II bap
Makaraka ýurduna syýahat.
1876-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Hartuma dolanyp geldim. Bu ýerde has uzaga çekjek syýahatymyň meýilnamasyny düzmelidim. Sudana Darfurda barlag işlerini geçirmek üçin gelipdim, ýöne häzir bu maksadym başa barjak däldi, sebäbi heniz Müsür hökümetinden rugsatnama almandym. Şeýle hem, şol wagt Darfura syýahat edäýmek aňsat däldi, şertler kynlaşypdy. Ýurtda açlyk başlapdy, gymmatçylyk höküm sürýärdi. Hartumda durrynyň bir ardebi (ardeb — şol wagtky Müsüriň uly giňişligindäki ýerli ýagdaýa görä, 130-200litr aralygyndaky ölçeg birligi) bir taler2 bolsa, Darfur ülkesinde onuň bahasy otuz talere baryp
ýetýärdi. Sudana gelip, etnografiki maglumatlary ýygnamaga başlanymdan we ýerlere gidip, aýry-aý
ry taýpalary has düýpli öwrenmäge mümkinçilik alanymdan soň, mende köphudaýlylyga uýýan taýpalaryň ýurtlaryna uzak möhletleýin syýahaty gurnamak islegi gün geldigiçe artýardy.
Edil häzir Darfura gitmek üçin rugsatnama gerekdir diýip pikir edemok, sebäbi amerikalylaryň gatnaşmagynda Müsüriň baş ştabynyň geçen ýyldaky ekspedisiýasy, meniň pikirimçe, bu ýurdy ýeterlik barlan bolmaly. Şol ekspedisiýanyň birnäçe agzalary bilen tanyşdym we olardan bu ýerleriň birnäçe kartalaryny, astronomiki ýol görkeziji bellikleriň bir toplumyny aldym. Şonuň üçin Darfur boýunça işleriň esasy bölegi tamamlanyp, diňe jikme-jik, ýörite barlag işlerini geçiräýmek galdy diýip hasap edýärdim.Müsürliler bilen amerikalylaryň bilelikdäki ekspedisiýasy Darfurdan günortada ýerleşen mis känlerinden başlap, en-Nahas we Wadanyň serhedine çenli aralykda barlag işlerini geçirdiler. Ýöne syýahatymyň şertleri şol ekspedisiýanyňky ýaly bolup biljek däldi. Onuň üstesine-de,
Darfura belet tanyşlarym bu ülkä syýahat edenime degmejekdigini aýdyp, meni ynandyrdylar. Garaz, men Darfura etjek syýahatymdan ýüz döndermeli boldum.
Şonuň üçin Gordon patyşanyň dolandyrýan ülkesine uly syýahaty amala aşyrmagyň azda kände hatarlydygyna garamazdan, Bahr-el-Jebeliň ýokary akymynda ýerleşen, Ekwatorial welaýatynyň merkezi Lado ugramak kararyna geldim. Jübimdäki rugsatnama bilen ahyrsoňy syýahata arkaýyn taýynlanyp biljekdim. Dürli goş-golamlarym bilen birlikde ulag hökmünde
üç eşek satyn aldym. Bizi Lado äkitmeli «Ysmaýyl» gämisine goşlarymyzy ýerleşdirenimizden soň, Kopp ikimiz syýahata taýýarlyk işlerimize ymykly girişdik.
Ahyry 22-nji oktýabrda sagat 12-de «Ysmaýyl» gämisi Hartumdan ugrady. Ras-el-Hartumyň daşyndan aýlanyp, Ak Nile tarap ugramak üçin Mawy Niliň kenarýakasy bilen ýüzüp başladyk. Sandal agajynyň odunlaryny ýüklemek üçin, gämi Kawede iki gün saklandy. 29-njy oktýabrda agşamara Faşoda bardyk. Ol ýerde güýçlitupan turdy. 30-njy oktýabrda irden Sobat zeribasyna geldik. Gämi gatnawlarynyň artmagy sebäpli bolsa gerek, soňky döwür zeribada taýyn duran odun ýokdy. Şol sebäpden bu ýerde birnäçe wagt saklanmaly bolduk. Köne tanşym, zeribanyň müdiri Zýurur ependi bilen sowgat alşyp berişdik. Şeýdip etnografiki kolleksiýam biraz baýlaşdy.
1-nji noýabrda öýleden soň, günorta tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Sagda, çepde göz ýetirip bolmajak ymgyr düzlük ýaýlyp ýatyrdy. Derýanyň gyralarynda «omm-suf» (Vossia procera) oty nagyşlanan ýalydy. Soňra uzakda, çep tarapda «Acacia verugera» akasiýalarynyň beýik bolmadyk agaçlarynyň jeňňelligi göründi. Beýleki kenarda, ot basan düzlükde, töwereginde dum palmalary ösüp oturan köp sanly şilluklaryň obalary göründi. Papiruslaryň ülkesine aýak basdyk.Derýanyň bölünýän ýerlerinde suwotularyň arasyny böwsüp, ýol ýasap geçmeli bolýardy. Gür suwotularyň, gamyşlaryň we papiruslaryň arasyndan egrem-bugram derýa bilen iki günläp ýüzdük. Ahyrsoňy 4-nji noýabrda Gabe Şambile geldik.