COVID-19 barada şu gün nämeleri bilmeli?

Bu günki gün, göräýmäge, COVID-19 barada ýazyp boljak ähli zat ýazyldy. Emma kähalatlarda garaýyşlaryň, köp sanly pikir ýöretmeleriň, kä ýagdaýlarda bolsa hatda toslamalaryň hem arasyndan esasy maglumaty tapaýmak kyn bolýar.

COVID barada haýsy maglumat möhüm hasaplanylýar? Geliň, anyklalyň.

Wirus ýaýraýar

Göräýmäge wirus hemme ýere ýaýrap, millionlarça adam onuň bilen kesellän ýaly. Onda näme üçin pandemiýa aşaklap başlamaýar?

Sebäbi wirusyň ýaýraýyş depgini biziň özümize bagly. Eger-de biz sosial aradaşlygyň (jemgyýetçilik ýerlerinde birek-birekden 1,5-2 m daşlyk) ýönekeý hem anyk düzgünlerini berjaý etmesek we gorag serişdelerinden peýdalanmasak, onda ýokançlyk döwletleriň we lukmanlaryň tagallalaryna garamazdan ýaýramagyny dowam eder. Bu düzgünleri iş ýeriňde hem, öýüňde hem, dükandyr köçelerde hem berjaý etmeli.

Hemmämize kesellemeris

«Hemmämiz keseli başdan geçireris, goranmak nämä gerek?» - diýip aýdýanlar bar. Olar toparlaýyn immunitetiň döremegine ýagny, jemgyýetde aglaba bölegiň wirusa garşy immunitet eýe bolmagyna we wirusyň ýaýramaga ýer tapmazlygyna umyt edýärler.

Emma olar wirus üçin ejiz bolan adamlaryň kesgitli toparlary barada — garry adamlar, hroniki ýa-da ugurdaş keseli bolanlar barada ýatdan çykarýarlar. Ol adamlarda, adatça, kesel agyr geçýär, gaýra üzülmelere, kähalatlarda bolsa ölüme getirip bilýär.

Hiç bir adam hem keseliň agyr ýa-da aşa agyr görnüşde geçirilýänleriniň sanawyna meýletin goşulmak islemez. Toparlaýyn immuniteti gazanmak üçin adamlaryň ählisine keseli başdan geçirmäge ýol bermek hem — adamkärçilige laýyk däl. Şonuň üçin bellenilen düzgünleri berjaý etmeli.

COVID-19 – bu ýiti respirator wirusly ýokanç däldir

Kesellänleriň aglabasynyň COVID-19-y bize adaty bolan möwsümleýin ýiti respirator wirusly ýokançlar (ÝRWÝ) ýaly ýeňil görnüşde başdan geçirýändigine garamazdan, ol ÝRWÝ däldir!

Çünki beýleki näsaglarda (olaryň sany az däl) kesel öňünden çaklap bolmajak kowid pnewmoniýasy ýoly boýunça ýaýbaňlanyp biler. Ol ýa-da beýleki näsagyň haýsy topara düşjekdigini öňünden aýtmak mümkin däl.

Ýöne eger-de olar ikinji topara düşüp, diri galaýsalar welin, reanimasiýa bölümlerinden we öýkeni emeli howalandyryş ulgamyndan soň başdan geçiren kesellerini adaty ÝRWÝ diýip atlandyrasy gelmez.

Öýkeni güýçli zeperlendiren pnewmoniýany başdan geçiren näsaglaryň saglygynyň dikeldilmegi jogapkärçilik we wagt talap edýär. Elbetde, öýkeniň diwarjyklary dikelýär, ýöne iki hepdäniň dowamynda däl — näsaglar bir aýlap ýa-da ondan hem köp wagtlap gözegçilik astynda saklanýar. Bejerginiň dowamlylygy bolsa anyk alnan organizme baglydyr — ýaşmy, immuniteti gowumy, hroniki keseli barmy. Käbir näsaglarda pnewmoniýa başdan geçirilenden soň, belli bir wagtdan soň öýkenleriniň funksiýalary dolulygyna gaýtadan dikelýär.

Emma olar eýýäm howp toparyna düşýär — öýken pnewmoniýanyň başga bir görnüşi bilen keselläp biljek ýagdaýa düşýär.

Öýüň içinde hem aradaşlygy saklamaly

Maşgalanyň içinde keseli geçirmekden saklanmak üçin, aýratyn hem kimdir biri gyzdyrýan bolsa, aýratyn süpürgiçleri, gap-gaçlary ulanmaly, keselläni aýratyn otaga geçirmeli.

Agyz-burun örtükleri wirusdan goraýar

Agyz-burun örtükleri — lukmançylyk, lukmançylyk däl, köp gezeklik, mata örtükler, şeýle hem respiratorlar — wirusdan goraýar. Olaryň iş ýörelgesi ýönekeýdir.

Wirus öz-özünden howada gaýmaýar, ol tüýkülikde we nemli bardada saklanýar, olaryň damjalary gürlänimizde, asgyranymyzda ýa-da üsgürenimizde birnäçe metr töwerekdäki adamlara we predmetlere ýaýraýar. Şeýle hem biz burnumyzy ýa-da dodaklarymyzy ellänimizde bu suwuklyklary elimize, elimizden bolsa predmetlere geçirýäris.

Agyz-burun örtügini dakynmak arkaly biz wirusyň özüminde ýaýramagyny böwetleýäris. Bizdäki wirus töwerekdäkilere ýaýramaýar. Eger-de beýlekiler hem biziň ýaly jogapkärçilikli bolup, örtük dakynýan bolsalar, onda olar hem edil biziňki ýaly ýörelgelere esaslanyp, bizi goraýarlar.

Bu ulgamda iň esasy zat — örtügi dogry dakynmak we ony yzygiderli çalşyp durmak.

Örtükler hemişelik däldir

Käbir adamlar örtügi birnäçe günläp, hatda hepdeläp hem çalyşman dakyp bilýärler. Ine, şonda diňe bir koronawirus bilen däl, eýsem başga kesel bilen hem kesellemek howpy ýüze çykýar.

Adam – dürli bakteriýalary we mikrobedenjikleri göteriji bolup durýar. Eger-de ol uzakly gün hapa örtük dakynyp gezse, onuň çykarýan çygly demi örtügiň içki gatlaklaryna ornaşyp başlar. Çygly gurşaw bolsa mikroblaryň köpelýän, olaryň jemlenýän ýeridir. Şol ýerden hem adamyň dem alýan howasy geçýär. Mikroblar agyz ýa-da burun boşlugyna düşýär, olardan hem dem alyş ýollaryna we içegä geçýär. Ondan aňyrsy bolsa dürlüçe ýaýbaňlanyp bilýär.

Gowy bolanda, immunitet hüjüme döz gelip biler. Erbet bolanda, biz öz-özümini kesellederis, bedenimizi bolsa bu kesele-de döz gelmeli bolar.

Şonuň üçin hem lukmançylyk agyz-burun örtüklerini iki sagat dakmaly, soňra örtügiň özünden wiruslar ýaýramaz ýaly gaba dolap zyňmaly.

Köp gezeklik mata örtükleri hem her iki sagatdan çalşyp durmaly. Ulanyp bolanyňyzdan soň, gaba salyp, öýe geleniňizden soň ýuwmaly, guratmaly we gyzgyn ütük bilen ütüklemeli. Soňra ýene-de gaýtadan dakynyp bolar. Her gün ýanyňa 2-3 sany örtük almaly we olary arassa gaplarda saklamaly.

Agyz-burun örtügini hemme ýerde dakmaly

Näme üçin sosial aradaşlygy oýlap tapdylar we hemme ýerde hökmanny örtük dakynmak düzgünini girizdiler? Çünki wirus esasan howa-damja ýoly arkaly ýokuşýar. Biz diňe adam bilen galtaşan ýagdaýymyzda keselläp bilýäris.

Eger-de size garşy ýöräp gelýän adam, mysal üçin, asgyrsa, onda biz awtomatik ýagdaýda keselleme howpuna düşýäris. Eger-de ol örtükli bolsa, onda howp düýpli peselýär. Eger-de biz hem örtükli bolsak, onda howp asla aradan aýrylýar diýen ýaly.

Şonuň üçin hem «örtüge garşy çykýanlara» hereket etmek üçin mümkin boldugyndan adamsyz ýer saýlamak gerek.

Derman ýok

COVID-19-dan goramakda ýa-da ony bejermekde subut edilen lukmançylyk serişdeleri ýok. Ýokanç täze we onuň dermany ýa heniz oýlanyp tapylanok, ýa-da ýeterlik synagdan geçirilmedi. Ne oksolin melhemi, ne ibuprofen, ne antibiotikler bu ýokançda kömek edip bilýär.

Oksolin melhemini ýiti respirator wirusly ýokançlaryň ýaýraýan möwsüminde immuniteti artykmaç agramdan goramak üçin öňüni alyş serişdesi hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

COVID-19-dan soňky gaýra üzülmeler COVID-19-yň özünden has uzak bejerilýär

Wirus gaýra üzülmelere getirip bilýär. Kimdir birinden ol sowlup geçip hem biler, kimdir birine bolsa deger. Ol hemişe lotereý ýalydyr, çünki häzire çenli hiç kim şol gaýra üzülmeleriň nädip we näme üçin bolup geçýändigini anyklamady. Emma eger olar ýaýbaňlanyp başlasa, adamyň ömrüne howp salyp biler.

Eger-de öýkeniň aglaba bölegi zyýan çeken bolsa, adatça, näsaglar reanimasiýa çärelerinden başlap, öýkeni emeli howalandyrma we möhüm bejergä çenli talap edýärler. Öýkeniň aglaba bölegi zeperlenende, beden agzalarynyň ählisi — ýürek, kelle beýni — kislorod ýetmezçiligine sezewar bolýarlar. Iň agyr ýagdaýlarda öýjükler ölýär.

Koronawirusyň örän köp ýüze çykmalary bar

Täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň alamatlarynyň we ýüze çykmalarynyň agdyklygy sebäpli köp adamlar onuň bardygyna ynanmaýar. «Bir keselde şonça alamat bolup bilmeýär, ahyryn!» diýip aýdýarlar.

COVID-19-yň alamatlary, hakykatdan hem, dürli-dürlüdir: kimdir biriniň gyzgyny bolýar, kimdir birinde ýok, kimdir biri üsgürýär, kimdir birinde bu alamat ýok. Kimdir biriniň myşsalary agyrýar, kimdir biriniň döşasty agyrýar, üçünjiler hemmesinden bile ejir çekýärler.

Wirus dürli organlary köýdürip bilýär, alamatlarynyň dürlüligi hem şoňa baglydyr. Ol organizme agyzburunbokurdakdan organizme düşýär, soňra şular bolup biler: wirus aşaklygyna ýa öýkene, ýa aşgazan-içege traktyna düşüp bilýär (şundan hem burun akma, bokurdak agyry, üsgülewük, ýürek bulanma, iç geçme ýaly alamatlar), tutuş bedene ýaýraýar we bedeniň ähli ulgamlaryna diýen ýaly degýär.

Şeýle hem wirus bedene hemme ýerde diýen ýaly bolan, APF 2 reseptory arkaly degýär. Diýmek, myşsalara-da degip bilýär.

Beýleki kesellere garşy sanjymlar COVID-19-a täsir etmeýär

Çagalykda köpimize dürli kesellere garşy sanjymlar edildi: bürmek keseline, poliomielite, gepatite, inçekesele we köp sanly beýleki kesellere garşy sanjymlar. Emma ol COVID-19-dan halas etmez.

Sanjymlar anyk alnan kesel döredijilere garşy işlenip taýýarlanylyp sanjylýar. COVID-19-a olaryň hiç hili dahyly ýok. Hut şonuň üçin hem dünýäniň alymlary täze sanjymyň üstünde işleýärler we ony synag edýärler.

COVID-19-a garşy sanjym işlenip taýýarlanylýar

Häzirlikçe diňe Russiýa Federasiýasy sanjym işläp taýýarlamakda üstünlik gazanandygyny yglan etdi. Sanjym 2 tapgyr synagdan geçdi we häzir ilatyň gowşak gatlagyna sanjylýar.

Beýleki ýurtlar sanjymy döretmekde üstünlikleri barada yglan edenoklar, ýöne işler dowam edýär.

Möhüm! Sanjym — bu derman däldir. Sanjym edilenden soň, organizm wirusa garşy immun öýjüklerini işläp çykarýar. Olaryň «ömür» dowamlylygy häzirlikçe kesgitlenilmedik — epidemiýanyň özüniň dowamlylygy heniz diýseň gysga.

COVID-19 alamatlary bilen bada-bat Saglyk öýlerine gitmeli däl

Ilkibaşda jaň etmeli. Türkmenistanda Saglyk öýlerinde näsaglary kabul etmekde, aýratyn hem hasapda duran ýa-da ýürek-damar, onkologiýa keselli hassalary kabul etmekde çäklendirme ýok.

Emma lukmanlar Saglyk öýlerinde bolmagyň dowamlylygyny mümkin boldugyndan azaltmagy maslahat berýärler. Nädip?

1. Bellige alyş bölüminden öňünden jaňlaşyp, özüňize gerek hünärmeniň iş wagtyny anyklaň.

2. Hünärmene ýüz tutanyňyzda, dürli çäreleri almagyň wagtyny gürleşiň. Gijä galmaly däl, wagtyndan öň hem gelmeli däl.

3. Agyz-burun örtügini dakynyp geliň.

4. Sosial aradaşlygy berjaý ediň we töweregiňizdäkilerden hem muny berjaý etmegi soraň.

Saglyk öýlerinde gündizki kabul ediş stasionarlary hem şol ýörelgede iş alyp barýar: näsaglar bellenilen wagt çagyrylýar we olar birek-birek bilen ýakyn gatnaşykda bolmaz ýaly deň-derejeli paýlaşylýar. Saglyk öýüne girilende gelenleriň temperaturasy ölçenilýär we elleri zyýansyzlandyryjy bilen geçilýär.

Netije

COVID-19 — bu oýun däl. Ol saglygyňa, kähalatlarda bolsa, ömrüňe howp salýar. Şonuň üçin hem wirusy inkär etmek we goranyş çärelerine ýüzleý garamak bolmaz — siziň hem ýakynlaryňyzyň saglygy öz eliňizde.

Täzelikler, Döwlet Aşyrovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir