Şilluklaryň kümeleri.



Bel­li-bel­li se­bäp­le­re gö­rä, ga­ra­ten­li­ler bi­ze golaý­laş­ma­ga gork­du­lar-da, gar­şy­myz­da­ky ke­nar­da sak­lan­dy­lar. Gä­mi­miz­dä­ki bir şil­luk es­ge­rden şilluk­la­ry bu ýe­re çagyrmagy ha­ýyş et­dim, ýö­ne nä­çe ça­gyr­sa­gam, olar ýa­ny­my­za gel­mä­ge milt edip bil­me­di­ler. Ahyr­so­ňy azyk ber­jek bol­ýa­ny­my­za dü­şü­nen­soň­lar, şil­luk­la­ryň bi­ri gor­ku­sy­ny ýe­ňip, sal bi­len ýü­züp gel­di. Oňa çö­rek­dir dur­ry (Af­rika­da bug­da­ýa meň­zeş azyk önü­mi) ber­dik. Soň­ra olar­dan naý­za, peý­kam we beý­le­ki ön­dür­ýän zat­la­ry­ny So­bat ze­ri­ba­sy­na — oba­sy­na ge­tir­mekle­ri­ni ha­ýyş et­dim. Mu­nuň üçin aň­ry­ýa­ny bi­len
hak tö­le­jek­di­gi­mi hem sö­zü­miň üs­tü­ne goş­dum.
Onuň sa­lyn­da­ky ýü­pe dü­zü­lip goý­lan bir­küç sany ba­ly­gy al­mak üçin gä­mi­niň adam­la­ry oňa ýene-de dur­ry ber­di­ler. Ol göw­nü­hoş hal­da ýü­züp, göz­den ýi­tip git­di. Bu sa­da adam­la­ry özü­ňe ma­ýyl edip, ola­ryň kö­me­gi bi­len adam aýa­gy ba­sylma­dyk ýer­le­re, yk­ly­myň jüm­mü­şi­ne ba­ryp gö­rüp bol­jak­dy­gy ba­ra­da bi­yg­ty­ýar oý­lan­dym. Soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ran sy­ýa­hat­la­rym­da top­lan tejri­be­le­ri­me gö­rä, şun­dan ugur al­sam özü­me bähbit­li bol­jak­dy. Se­bä­bi ýer­li adam­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk sak­la­ma­gym ýa­nym bi­len bir­nä­çe
hyz­mat­kär-ýet­gin­je­gi alyp, bar­ma­sy kyn ül­ke­le­re
sy­ýa­hat et­me­gi­me kö­mek edip­di. Wagt­dyr aşa
sa­byr­ly­lyk me­niň esa­sy ýa­ran­la­rym bo­lup­dy. Üstün­lik­le­rim üçin men hut şu­la­ra min­net­dar. Gün ýa­şan­dan soň, gä­mä odun ýük­le­mek işi tamam­lan­dy. Biz ýe­ne-de der­ýa bi­len ýo­kar­ly­gy­na ýü­züp ug­ra­dyk. Be­ýik ke­nar­lar dur­şu­na to­kaý­lyk eken. Ýö­ne ir­den tu­rup, pa­lu­ba çy­ka­nym­da bir agaç hem gör­me­dim — çep ta­ra­py­my­zam, sag ta­ra­py­my­zam göm-gök öw­süp otu­ran düzlük­di. Soň­ky bir­nä­çe gü­nüň do­wa­myn­da bu ýaý­lyp ýa­tan düz­lü­gi dür­li rö­wüş­de gör­ke­zip, me­niň
ün­sü­mi çe­ken ýe­ke-täk tä­sin­lik ga­bat gel­di, olam
py­ýa­da ýö­rä­niň­de bir-bi­rin­den ýa­rym sa­gat­lyk
uzak­lyk­da ýer­le­şen, her­si ýig­ri­mi-otuz tu­kul­dan
yba­rat yz­ly-yzy­na ga­bat ge­len hün­ni oba­la­ry boldy. Tu­kul­la­ryň soň­ky bö­le­gi edil ke­nar­ýa­ka­da, bir bö­le­gi bol­sa dur­ry eki­len meý­dan­ ça­la­ryň ara­syn­da gur­lup­dyr, arala­ry ýüz metr çe­me­si bar. Gä­mi­dä­ki bu ýer­le­re be­let adam­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, bu oba­lar nu­ýer taý­pa­sy­nyň­ky bol­ma­ly. Ola­ryň ýa­ry­sy otu­rym­ly, beý­le­ki bö­legi bol­sa bu ýer­le­re dur­ry­nyň ekil­ýän we ha­sy­lynyň alyn­ýan wag­ty gel­ýän eken­ler, möw­süm­den
soň olar ýe­ne-de yz­la­ry­na gaýd­ýar­lar. Kü­me­leriň kö­pü­si­niň gap­dal­la­ry çö­küp, ýaý­baň jaň­ja­gaz gör­nüş­li üçek­le­ri­niň de­pe­si dü­ýe­gu­şuň ýu­murtga­la­ry ýa-da çüý­şe­ler bi­len be­ze­lip­dir. Er­kek­ler ýa­rym-ýa­la­ňaç, aýal­lar bol­sa öň­lük­li gez­ýär­ler. Çö­pür saç­la­ry öz­bo­luş­ly ýa­pyn­ja bi­len ör­tü­lipdir ýa-da gy­zy­lym­tyl-çy­par reňk bi­len bo­ýa­lypdyr. En­dam­la­ry çal kül bi­len su­wa­lyp­dyr. Dur­ry­ly meý­dan­la­ryň her ýer­le­rin­de tag­ta se­ki­ler di­ki­lipdir, ola­ryň üs­tün­de ça­ga­lar us­sat­lyk bi­len ekin ga­rant­ga­sy­nyň keş­bi­ni oý­na­ýar­dy­lar: el­le­ri­ni galga­dyp, ga­ty ses­le­ri bi­len ga­ra jok­jo­ky­la­ryň san­syz
sü­rü­le­ri­ni kow­ýar­dy­lar. Gi­je sa­gat 3 tö­we­re­gi fa­lang taý­pa­sy­nyň kethu­da­sy Amo­lyň oba­sy­na gel­dik. Ir­den oňa dil­majyň kö­me­gi bi­len ho­ja­lyk en­jam­la­ry­ny we ýa­rag al­mak­çy bol­ýan­dy­gy­my aýt­dym. Oba­da iki ýüz
tö­we­re­gi tu­kul bar, ola­ryň ara­la­ry dur­ry eki­len meý­dan­lar bi­len bö­lü­nip­dir. Bu oba­nyň fa­lang taý­pa­syn­dan bo­lan adam­la­ry geň ga­ly­şyp, gä­mimi­zi, esa­sa­nam, onuň he­re­ket­len­di­ri­ji çar­hy­ny syn­la­ýar­dy­lar. Oba­ny aý­la­na­ny­myz­da ket­hu­da Amol bi­ziň ýa­ny­myz­da bol­dy. Kü­me­le­riň gurlu­şy nä­çe ýö­ne­keý bol­sa-da, bu ýer­de-de ola­ryň eýe­le­ri­niň baý­dy­gy ýa-da ga­ryp­dy­gy göz-gör­te­le bil­dir­ýär­di. Ba­ýyň kü­me­si göw­rü­mi­niň ulu­ly­gy, aras­sa­ly­gy, üçe­gi­niň berk­li­gi we çy­byk­dan örü­len ha­ýa­dy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­dy.Oba adam­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ta­lap­la­ry ju­da pes bol­sa-da, şol ta­lap­la­ry hem ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­ýan ga­ryp­lar
bar eken. Olar ýa­şa­ýyş üçin gö­reş­de gurp­ly taý­pa­daş­la­ryn­dan has köp zäh­met çek­me­li bol­ýarlar. Bi­ziň bar­ma­ly ýe­ri­miz bo­lan Nas­ser ze­ri­basyn­dan gün­do­gar­rak­da, der­ýa­nyň o ta­ra­pyn­da­ky ada­jyk­da niuak taý­pa­sy­nyň ýa­şa­ýan oba­jy­gy bar eken. Ola­ry ýa­ny­ma myh­man­çy­ly­ga ça­gyr­mak üçin şol oba ba­ryp gaýt­mak­çy bol­dum, ýö­ne bir özü­mi goý­ber­me­di­ler. Ka­pi­tan­dyr ofi­ser­le­riň biri es­ger­le­ri bi­len gi­der­men bol­dy. Eger-de bu­lar ýa­nym bi­len git­se, olar bi­len ar­ka­ýyn­lyk­da tan­şyp hem bil­me­rin di­ýip pi­kir et­dim. Şo­nuň üçin olaryň bu meý­li­ni ret edip, taý­pa­nyň di­li­ne dü­şün­ýän iki es­ge­riň öňüm­den gi­dip, me­niň bar­ýa­ny­my
duý­dur­ma­gy­ny ha­ýyş et­dim. Go­laý­da ýer­le­şen
oba­nyň ket­hu­da­sy Ad­ýa­ka bi­len ga­ýy­ga mün­dükde, niuak hün­nüle­ri­niň oba­sy­na ug­ra­dyk. Ada­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da oturan oba­nyň bir çe­tin­dä­ki ga­myş bas­syr­ma­nyň as­tyn­da oba­nyň äh­li er­kek gö­bek­li­si ma­ňa ga­raş­ýan eken. Oba­nyň ket­hu­da­sy ýer­de, öküz der­isi­niň üstün­de or­na­şyp­dyr. Men onuň ýa­ny­na ge­çip oturdym. Beý­le­ki adam­lar bi­ziň da­şy­my­za üýş­dü­ler. Olar bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len me­ni syn­la­ýar­dy­lar. Menem da­şy­my­zy gur­şap alan ýa­rym-ýa­la­ňaç sudur­lar­dan gö­zü­mi aýyr­ma­ýar­dym. Öm­rüm­de ilkin­ji ge­zek öň ga­bat ge­lip ýö­ren adam­la­rym­dan düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan adam­la­ryň ara­syn­da otyr­dym. Tä­ze sy­ýa­ha­ta baş­lan adam hök­münde, me­niň gö­zü­me olar baş­ga dün­ýä­niň adam­la­ry bo­lup gö­rün­ýär­di. Adam­za­dyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şen tap­gyr-tap­gyr ne­sil­le­ri bu­la­ra hiç hi­li tä­si­ri­ni ýe­tir­män­dir. Me­niň üçin bu oba­nyň adam­la­ry adam jem­gy­ýe­ti­niň iň ga­dy­my döw­rü­niň we­kil­le­ri ýa­ly­dy. Arap dä­bi bo­ýun­ça ket­hu­da­nyň uza­dan eli­niň aýa­sy­na bar­mak­la­ry­myň uju­ny de­gir­dim-de, tö­we­re­gim­dä­ki­le­re üm­läp, özü­miň dost­du­gy­my we ni­ýe­ti­miň go­wu­dy­gy­ny duý­dur­dym, bu he­re­ke­time ol adam­lar öz­le­ri­niň be­gen­ýän­dik­le­ri­ni syzdy­ryp gü­lüş­di­ler. Kü­me­le­riň aňyr­syn­da bu­ku­lyp du­ran aýal-eb­tat­dyr ça­ga­lar hem öz bi­le­si­ge­li­jili­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin, gor­kup bu­ku­lyp
otu­ran ýer­le­rin­den çy­kyp ug­ra­dy­lar. Er­kek­le­ri­ňem, aýal­la­ry­ňam be­zeg­le­ri ýe­tik eken, be­zeg­leriň bol­lu­gyn­dan çen tut­saň, er­kek­ler has be­zemen gö­rün­ýär. Has go­wy gö­rül­ýän be­zeg­ler aý­na mon­juk­la­ry eken. Mon­juk­lar ži­ra­fa­nyň guý­rugy­nyň uzyn gyl­la­ry­na dü­zü­lip­dir. Olar be­zeg­le­ri mon­juk hem bi­le­zik hök­mün­de bo­ýun­la­ry­na we el­le­ri­ne da­kyp­dyr­lar. Mon­juk­lar ak, gök, gy­zyl we ýa­şyl reňk­de, kö­pü­sem ow­nuk. Ýew­ro­pa­da aýalla­ryň kü­müş bi­le­zik­le­ri­ni be­ze­ýän seý­rek teň­ňele­re de­rek, niuak­la­ryň bi­le­zik­le­ri­ni far­for ýa-da
fa­ýans gap-gaç­la­ryň bö­lek­le­ri be­ze­ýän eken. Bular ýa­ly gap-ça­nak­la­ry pil süň­kü­niň söw­da­sy­ny ed­ýän har­tum­ly­lar öz­le­ri­niň söw­da gä­mi­le­rin­de ge­tir­ýän bol­sa­lar ge­rek. Ýe­ne-de ola­ryň el­le­rin­de we aýak­la­ryn­da bir­nä­çe de­mir hal­ka­la­ry gör­düm, aýal­la­ryň hem­me­si­niň di­ýen ýa­ly go­şar­la­ry­na daky­lan pi­liň süň­kün­den ýa­sa­lan üç, hat­da dört sany ga­ba­ra­ly bi­le­zik­ler bu ýer­ler­de pil­le­riň köp­dü­gi­ni aň­lad­ýar­dy. Niuak­lar saç­la­ry­na dür­li usul­lar bi­len se­ren­jam ber­ýän eken­ler: ola­ryň birto­pa­rynyň saç­la­ry gys­ga edi­lip be­je­ri­lip­dir, beý­le­ki­le­riniň­ki gy­zyl-sa­rym­tyl reň­ke bo­ýa­lyp, uzyn­ly­gy­na goý­be­ri­lip­dir. Er­kek ki­şi­le­riň her bi­rin­de iki, üç, kä­bi­rin­de dört sa­ny naý­za bar, olar naý­za­la­ry­ny el­le­rin­den syp­dyr­ma­ýar­lar. Ola­ryň kä­bi­ri­niň elin­de berk
hem agyr «ebe­ne» aga­jyn­dan edi­len dür­re­le­ri
hem bar eken.
(Dowamy bar)

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir