''Bismillahirrahmanirrahim''ähli haýyrly işleriň başydyr.ol Arşy Azamdan (Beýik Arşdan) ynsanlaryň eline uzadylan nurana bir ýüpden ybaratdyr.Gysgaça ady ''Bismillahdyr'' ''Bismillaha''daýanan ynsan butin äleme göz yetirip biler.Cunki bu yerde Belent Allaha ynanmakdan,dayanmakdan we boyun bolmakdan soz acylyandyr.Dünyäniň gapysy ''Bismillah'' bilen açylandyr.älem ''Bismillah''bilen gurulandyr.
''Bismillahirrahmanirrahim''
-
ata
16 years ago
- Indi biziň www.yslam.info sahypamyzyň jogapkärlerinden biri hem şu ýazgyny terjime edipdi. Umumy manyda ýokardaky bn birmeňzeş bolup, üýtgeşikleri hem bar bolanlygy sebäpli, ony hem bolşy ýaly goýmakçy bärä:
“Bismillahirrahmanirrahym”
Mähriban doganlar! Süreleriň başynda gelýän “Bismillahirrahmanirrahym” mukaddes jümlesi Allah kelamydyr (Sözüdir).
“Bismillahirrahmanirrahym” ähli haýyrly işleriň başydyr. Ol arşy agzamdan (Beýik Arşdan) ynsanlaryň eline uzadylan nurana bir ýüpden ybaratdyr. Gysgaca ady “Bismillah” dyr. “Bismillaha” bil baglaýan adam bütin äleme göz ýetirip biler. Çünki bu ýerde Beýik Allaha ynanmakdan, daýanmakdan we boýun bolmakdan söz açylýandyr.
Dünýäniň gapysy “Bismillah” bilen açylandyr. Älem “Bismillah” bilen gurlandyr. Her bir hadysa “Bismillah” bilen emele geler. Tebigat, haýwanat, älem, yklymlar, şeýle hem, iň kiçijik barlyklar-da “Bismillah” bilen hasyl bolarlar, myrat taparlar.
Haşru-neşir (öleniňden soňra direlme), Jennet – Jähennem “Bismillah” bilen laýykat tapjak. Möminlere “Bismillah” diýip Jennetiň gapysy açyljak we…ol ýerde “Bismillahirrahmanirrahymda” aňladylan Rahman we Rahym bolan Allahy görjekdirler. Älem “Bismillah” bilen başlaýşy ýaly, “Bismillah” bilen tamamlanjakdyr, Kyýamat hem “Bismillah” bilen gopjakdyr.
“Bismillahirrahmanirrahym” käbir din alymlary tarapyndan aýat kabul edilip, süreleriň aýat sanyna goşulandyr.
“Bismillahyň” türkmençe manysy:
“Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen” diýmekdir.
Her bir haýyr işe Allahyň ady bilen başlamak, ol işiň, enşallah, haýyr bilen jemlenjekliginiň alamatydyr.
Pygamberimiz: “Kim bir işe Bismillahirrahmanirrahym bilen başlasa, ol işi hökmany ýagdaýda haýyrly we hasylly bolar” diýipdir.
Her işiňe “Bismillahirrahmanirrahym” bilen başla. Her haýyrly gapyny açan, her haýyrly we hasylly işe ugrukdyran, her bir erbetligi dep eden, ýamana äkidýän ýollary beklän, aladaly, gaýgyly pursatlarda giňlik beren, öýke we gaharly hallaryňda sabyr beren “Bismillahirrahmanirrahym” kelamyny hemişe diliň senasyna öwür.
Ýürek bilen aýdylyp, yhlas bilen ýapyşylyp, sabyr bilen utgaşdyrylanda, “Bismillahirrahmanirrahym” ylahy kelamynyň açyp bilmejek gapysy, çözüp bilmejek meselesi ýokdur.
“Gidip barýas, öňe sary gadam bilen, enşallah,
Hiç çykmasyn aňymyzdan ol ylahy “Bismillah” !”
Çeşme: “Ýasin-i şerif, Tebäreke” kitabyndan.
-
ata
16 years ago
- "Bismillahirrahmanirrahim"-e gysgaça "Besmele", "Euzü billähi mineş şeýtänirrajiým, Bismillahirrahmanirrahim"-e bolsa gysgaça "Euzü-Besmele" diýilýär.
Ýokarda manysy ýazylanam bolsa, men şu ýerde ýene bir gezek, gysgaça ýazaýyn:
"Bi ismi Allah" :
"Bi" = bilen
"ismi" = ady
"Allah" = Allah
Jemlesek: Allahyň ady bilen bolýar, görşümiz ýaly.
"Bismillah" içindäki şeddeleri(harpy iki okadýan yşarat) we arap dilindäki kada-kanunlara görä 19 harpdan ybaratlygy we her harpynyň 1000 äleme, ýagny, hemmesi bn birlikde 19 müň äleme yşarat edilýäni bildirilýär.
"Bismillah" diýmek, "Her bir haýyr işe başlanylanda, Allahyň adyny ýatlap, ondan medet diläp, sözüň doly manysy bn Oňa töwekgel bolmak(daýanmak)" diýmekdir.
-
ata
16 years ago
- ýokarda Bismillah-daky Allah, Rahym we Rahman sözleriniň manysyny ýazmandyryn, indi olary ýazaýyn:
Allah sozi barada
"Allah" (الله) sozi barada:
Allah sozi Biribaryn in beyik we naybaşy adydyr. Biribaryn 1000-den gowrak ady bolup, naybaşy Allah-dyr.Sebabi bolsa, Biribara beyleki dinlerde-de ka atlar berilyar, meselem, Tanry, Ylah, Reb we ş.m.
Indi Allah adynyn name ucin naybaşy ady bolanyna bir sebap hokmunde aşakdakylary yazmakcy:
1-"Allah" ady ozbaşyna bir at we atlarynyn naybaşysy;
2-Allah -daky ilkinji harpyn (I-Elif) herekesini(yokardaky yşarat) ayirsan, onda bu gezek "Ylah" okalyar, olam Biribaryn bir ady;
3-"Ylah"-daky herekani ayirsak, bu gezek "Lehu" diylip okalyar, bulam yene "Ona(=Allaha)" diymek bolan Biribaryn ady hokmunde kabul edilyar;
4-"Lehu"-daky "L" harpy ayirsak, bu gezek "Hu(=Huwe)" diylip okalyar we olam "OL(=Allah)" manyda kabul edilyar.
Ynha, şu sebap, sebaplerden menin bilyan yekeje sebabim!
Galan sebaplerini bolsa, başda Allah, son Onun ilcileri we Onun bildiren beyik şahsiyetleri biler!
Rahman - Allahyň bu ady: bu dünýädäki ähli jandarlaryna rehmeti we Rezzak ady boýunça ryzyk bermegi;
Rahym - ady bolsa, bu dünýäde Öz permanlaryna boýun egip, olary berjaý eden mümin bendelerine ahyretde Özüne mahsuslykda we Rehmeti boýunça sowgatlandyrmagy, Jennet ryzyklaryny bermegi
-
ceyhun82
16 years ago
- doganlarym . araza ayini sizler kutlayan . inshaalah hemişe saglikda yaşaň. ve bu jiginizi dua edyň.
-
ata
16 years ago
- Ceyhun82, hoş geldiň!
seňem orazalaň kabul bolsun!
Bärde mowzuk "Bismillah" barada, Eýrandaky Türkmenleriň arasynda şu Bismillah barada nähili ýagdaýlar bar?! Köp ulanýaňyzmy ýa kän bir üns berlenokmy?!
-
ata
16 years ago
- 1 ýarym ýyl mowzuga degişliräk ýazgy ýazan eknim, ona goýaýyn bärik:
"Bismillah we Omyn(Ämin)" barada, gysgaca, Alla Tagala, biz ynsanlara, yokarda yazylyshy yaly, sheyle kop we lezzetli nygmatlar beripdir, olary iyip bilmek ucin, bize erk, agyz, dish, ishda, dil we beyleki gerekli organlary beripdir. Hemme zat ucin gerekli shertleri beripdir. Bularyn hemmesi bizin guyjimizin yetip bilmejegi nygmatlar.
Hem-de "...her nygmat oz jynsyndan (ozi ucin) bir shukur islar..." diýen kanun boýunça:
1- Bularyn hemmesine shukur niyeti bn hacanda shol nygmatlary iyjek bolsak, bashda "Bismilla", yagny Allanyn ady bn- diyip bashlamak,
2- shol nygmatlary iyip otyrkan Allanyn shol nygmatlary yaradanyny we olaryn bize peyda we hikmetlerini pikir etmek (pikir);
3- nygmatlaryn sonunda bolsa
"Elhamdulillah!" (Omyn=Amin-hemme dinde gecyar) diymek Alla Tagala shukur bolyar.
Nygmata shukur bolsa, nygmatyn mukdaryny we bereketini kopelder.
Hemishe Biribardan Oz nygmatlary ucin bizi shukur eden bendelerinden etmegi dilegi bn
Bellik: Şol wagtlar "Alla" diýýän ekenim, indi "Allah" ýazýandyryn :)
-
ata
16 years ago
- Degişli rowaýat ýa-da bolan waka:
“Bismillah” diýen zenan
Bir aýal her söze we her işe başlanda “Bismillah” diýer eken. Sebäbi ol Bissimillanyň uly güýciniň barlygyna ynanar eken. Bissimillah diýip ähli zada Allanyň ady bilen başlar eken. Ol aýalyň Alla ynanmaýan adamsy bar eken. Aýalynyň her ýerde “Bismilla” diýmegine gahar edýärmiş. Ol, Bissimillanyň güýjüni ýalana çykarjak bolup bir plan düzüpdir.
Bir gün aýalyna içi puldan doly gapjygy berip, “Keýwany muny gizle, soň senden alaryn” diýipdir. Aýaly gapjygy “Bismilla” bilen bir ýere goýup, üstüni örtýär. Adamsy bolsa aýalyndan habarsyz gapjygy alyp, guýa atýar. Soňra bir gün bolsa aýalyndan gapjygy getirmesini isläpdir.
Aýaly gapjygy goýan ýerine baryp, “Bismilla” diýýär. Şol wagtyň özünde Allatagala Jebraýyl perişdä ýere inip gapjygy guýudan alyp, ýerine goýmasyny buýurýar. Jebraýyl perişde gapjygy guýudan alyp, suwy bilen getirip ýerine goýýar.
Aýaly gapjygy almak üçin elini uzadan wagty eli öl bolýar. “Bu gapjyk nädip öl bolduka?!” diýip haýran galýar. Bolan zatlardan habarsyz adamsyna eltip berýär.
Bu ýagdaýy gören adamsy şol wagtyň özünde toba edip, musulman bolýar. Mundan soňra hem her işe başlanda “Bismillah” diýmäge başlaýar.
-
Harmandali
16 years ago
- Men on birinden eshdipdim “Bissimillah” diysen yalnysh hasaplanylya diyip “Bissimillahir” diyip “r” harpyny hokman aytmaly diyip. Onun aydyshyna gora “Bissimillah” Allah bilen dal diymek yaly manyny berya a Bissimillahir Allah bilen diymek diydi oydyan. Yalnyshyanmy ya?!
-
ata
16 years ago
- sen däl, saňa ony diýen ýalňyşypdyr.
Gysgaça "Bismillah" (Bissimillah ýa bysmyllah däl) , uzyn görnüşde ''Bismillahirrahmanirrahim''
“Bissimillahir”-a hijem däl, aýt şol tanşyňa, adamlara ýalňyş zat öwretmesin:)
-
ata
16 years ago
- ýene gowy maglumat:
Bismillahirrahmanirrahim - Kurandaky 114 süreden 113 süräniň başynda gelýär, diňe "Toba" süresinde wajyp bir sebäp üçin gelmeýär. Oňa deregem "Neml" (Garynja) süresinde iki ýerde (başynda we 31-nji aýatynda) geçýär we jemi 114 bolýar.
Bismillahirrahmanirrahim we 19 sany boýunça bir sazlaşyk hem bar bolmalyu, gözleg geçirip, gowja ýada salamsoň ýazaryn-da, enşallah!
-
ata
16 years ago
- ýene bir degişli waka Hz.Musa wagty bolup geçýär. Hz.Musa Allah bn gepleşende, (bu ýagdaý adatdan daşary we ýüzbe-ýüz däl, nädip bolany bir Allahyň özi we şol ýerdäki Hz.Musa biler) Allah Hz.Musa şuny bildirýär:"Ahyr zamanda Hz.Muhammediň(SAW) geljegini, oňa we ymmatyna örän beýik bir sowgat berjegini, onuň bolsa Bismillahirrahmanirrahim sözüligini beýan edýär. Hz.Musa şol sözüň öz ymmatyna berilmegini dileýär, ýöne Allah muňa razy bolmaýar. Şeýlelik bn şu beýik söz bize Biribar tarapyndan peşgeş berilýär.
-
ata
16 years ago
- men bärde ýazyp hezil etdim, mowzugyň eýesi nirä gaçyp gitdi :)
ata 16 years ago- Minnetdar, jigim!
Seň "Kandiller" mowzugyndaky ýazgyňy bolşy ýaly bärä-de geçirjek ilki:
Bismillaňyň türkmençe manysy:
''Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen''
diymekdir her bir haýyr işe Allanyň ady bilen başlamak, ol işiň,inşalla,haýyr bilen-de jemlenjekliginiň alamatydyr.
Pygamberimiziň ''Kimse bir işe''Bismillahirrrahmanirrahim'' bilen başlasa ,ol isi hökmany haýyrly we hasylly
bolar''diýip aňladýar.eý,mümin!her isiň
''Bismillahirrahmanirrahim'' bilen başla.
her haýyrly gapyny açan, her her haýyrly we hasylly ise ugrykdyran, her bir erbetligi gep
eden yamana äkidyän ýollary beklän,aladaly, gaýgy-gamly pursatlarda giňlik beren, öýke we gaharly hallarynda sabyr beren ''Bismillahirrahmanirrahim'' ilahi kelamy hemişe diliň senasyna öwür.
ýürek bilen aýdylyp, yhlas bilen ýapyşylyp,
sabyr bilen utgaşdyrylanda..''Bismillahirrahmanirrahim''
ilahi kelamynyň açyp bilmejek gapysy,çözüp
bilmejek meselesi ýkdyr.
''Gidip baryas ,agzymyzdan ruhy nepes(DEM)
gide-gele,hiç çykmasyn aňymyzdan ol ilähi
''Bissimillah''.