1877-1878-nji ýyllar
I bap
Sobat derýasy boýunça syýahat.


Ady­bel­li rus sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň bir­nä­çe­si bilen 1875-nji ýy­lyň 1-11-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da Pa­riž­de ge­çen Ge­og­ra­fi­ýa kong­re­si­niň işi­ne gatnaş­dym. Bu ýer­de dün­ýä bel­li Af­ri­ka­ny öw­re­ni­jiler Nah­ti­gal, Rol­fe we Şweýn­furt bi­len ta­nyş­dym. In­di me­niň hy­ýal ed­ýän sy­ýa­hat­la­rym ha­ky­ka­ta.öw­rü­lip, anyk göz öňü­me ge­lip baş­la­dy. Meşhur sy­ýa­hat­çy­lar bi­len pi­kir al­şa­nym­dan soň, me­niň bar pikirim şol dö­wür­de ge­og­ra­fi­ýa­ny öw­re­ni­jile­riň üns mer­ke­zin­de du­ran Gün­do­gar Su­dan­da ýer­le­şen Dar­fur ül­ke­si­ne gö­nük­di. Men du­man bi­len ör­tü­len bu syr­ly ül­kä­ni yl­my taý­dan öw­renmek mak­sa­dy bi­len saý­lap al­dym. 1875-nji ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň ba­şyn­da Tri­ýes­te por­tun­da Alek­sand­ri­ýa bar­ýan uly gä­mä mün­düm-de, bäş gün­den soň Mü­sür ke­na­ry­na
ge­lip düş­düm. Sa­lam sa­ňa, Nil der­ýa­sy­nyň dö­reden tä­sin­lik­ler ýur­dy, iň ga­dy­my me­de­ni­ýe­tiň we yl­myň wa­ta­ny! Go­me­riň «Odis­se­ýa­sy­nyň» on dör­dün­ji aý­dymy­nyň «Bäş gün­den Mü­sü­riň dur­naň gö­zi ýa­ly
du­ry suw aky­my­na gel­dik...» di­ýen se­tir­le­ri bi­ygty­ýar ha­ky­da­ma gel­di. 1876-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da Har­tum­da bo­lanym­da, me­ni Ak Ni­liň go­şan­dy So­bat der­ýa­sy bo­ýun­ça «Ssa­fi­ýa» gä­mi­si bi­len sy­ýa­hat et­mä­ge çagyr­dy­lar. Gä­mi Nas­ser du­ral­ga­sy­na azyk el­tip, pil
süňk­le­ri­niň ýyg­nal­ýan tä­ze ýer­le­ri ba­ra­da mag­lumat top­la­ma­ly eken. Bu ça­ky­ly­gy uly hö­wes bi­len ka­bul et­dim. Me­ni bu sy­ýa­hat bo­ýun­ça esa­sy gyzyk­lan­dy­ran zat — ýig­ri­mi ýyl mun­dan öň ýewro­pa­ly­la­ryň il­kin­ji sa­par öw­ren­mek üçin ýe­ke­je ýo­la ba­ryp gaý­dan ýe­ri bo­lan Ak Ni­liň we So­batyň ýo­kar­ly­gy­na uzap gid­ýän ýüz­ler­çe ki­lo­metr ke­nar­ýa­ka­la­ry­dy.

25-n­ji aw­gust­da sy­ýa­ha­ty­my­zyň al­tyn­jy gü­ni sag ke­nar­da hün­nü­le­riň eden gur­lu­şyk­la­rynyň gör­nü­şi bo­ýun­ça aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýan il­kin­ji oba­sy­ny gör­düm. Şu wag­ta çen­li ga­bat ge­len tu­kul­la­ry­myň1 ter­si­ne, bu ýe­riň kü­mele­ri­niň üçek­le­ri ko­nus gör­nü­şin­de bol­man,.di­war­la­ram ýer­den gö­ni ýo­ka­ryk gal­ma­ýan eken; üçek­ler be­ýik güm­mez şe­ki­lin­de gur­lupdyr. Bu oba­nyň şil­luk­la­ryň­ky­dy­gy­ny bil­dim. Uly aga­jyň as­ty­na üý­şen hün­nü­le­riň birto­pary­ny gä­mi­de du­ran ýe­rim­de saý­gar­dym. Olar naý­za­la­ry­ny aga­ja di­räp, bi­ziň gä­mi­mi­zi üns bi­len syn­la­ýar­dy­lar.

Şu ýer­de arap ilat­ly ýer­ler ta­mam­lan­ýar. Hünnü­le­riň ül­ke­si­ne ga­dam bas­ýas. Gün­ba­tar ke­nar­da şil­luk­lar ýa­şa­ýar, ga­bat gar­şy­syn­da­ky ke­nar bol­sa din­ka­la­ryň­ky.Gün­ba­tar­da ulu­ly-ki­çi­li agaç­la­ryň jeň­ňel­lik­le­ri gö­rün­ýär.Ola­ryň ara­syn­dan her ýer­ler­den şil­luk­la­ryň oba­la­ry­nyň tu­kul­la­ry gö­zü­ňe il­ýär. Gündo­gar­da uç-gy­rak­syz düz­lük­den, ot bi­len ba­sy­ry­lan säh­ra­lyk­dan baş­ga hiç zat gö­rün­me­ýär­di, di­ňe kena­ryň er­ňe­gin­dekä ýer­de—seý­re­gem bol­sa jeň­ňellik­le­ri gör­se bol­ýar­dy. Ot­lu­ga ba­sy­ry­lan alaň meý­da­nyň her ýer­le­rin­den ži­ra­fa­la­ryň bi­ze ta­rap öw­ren uzyn bo­ýun­la­ry gö­rün­ýär­di, bir sü­ri (ýig­ri­mi-ýig­rimi bäş sa­ny da­gy bar) bo­lup ge­zip ýö­ren ki­çi kel­le ži­ra­fa­la­ry men il­kin­ji ge­zek gör­düm. Haý­wan­lar de­ňe­sin­den ge­çip bar­ýan gä­mi­den gork­man, ar­ka­ýyn ot­lap ýör­dü­ler, şol se­bäp­den ola­ry dür­bi bi­len syn­lap bil­dim. En­da­my­nyň şar ga­ra reň­ki bi­len beý­le­ki­ler­den saý­lan­ýan ži­ra­fa ün­sü­mi çek­di. Ol gar­ry ži­ra­fa bol­sa ge­rek.Bu owa­dan haý­wan­la­ry do­ly synla­ma­ga ýe­tiş­män­käm, dü­ýe­guş­la­ryň bir sü­rü­si peý­da bol­dy, ýö­ne olar ke­nar­dan daş­da­dy. Şo­nuň üçinola­ry dyk­gat bi­len syn­lap bil­me­dim.
(Dowamy bar)



1 Tukul — Hebeşustanda, Sudanda we gündogar Afrikanyň beýleki ýerlerinde gurulýan tegelek görnüşli öýlere aýdylýar.

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir