Af­ri­ka­ny öw­ren­me­giň ta­ry­hyn­da rus sy­ýahat­çy­sy Wa­si­liý Wa­sil­ýe­wiç Ýun­ker özü­niň gys­ga öm­rün­de (1840 — 1892) Ýo­kar­ky Ni­liň we lä­heň der­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan Kon­go­nyň hanala­ry­nyň de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri­ni bar­la­mak işin­de il­kin­ji­le­riň bi­ri ha­sap edil­ýär. Wa­si­liý Wa­sil­ýe­wiç (Wil­gelm) rus­la­şan ne­mes Ýun­ke­riň maş­ga­la­synda ene­den do­gul­ýar. Onuň ka­ka­sy gör­nük­li bank
iş­gä­ri bo­lup­dyr. Mosk­wa­da, Pe­ter­burg­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ola­ryň ban­ky­nyň şa­ham­ça­la­ry bar eken. Ýö­ne W. W. Ýun­ker ata kes­bi­ne eýer­män, Pe­ter­burg­da­ky gim­na­zi­ýa­ny ta­mam­lan­soň, Tartu­wyň (şol dö­wür Derp­ta) we Gýot­tin­gen uniwer­si­te­tin­de luk­man­çy­lyk hü­nä­ri bo­ýun­ça bi­lim.al­ýar. Em­ma luk­man­çy­lyk kä­ri ony gy­zyk­lan­dyrma­ýar. Döw­rü­niň bar­jam­ly ada­my bo­lan­soň, ýaş luk­man öm­rü­ni sy­ýa­hat­ etmeklige ba­gyş­la­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­ýär. Şöh­ra­ty bü­tin­dün­ýä ýaý­ran Afri­ka köp­ýyl­lyk sy­ýa­ha­ty­na Ýun­ker 1870-nji ýyl­laryň ahyr­la­ryn­da — 35 ýa­şyn­da baş­la­ýar. 1873-1874-nji ýyl­lar­da Ýun­ker Pe­ter­bur­gyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň hor­mat­ly ag­za­sy bol­ýar, ne­mes ta­ryh­çy­sy Teo­dor Momm­ze­niň Tu­ni­se gur­nan ar­heo­lo­gik eks­pe­di­si­ýa­sy­na gat­naş­ýar. Ol ýer­de Ýun­ker arap di­li­ni öw­ren­ýär. Arap di­lini bil­me­gi oňa de­mir­ga­zyk-gün­do­gar Af­ri­ka­nyň arap bö­le­gi­ne uzak möh­let­le­ýin öz­baş­dak sy­ýahat­la­ry gur­na­ma­ga uly ýar­dam ber­ýär. Ýew­ropa­ly­lar ta­ra­pyn­dan ju­da az ýa-da as­la öw­re­nilme­dik Af­ri­ka­nyň iç­ki se­bit­le­ri­ne ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­di­ren sy­ýa­hat­la­ry­na ta­ýyn­ly­gyň çä­gin­de W. W. Ýun­ker to­pog­ra­fik su­ra­ta dü­şü­riş teh­ni­ka­sy­ny hem öz­leş­dir­ýär. Mu­nuň üçin ol Ber­li­ne, kar­tog­raf Kip­pertu­wyň ýa­ny­na gi­dip, onuň eýe­ çi­li­gin­dä­ki bar bo­lan ýö­ri­te enjam­la­ry öw­ren­ýär.
1875-nji ýy­lyň tom­sun­da ýaş sy­ýa­hat­çy Pa­riž­de ge­çen Hal­ka­ra ge­og­ra­fi­ýa kong­re­si­ne gat­naş­
ýar. Ol ýer­de Ýun­ker dün­ýä bel­li Af­ri­ka­ny öw­re­niji­ler G. Nah­ti­gal, G. Rol­fe we G. A. Şweýn­furt ýa­ly öz döw­rü­niň öň­de­ba­ry­jy, ta­ny­mal ge­og­raf­la­ry bi­len du­şuş­ýar. Hut şol adam­lar rus sy­ýa­hat­çysy­nyň Af­ri­ka sy­ýa­ha­tyn­da ugur saý­la­ma­gy­na we onuň gel­jek­ki yl­my bar­lag iş­le­ri­ne düýp­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Köp­ýyl­lyk sy­ýa­hat­la­ryn­dan we yl­my-bar­lag iş­le­rin­den soň, W. W. Ýun­ker 1887-nji ýy­lyň ba­şynda ýur­du­na do­la­nyp gel­ýär. Şol ýy­lyň 9-njy ap­relin­de Rus ge­og­ra­fi­ýa jem­gy­ýe­ti Pe­ter­burg­da W. Ýun­ke­riň uzak möh­let­li sy­ýa­ha­tyn­dan sag-aman do­la­nyp gel­me­gi we ony özü­niň hor­mat­ly ag­za­sy edip saý­la­ma­gy my­na­sy­bet­li ýö­ri­te da­ba­ra­ly ýygnak ge­çir­ýär. Şol da­ba­ra­da W. W. Ýun­ker «Ekwa­to­ri­al Af­ri­ka gur­na­lan ýe­di ýyl­lyk sy­ýa­hat bara­da» at­ly te­ma bo­ýun­ça çy­kyş ed­ýär. Soň­ra bu ha­sa­bat şol jem­gy­ýe­tiň neşirlerinde çap edil­ýär.W. W. Ýun­ke­riň ama­la aşy­ran sy­ýa­hat­la­ry we
yl­my iş­le­ri onuň ady­ny Af­ri­ka­ny öw­re­ni­ji iň meş­hur sy­ýa­hat­çy alym­la­ryň ha­ta­ry­na goş­ýar. Rus­si­ýa­da bol­sa ol Af­ri­ka sy­ýa­hat eden rus sy­ýa­hat­çyla­ry­nyň iň ta­ny­ma­ly ha­sap­lan­ýar.

Gor­nung Mi­ha­il Bo­ri­so­wiç,
SSSR-iň döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si,
Rus ge­og­ra­fi­ýa jem­gy­ýe­ti­niň
hor­mat­ly ag­za­sy

Bi­li­mi bo­ýun­ça luk­man Wa­si­liý Wa­sil­ýe­wiç Ýunker Mer­ke­zi Af­ri­ka yl­my-sy­ýa­hat­çy­lyk eks­pe­di­si­ýala­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni ama­la aşyr­ýar. 1877-1878-nji
we 1879-1886-njy ýyl­lar­da Mer­ke­zi Af­ri­ka­nyň do­ly
öw­re­nil­me­dik ül­ke­le­ri­ne onuň gur­nan sy­ýa­hat­la­ry
ja­han­keş­de aly­ma dün­ýä­niň kar­ta­syn­da­ky bir­nä­çe «ak teg­mil­le­ri» ara­dan aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik
ber­ýär.
Af­ri­ka­ny öw­re­ni­ji meş­hur sy­ýa­hat­çy­nyň ýa­zan
gi­ňiş­le­ýin kys­sa­la­ry Ýe­riň nä­hi­li öw­re­ni­len­di­gini bil­mä­ge hö­wes ed­ýän her bir oky­jy­ny bi­parh goý­maz di­ýen umyt bi­len bu gym­mat­ly mag­lumat­la­ry türk­men oky­jy­la­ry­na hem ýe­tir­me­gi makul bil­dik.
(Dowamy bar)



Çeşme: Dünýä edebiýaty

Wa­si­liý Wa­sil­ýe­wiç Ýun­ker (Rus syýahatçysy)

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir