Dünýäniň ýüzünde gözeller köpdür.
Emma bir gözel bar:
Saçlary – tokaý.
Gözleri – okean
Lebinden öpseň,
Mähriniň gyzgyny
Lebleriň ýakar.
Onuň saçlaryndan bir gezek öpseň,
Dünýäň ýüzündaki ähli agaçlar –
Dublar, garagaçlar,
Narlar, alçalar...
Hemmesi-de birden
Ysyny saçar.
Onuň gözlerine bir gezek baksaň,
Dünýäň ýüzündäki ähli derýalar –
Wolgalar, Dunaýlar,
Amyderýalar Seni götergiläp,
Alyp barýarlar.
Onuň aşygy men dogalym bäri.
Men onuň aklyna, mährine aşyk,
Görmedik görgim ýok onuň ugrunda.
Moskwadan ugrap, Berline aşyp,
Men onuň namysyn gorap sakladym,
Goradym men ony otdan, ýalyndan.
Käteler ol meniň golumdan çekdi,
Derýalar hem seniň teniň dälmidir?
Goradym men ony gülleden, okdan,
Oňa degjek oka bagrymy tutdum.
Bagrymdan geçensoň sogrup aldym-da,
«Indi ýygnaý!» diýip öňüne atdym.
Olam ýylgyrdy-da ýygnady oky.
Dört ýylda ýygnandy şeýle bir köp ok.
Ol diýdi: «Bulary eredäýseň sen,
Milýon çekiç, milýon traktor çykjak».
...Okuň sesi ýatdy.
Men öýe gaýtdym.
Oklardan ýasandym müň milýon orak.
Ýene-de ýasandym müň milýon çekiç,
Soň sährany söküp çöllere çykyp,
Çöllerden ugradym daglara tarap.
Perhat Şirin diýip dag ýaran bolsa,
Menem onuň üçin daglary ýardym.
Emma diňe ýaryp oňaýmadym men,
Men dagy owratdym,
Gum bilen gardym.
Onsoň men olardan kerpiç ýasadym.
Kerpiçlerden bolsa jaý gurdum gat-gat.
Diýdim: «Mähribanym, dynjyň al indi,
Gündiziň parahat! Gijäň rahat!»
Şondan bäri ony besläp ýörün men,
Ynha, şu günlerem
şol besläp ýörşüm...
...Emma bir ýerlerde däri ysy bar,
Ýene bir ýerlerde ereýär gurşun.
Ýene ol gözele wehim abanýar.
Ýene mahal-mahal howsalaly men.
«Meniň Ýerjemalym parahat bolsun!»
Diýip, garşylaýan her bir ýyly men.
Bagrym badaşykly ol gözel bile,
Ol bolmasa – men ýok,
Men bolmasam ol.
Eziz Ýerjemalym – mähriban Ýerim,
Ýene aşygyňdan
şeýle KASAM al:
Sen bir zady gömmekligi ynansaň –
Men ol zady göwräm bile gömerin.
Sen bir zady dymmaklygy ynansaň –
Agzym, burnum, hamym bile dymaryn.
Seni gorap ýörkäm sataşsa bir ot –
Men ol oda göwräm bile uraryn.
Ot meni ýandyrmaz. Ýandyraýsa-da,
Ot içinde baýdak bolup duraryn.
Ýykylman duraryn. Lowlar duraryn.
Birden öläýsem-de ýetip ajalym,
Meniň Senden gaçyp gitjek ýerim ýok –
Ýene ýatjak ýerim
mele gujagyň.
Kerim Gurbannepesow