Şilluk balyk tutýar.
Şenbe güni Gabe Şambilden çykdyk-da, günorta, Bahr-el-Jebele tarap ugradyk. Derýa bu ýerde kän öwrüm edýän eken. Hünnüler kän göze ilmeýär. Aram-aram gabat gelýän, uly kül üýşmekleri bilen gurşalan örän garyp kümeler görünýär, ýöne olar batgaly çöllük bilen sazlaşyp gidýär. Bu ýerde ornitologlaryň «Balaeniceps rex», araplaryň bolsa «abumerkub» («paşmak çüňk» ýa-da «läheň kelle») diýip atlandyrýan we diňe Ak Niliň batgalygynda gabat gelýän owadan guşuny gördüm. Ol özüne mahsus çüňkli uly kellesini ýokaryk galdyryp, gämimizden birnäçe ýüz metr uzaklykda gymyldaman otyrdy. Ýekşenbe güni irden Bora geldik.Ol öň täjir Akkadanyň eýeçiligindäki mülk eken. Indi Borada müsür esgerleri bolup, ol etrabyň häkiminiň düşelgesi eken. Ol häzir obada ýok
eken. Gäminiň kapitany bilen ülkäniň beýleki ilatly nokatlaryna meňzeş gurnalan zeribasyna bardym.
Onuň töwereginde hünnüleriň kümeleri we saman kepbeleri bar. Olaryň birnäçesi gamyş germew bilen birikdirilipdir. Germewleriň arasynda biri-birini kesip geçýän ýollar bar.Duşman taýpalaryndan we gijeki ýyrtyjylardan goranmak maksady bilen, bularyň ählisiniň daşyna sütünlerden we tikenli garaly agaçlaryndan ýasalan berk hem beýik haýat aýlanypdyr. Ysytmanyň güýjeýändigine we ysgynsyzdygyma garamazdan zeriba aýlandym, soň bolsa yzyma, häkimiň öýüne bardym. Ol täze suwalan, penjireleri ykjam goýlan, bu jelegaýda seýrek gabat gelýän göze gelüwli jaýjagazdy. Penjireleri edil Hartumdaky jaýlaryňky ýaly nagyş çekilip, gyzyl reňke boýalypdyr. Kiçi tutular jaýyň gelşigini artdyrýardy. Banan agaçlarynyň çarbagy öýe
saýa berýärdi. Bagyň içinden geçýän ýodajyk salkyndy. Onda amerikan maisi, arap dilinde «şitet» — capsicum conicum diýip atlandyrylýan kaýen burçy, kiçiräk limon we pyrtykal agaçlary, noýbadyr beýleki ösümlikler ekilipdir. Garaşylmadyk ýagdaýda esgerlere derhal «aýaga galma» buýrugy berildi, ýaragy bolan ýaragyny alyp, zeriba tarap ylgady. Ýarymaý suraty çekilen tuguny ellerine alyp, ýaragly adamlar göze görünmeýän duşmana tarap okduryldylar. Haýadyň burçlarynda gözegçilik üçin gurlan sekileriň birine çykyp, töwerege garadym, ýöne hiç hili howp görmedim. Duşmana haýbat hemem olara hüjüm etmek maksady bilen, topda pagtabent oky atyp goýberdiler. Topuň gürpüldisi, onuň sesini öň eşidip görmedik hünnülerde güýçli gorky döretdi. Haýatdan düşüp, ýuwaşlyk bilen yzyma gämä gaýtdym. Esgerleriň «aýaga galmasynyň» sebäbi beýle bir uly däldi. Birnäçe ýyl mundan öň boýun egdirilen hünnüleriň bor taýpasynyň mesgen tutan ýeriniň töwereginde ýaşaýanlary, şu gün esgerlerden närazydyklaryny bahana edip, zeribanyň bir süri goýnundan birnäçesini ogurlajak bolupdyr. Tiz wagtdan esgerler dolanyp geldiler.
Gije döräp biljek howpdan goranmak üçin, gämä dört adamy garawul goýduk. Öz borçlaryny akýü reklilik bilen ýerine ýetirýändiklerini barlamak we uklamazlyklary üçin, olara öz belgilerini uly sesleri bilen gygyrmaklaryny buýurdylar (welaýatyň ilatly nokatlarynyň ählisinde gijesine şeýle edilýär eken). Kaýutamyň iki ädim aňry ýanynda dördünji belgili garawul durdy. Ol «A-arba» diýip yzyny üzmän, harby lakamyny gaýtalap gygyryp, maňa uklamaga maý bermedi. Häkimiň orunbasary — wekil gämimizden peýdalanyp, ogurlyk etmäge hyýallanan hünnülere garşy harby hereket alyp baryp, olara temmi bermek isledi. Ol daňdan gämä elli sany ýaragly esgeri mündürdi. Ýarym sagat derýadan aşaklygyna Hyphaena thebaica ösümlikleri bilen basyrylan jeňňelligiň deňesinden ýüzüp, sag kenara direndik. Esgerler şobada ösgün otlaryň aňyrsynda gözden ýitdiler. Birnäçe minutdan yzly-yzyna tüpeň sesleri eşidildi. Hünnüler otlaryň arasynda bukulýandyrlar hasaplap, esgerler şol tarapa ok atýan ekenler. Men näçe seretsemem, hiç kimi görmedim. Takmynan, ýigrimi minutdan soň, esgerler oljaly dolanyp geldiler. Olar golaýdaky obanyň adamlaryna hüjüm edipdirler. Erkek göbeklileriň köpüsi gaçan eken. Esgerler erkek adamlaryň birnäçelerini ýüzin ýatmaga mejbur edendiklerini gürrüň berdiler. Tutulyp getirilen erkek adamlar paç hökmünde kyrk sany uly sebet däne bermelidiler. Menem öz gezegimde ýagdaýdan peýdalanyp, kolleksiýam üçin birtopar
ownuk zatlary satyn aldym. Bor taýpasynyň ýaşaýan obasynyň kümeleri azda-kände belli bir tertip boýunça ýerleşipdir, her ýerde gurlan kümelerem bar. Bu kümelerpessejik hem tegelek bolup, onuň diwarlary pal çykdan edilipdir, saman üçekleri konus görnüşli
eken. Kümeleriň köpüsiniň öňünde edil girelge
gapy bilen boýdaş, öňi açyk, iki fut beýiklikde,
boýra bilen ýapylýan uly bolmadyk goşmaça rekuba gurlupdyr. Gämimize («Ysmaýyl») oljalaryň barysy getirilenden soň, yzymyza, Bor zeribasyna tarap ugradyk. Ol ýerde esgerler, ýesirler, içi däneli gaplar kenara düşürilenden soň, Lado tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Günüň dowamynda hünnüleriň obalarynyň aglabasynyň deňinden ýüzüp geçdik. Obalarda adam ýaşamaýan ýalydy.Bizi görendessine ýerli adamlar gorkularyna gizlendiler. Gämimiz kümeleriň deňin den geçip gidenden soň, kümeleriň aňyrsyndan adam kelleleri göründi.Agşamara Nil derýasynda suwa düşünýän atsürüsini gördüm. Ýalpak ýerleriň köplügi üçin gije labyrymyzy taşlap düşlemeli bolduk. Ertesi günem ýol külterlemek kyn boldy. Şunlukda, köp wagt ýitirdik. Muňa garamazdan, on ýedi günlük syýahatymyzdan soňra, 7-nji noýabrda agşamara Lado geldik. Şol agşam Gordon patyşanyň hatyny dolandyryjy edaranyň lukmany doktor Emin ependä (Gündogarda «ependi» lakamy şerigat kanunyny gowy bilýän adama berilýär) gowşurdym.
Doktor Emin ependi örän bilimli adam bolup, ol Berlinde okan eken. Fransuz dilinden (şol wagt şu dilde gürleşdi) başga-da ol gündogar dilleriniň köpüsini bilýän eken. Ol Buganda eden saparyndan ýaňy-ýakynda dolanyp gelipdir. Gubernatoryň tabşyrygy boýunça hökümdar Mtezanyň ýanyna ilçi bolup gidip gelipdir. Gordonyň görkezmesine laýyklykda, ependi «Ysmaýyl» gämisi bilen Hartuma gitmelidi. Şonuň üçin men onuň ýanynda birküç günden artyk bolup biljek däldim. Gämimizde birentek mürzedir hökümet emeldarlary Lado geldiler. Adamlaryň hemmesini ýerleşdirmek üçin jaý ýeterlik bolmady. Ýöne Hartuma gaýtmak üçin adamlaryň köpüsi Ladony terk
etmeli bolansoň, öýleri hökman boşatmalydy. Şol
sebäpden täze gelenlere gämide wagtlaýyn galmak teklip edildi. Adamlarym bilen bile bu teklibe boýun bolmaly bolduk. Emma Emin ependi gadyr edip, daşy
haýatly birnäçe kümeli çarbag howlusyny meniň
ygtyýaryma berdi. Jaýyň içini tertibe salýançalar
gämide boldum. Her gün diýen ýaly agşamlaryna
gara bulut gelip, köplenjem ýagyş ýagýardy. Edil
meniň üçin ýagyş gaty biwagt ýagdy. Ertesi maňa taýynlanan jaýa göçmelidigim sebäpli goşlarymy paluba çykaryp, taýyn edip goýupdym: gijeki ýaly howany hiç haçan görmändim. Ýagyş gijesi bilen dynman ýagdy. Üstesine, salon-kaýutanyň üçeginden suw damyp başlady. Şonuň üçin maňa ýatmaga gury ýer tapylmady. 13-nji noýabrda, ahyrsoňy özüm üçin niýetlenen kümä göçdüm. Bari taýpasynyň adamlary köp bölegi öl-myžžyk bolan goşlarymy täze jaýyma geçirdiler. Gämiden kenara düşüp, öýe ýerleşenimden soň, ýagdaýym gowulaşdy, rahatlandym, mundan aňryk Makaraka ülkesine kerwen bilen ýolumy dowam etdirmegi maksat edindim. Şonuň üçinem kerwen gelýänçä garaşyp, Ladoda galmalydym. Wagtymy zoologiýa we etnografiýa maglumatlary ýygnamak üçin peýdalandym. Şol günden başlap ilatly nokadyň golaýynda ýaşaýan bari taýpasynyň adamlaryny öwrenip başladym. Olaryň kesirligi hemem meniň bilen gatnaşmak
islemeýändikleri sebäpli, kolleksiýamy artdyryp
bilmedim. Balykdyr pyşbaga satyn almak tagallamam başa barmady. Lado zeribasynyň ýaňy-ýakynda, ýagny, takmynan, iki ýyl mundan öň gurlandygy sebäpli, bu ýerde ýaşaýan adamlar heniz gorkudan saplanmandyrlar. Müsür goşungalasyna ynamsyzlyk edip, özlerini hakyky ilkidurmuş adamlary ýaly alyp barýan ekenler. Olaryň hijisi arap dilini bilmeýär eken. Gondokorazeribasynda ýagdaý başgaçady. Ol ýerde köp ýyllardan bäri hünnüler müsürliler bilen bilelikde ýaşaýarlar. Üstesine, katolik ruhanylarynyň täsirem ýiti
duýulýar. Müsür hökümetiniň ýuwaş-ýuwaşdan
öňki söwda zeribalaryny öz eýeçiligine geçirip,
täze harby berkitmelerini döredip başlaly bäri,
bari taýpasynyň arap dilinde gürleýänleri döwlet
gullugyna alnyp başlanypdyr. Müsür hökümetine
tabyn bolan beýleki adamlardan aýratyn toparlar döredilip, olar dragomanlar, ýagny dilmaçlar, araçylar we gözegçiler hökmünde ulanylypdyr. Uzak bolmadyk tanyşlykdan soňra, bari taýpasynyň adamlarynyň beýlekiler bilen gatnaşmazlyk häsiýetiniň, olaryň taýpasyna mahsus bolan özboluşly aýratynlykdygyna düşündim. Bu babatda olar meniň gijräk tanşan makaraka taýpamdan kän tapawutlanýardylar. Makarakalar bilen gatnaşyk saklap ugradym. Olar mümkin
bolan ownuk-uşak senetçilik önümlerini arkaýyn alyş-çalyş edýärdiler. Barilere näçe yhlas etsemem, olardan hiç zat alyp bilmedim. Dogrusy, olar her gün kümäme gelýärdiler, ýöne mydama garnyny görkezip, menden diňe iýmit soraýardylar. Eger olardan bir iş haýyş etseň ýa-da olaryň bezeg önümlerinden nämedir bir zat — itiň ýa-da ýolbarsyň dişlerinden düzülen monjuk, ýekegapanyň dişleri bilen bezelen demir ýüzük ýa-da bilezik Phacochoerus africanus satyn almakçy bolsaň, olar ýüz dönderýärdiler. Bari taýpasynyň erkekleri örän ussatlyk bilen ýasalan,
esasanam, demir ussasynyň yhlasy siňen bezegleri dakynýarlar. Bu bezegler olaryň ýeke-täk egin-eşigi eken. Erkekleriň aglabasy uzyn boýly, syratly, köpüsi
hor, elleri-aýaklary uzyn. Tersine, aýallaryň arasynda etli-ganlysy köp, uzynlary seýrek, köpüsi niň boýlary orta boýdan pes. Bari taýpasynyň adamlary keşbi bo
ýunça Bahr-el-Abiadyň we onuň gollarynyň kenarýakasynyň batgalyk ýerlerinde ýaşaýan aýaklary uzyn Nil hünnüleriniň toparyna girýär. Mysal üçin, olardan Sobat derýasynyň golaýynda oturýan niuak taýpasy, meniň bilşimçe, gündogar serhetýaka taýpalaryndan
bolmaly. Bu toparyň esasy wekilleri — Bahr-el Jebeliň töwereginde ýaşaýan nuer taýpasy we dinka ýa-da jange taýpalar toparyna girýän kiç (jemid, lau), el-liab, bor taýpalary, Bahr-el-Gazalyň töwereginde ýaşaýan etot, agar we rohl ýada rol taýpalary. Soňra kän adamly, birtopar kiçi taýpalara bölünýän bari taýpasy, demirgazykda ýaşaýan barileriň has uly şahamçasy çir (tşir), Lado we Belinian daglarynyň töwereginde ýaşaýan bari taýpasynyň özi we günbatarynda ýaşaýan ni-ambara taýpalary hem Nil toparyna girýär. Biri-birinden daşlykda duran köp sanly uly şahalara bölünýän şilluklaram häzire çenli özleriniň ilkibaşda ýaşan ýerlerinde ýaşaýan, ýaňy ady agzalan hünnüleriň uly toparyna goşmaly. Mekany demirgazyk giňişliginiň 12°-a çenli ýaýrap gidýän demirgazyk şilluklara, günbatarda Bahr-el-Gazaldaky jur taýpasy goşulýar, günortada şuli taýpasynyň adamlary bu uly toparyň wekilleridir. Beýleki halklarda bolşy ýaly, bari taýpasynyň aýallaram erkeklere garanyňda bezeglere has uly ähmiýet berýär.Gartaň aýallar geçiniň hamyndan
edilen eginbaş geýýärler (eginbaşy tersine öwürseň, onda ol biziň dagda ýaşaýan adamlarymyzyň bagana ýapynjasyna meňzeýär). Ýaş aýallar ýaňky geýimden başga-da, Sudanyň ilatynyň gaýyş guşaklygyny ýatladýan öňlük dakynýarlar. Pagta ýüplüginden örülen, giňligi bir garyş guşak ýaş aýalyň biline daňylýar,guşakdan biri-birine çolaşýan ýüplükleriň gür syrgyny aşaklygyna gaýdýar. Gyzlar öňlüge derek guşaga berkidilen, dyzlaryna çenli baryp ýetýän «barika» diýip atlandyrylýan öňlük geýýärler. «Rahat» diýlip atlandyrylýan guşagyň üçünji görnüşini diňe ýaşajyk gyzlar we çagalar geýýärler, guşakdan uzynlygy 20-40 santimetr bolan, halkalanyp ýasalan demir zynjyrjyklar sallanýarlar. Gyz ýörände beýleki bezegler bilen bilelikde (boýnundaky monjuklar, el-aýak üçin monjuklar, bilezikler), demir halkajyklar biri-birine degip ses edýär we gyza haýbatly sypat berýär. Köp ýyllardan bäri gazanç mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, bari taýpasynyň erkeklerem aýallaram mata ulanmaýarlar we köne däp-dessurlaryny saklaýarlar. Zeribada erkeklerden has işeňňir, arkasy bir daňy odunly aýallara duş gelse bolýardy. Olar ýanlary bilen kiçiräk sebet alýarlar, odun salmak we beýleki ownuk hyzmatlary üçin, ýagny suw getirmek, howlyny süpürmek, gap-çanak ýuwmak ýaly iş edenlerinde, zähmet haky hökmünde alan birki goşawuç durry dänelerini şoňa salýarlar. Bari taýpasy hem dinka taýpasy ýaly maldarçylyk bilen meşgullanýar. Gündeki ylmy-barlag işlerimi ýazga geçirenimden soň,wagtymy geçirmek üçin zeribanyň töwereklerine gezelenç edýärdim. Iki ýyl mundan öň Gordon patyşanyň tagallasy bilen arassaçylygy saklamak hem önümçiligi artdyrmak maksadyndan ugur alnyp, Lado zeribasy giňeldilipdir. Samuel Bekeriň guran we Bahr-el-Jebeliň öňki esasy zeribasy, Nil derýasynyň gündogar kert kenarynda ýerleşenGondokora derýanyň suwunyň peselmegi sebäpli gämileri kabul etmegini bes edipdir.
Derýanyň goly soňky ýyllarda ugruny günbatara
tarap üýtgedipdir. Şol sebäpden derýanyň zeriba
ýerleşen esasy goly ikinji derejeli gola öwrülipdir. Bu ýagdaýlar Gondokoranyň arassaçylygyna düýpli täsir edipdir. Şonuň üçin Hartumdan gelýänleriň arasynda içagyry we beýleki keseller sebäpli aradan çykýanlar köpelipdir. Çep tarapda, kert kenarda gurlan täze zeriba derýa derejesinden birnäçe metr ýokarda ýerle
şipdir. Ýagşyň köp ýagýan möwsümi derwezesine çenli tokaý bilen gurşalan zeribanyň daş-töweregi batgalyga öwrülýär. Ýyl geldigiçe şertler barha gowulanýar, ýöne şeýle-de bolsa, zeribanyň ýykylmak we çökmek howpy bar. Derýanyň aram-aram suwunyň azalmagy hemde ot basmagy bilen gämileriň uzak wagtlap bu
ýerlere gelmezligi ilat arasynda açlyk howpuny döredýärdi. Gordon patyşa bu ýagdaýy göz öňünde tutup, azyk üpjünçiligiň köne düzgünini ýatyryp, derýa zeribalarynyň ählisini Hartumdan azyk getirmek arkaly üpjün etmegi ýola goýupdyr. Ýöne islegiň has artyk bolmagy sebäpli, durrynyň bahasy Hartumda-da örän çalt ýokary galdy. Şonuň üçin öz ilatyny welaýatyň çägindäki ätiýaçlyklar bilen üpjün etmelidigini aýdyp, Gordona görkezme geldi. Meýilnamasyny ýerine ýetirmäge ýetişmänkä, müsür Sudanyny dolandyrmagy öz boýnuna almak üçin ol Ladony we Niliň ýokarky ýerlerini taşlap gitmeli boldy. Makarakanyň müdiri Bagit aga bu ülkeleriň däneli ösümliklere baýdygyna we olary Niambara ülkesiniň tokaýlyklarynyň we sawannalarynyň üsti bilen getirmegiň, her nämede bolsa, ýeňil boljakdygyna Gordonyň ünsüni
çekdi. Bu tokaýdyr sawannalar Lado çenli gelip ýetýär. Zeribanyň demirgazyk derwezesinden birnäçe sagatlyk aralykda Niýerkani daglary, Jebel Lado ýerleşýär. Dagyň üstünde ajaýyp seýilgäh landşafty açylýar: dagyň ýokarsynda birnäçe ägirt uly agaçlar görünýär, olar eňňitden aşaklygyna gitdigiçe ownap, gyrymsy agaçlara öwrülip gidýärler, gözýetimde agaçlar Niambara daglarynyň eteginde gutarýan ýalydy. Gür gy rymsy agaçly ýek-tük batgalyklar ýekegapanlar üçin howpsuz gaçybatalga bolup hyzmat edýär. Zeribanyň
alkymynda bolsa, asmanda gaýyp ýören köp sanly çaýçaňňalak-maslykçy guşlar (Vultur barbatus, Vultur monachus, şeýle-de Vultur Riippellii) özlerine olja gözleşip, aram-aram ýere düşýärler, ähli zir-zibilleri dörýärler. Olar pişelerini, hatda golaýlaryna adam gelse-de bes etmeýärler, sebäbi bu guşlar adamdan çekinmeýärler. Gadymy döwür müsürlileriň edişi ýaly, häzir sudanlylar hem howany arassa saklaýan bu ganatly jandarlary gorap saklaýarlar. Daş zyňdym, gygyrdym, garaz, olary uçmaga mejbur etdim, ýöne guşlar tagaşyksyz böküp, birnäçe ädimden gonup, ýenede iýmleri bilen boldular. Maslykçylaryň töwereginde ýalpyldawuk ak döşli gargalar gezişip ýorler, olaryň gagyldylary hem biziň gargalarymyzyň gagyldylaryndan kem däl eken. Howada ýeňil uçýan, erjel «milanlar» asmanda dyngysyz gaýmalaşýarlar. Bu gaýduwsyzlar çaýçaňňalagyň ýa-da özi ýaly guşlaryň agzyndan oljany kakyp alyp gidip bilýärdiler.