Tena dagyndan getirilen demir halka
Bu obada ýaşaýan adamlaryň esasy käri balykçylyk eken. Durry ösdürip ýetişdirýänem bolsalar, balyk olaryň iýmitiniň esasy bölegini düzýär, durryny ekmegiň we hasylyny ýygnamagyň esasy agramy aýallaryň boýnuna düşýän eken. Gap-çanaklaryň arasynda gabaraly, agaçdan edilen, içine uzyn, agyr soky daşy salnan sokulara üns berdim, onda durrynyň dänelerini döwýän ekenler. Olaryň gap-gaçlary, galapyn, ýarym şar görnüşde ýasalan palçyk küýzelerden, guradylan kädilerden edilen gaplardan, şeýle-de, pyşdylyň gapaklaryndan ybarat eken.
Obadan çykyp gaýdanymyzda, niuaklar bilen mähirli hoşlaşdyk. Kethuda Deng bolsa jogap edip, meniň ýanyma myhmançylyga gelmeklige söz berdi. Agşam derýada bäş gaýyk gördüm. Olar meniň tanşan niuaklarym eken, gäminiň deňesinde öküziň derisini ýere ýazdylar-da, geçip oturdylar. El depregini çalyp, gaty sesleri bilen aýdym aýtmak arkaly meniň bilen salamlaşdylar. Olary gämä çagyrdym. Olar başlaryny egip maňa tarap ýörediler, ellerini uzadyp, ýere çökdülerde, maňa seretdiler, bu olaryň salamy eken. Soňra
hersi aýagymyň ýanynda öz sowgatlaryny goýdular: žirafanyň, gäwmişiň, antilopanyň derileri hemem naýzalar. Bir gurply niuak geçi, kethuda bolsa ak sygyr getiripdir. Sygyr gaýyga daňylgy halda onuň yzy bilen ýüzüp gelýärkä, geň galyp ony synladym. Niuaklaryň sözlerine görä, Sobat derýasy dört goluň bir ýere birikmegi bilen döreýär: Addura, Nikuar, Gelo we Abual. Bu derýalaryň kenarlarynda niuak taýpasy ýaşaýar. Niuak taýpasyndan aňyrda — günorta-gündogarda, adybir derýanyň kenarynda niuaklaryň dilinde gürleýän bondýak taýpasy ýaşaýar diýip, zeribanyň
iş dolandyryjysy aýtdy. Günorta tarap ondan Anyrlygyna gitseň, ýene-de adybir derýanyň kenarynda jibbe taýpasy mesgen tutupdyr. Olaryň özbaşyna dilleri bolup, olara Sobat ülkesiniň iň uly halklarynyň biri diýýärler. Olardanam aňyrda kunkunglar ýaşaýar eken: olaryňam aýratyn dili bar. Adybir derýanyň kenarynda ýaşaýan nikuar taýpasynyň adamlary baý maldarlar eken. Olaryň goňşulary bolan çai taýpasynyň adamlary zäherlenen peýkamlary ulanýar diýip gürrüň berýärler. Ýokardaky maglumatlar anyk bolmasa-da, Sobatyň gözbaşy, onuň gollary, kenarýakalarynda ýaşaýan ilat barada düýpli maglumatlaryň ýokdugy sebäpli, bu maglumatlar häzirem uly ähmiýete eýedir.Derýa bilen ýokarlygyna gidenimde dilmaç hökmünde ýanym bilen alyp gider ýaly üç adamy kethuda Dengiň adamlarynyň arasyndan saýladym. Şonda olar obadaky tiredeşlerine tarap seredip gaty gygyrdylar, elleri bilen bir zatlar düşündirdiler. Şondan soň adadan gaýykly iki sany aýal ýüzüp geldi, olar gaýykdan düşüp, gämiden kenara düşen erkeklere garaşdylar. Ýere düşüp, erkekler ellerini gowşurdylar-da, aýallaryň öňünde dik durdular. Olar aýallaryň pyşyrdap aýdan dogalaryny tolgunmak bilen diňlediler. Şondan soň erkekler gämä dolanyp geldiler-de, özleriniň ýola gitmäge taýyndyklaryny aýtdylar.