, dürli gylyk-häsiýetli adamlara gabat gelýäris. Ýaşaýyş, durmuş biziň ynanýan, söýýän, sylag-sarpa goýýan zatlarymyz bilen aýratyn mana eýe bolýar, has-da gözelleşýär, ajaýyplaşýar. Biz mydama öz begenjimizi, gam-gussamyzy, derdimizi şeýle ynamdar adamlar bilen deň paýlaşýarys. Biz şeýle adamlaryň ýanynda bolsak, özümizi has ynamdar we arkaýyn duýýarys. Biz diňe ynanýan adamlarymyz bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarys. Ýürekdeş dostluk elmydama ynsanlaryň biri-birine bolan ynamy, wepasy esasynda gurulýar. Dostlukda ynam bolmasa, ol edil aýna mysaly, iň bir kiçijik zeperiň täsiri netijesinde pagyş-para bolýar.

Maşgalada är-aýalyň, ata-ene bilen çaganyň, işde ýolbaşçy bilen işgäriň, ýurtda hökümet bilen raýatyň arasynda ynam bolmasa, hiç bir iş başa barmaýar.

Her bir maşgala hökmany suratda ynam duýgusyna ýugrulan bolmaly. Şeýle maşgalada maksatlar myrat tapýar, maşgala agzalaryny mähir-muhabbet gurşap alýar, maşgala has berkeýär we netijede jemgyýetiň sagdyn ruhly raýaty kemala gelýär. Sylag-hormat, sabyrlylyk, agzybirlik, bagtyýarlyk ýaly ajaýyp duýgular şol maşgalada mekan tutýar.

Ynamy nähili gazanmaly? Biz durmuşda iň wajyp, ykbal çözüji meseläni birine ynanmaly bolaýsak, kime ynanyp bileris? Näme üçin köp adam ynamdar däl? Ýa-da olar ynamdar bolmagyň ýoluny bilmeýärlermikä?

Ynsanlygyň alty sütüni bardyr. Olar: dogryňy sözlemekden, sözüňde tapylmakdan, amanada hyýanat etmezlikden, halallykdan, gözüňi erbetligi görmekden, eliňi erbet işlerden saklamakdan ybaratdyr diýilýär.

Şu agzalan ýokary ahlak häsiýetleri özünde jemlän adama duş gelsek, ine, şol adam hem ynamdardyr.

Eger, adamda pespällik, wepalylyk, sabyrlylyk, batyrlyk, ygrarlylyk, dürslik, birsözlülik ýaly oňat häsiýetler jemlenen bolsa, ol mydama daş-töweregindäkilere ynam duýgusyny paýlaýar.

Ynamdarlygyň iň esasy şerti hem adamlar bilen derdiňi paýlaşmagy, içgin we erkin gürrüňdeş bolmagy başarmakdyr. Pikir-düşünjelerimizi, duýgularymyzy paýlaşmak birek-birege ýakynlygyň, ynamdarlygyň alamatydyr. Şeýle ýagdaýda durmuşda duş gelýän ähli kynçylyklary ýeňip geçjekdigimize şek-şübhe galmaýar.

Bir adamyň başga birine ynanyp bilmegi, bil baglamagy üçin belli bir derejede wagt gerek. Haçan-da başga birine özümiziň oňa ynanýandygymyzy duýduryp bilsek, onuň hem bize ynanýandygyny görüp bileris. Birek-birege ynamyň güýçlenmegi bolsa, berk we mizemez ynsan gatnaşyklaryna giň ýol açýar. Bu bolsa agzybirlige we parahatçylyga getirýär.

Göwnaçyklyk diňe maşgalada, ýa-da dostluk gatnaşyklarynda däl, eýsem, işde hem örän ýokary netijeleri berýän häsiýetdir. Ýolbaşçy ähli meseläni ýeke özi çözmeýär. Gaýtam, ol ähli işgäre meseläni düşündirip, olaryň bu babatdaky pikir-tekliplerini kabul edýär hem-de şolara görä netije çykarýar. Bu bolsa, göwnaçyklykdan we belent adamkärçilikden nyşandyr. Işgärler hem öz pikir-tekliplerine uly ähmiýet berilýänligi üçin has-da hoşal bolýarlar. Şeýlelikde, ýolbaşçy bilen işgäriň arasyndaky ynam has-da berkeýär we jebisleşýär.

Sorag-jogap, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir