Bellik: Öň bilýänleriňiz hem bardyr. Onda-da paýlaşdym
Häzirki welosipedlere meňzeş “Laufmaschine” ýagny, türkmen dilinde ylgaw maşyny atly welosipedi 1817-nji ýylda germaniýaly Baron Karl fon Drez oýlap tapýar.
Ilkinji telefon 1876-njy ýylda Aleksandr Greýam Bell tarapyndan oýlanyp tapylýar.
Motorola şereketiniň DynaTAC 8000 X kysymly telefony ilkinji ykjam (mobil) telefon diýlip hasaplanylýar. Ol 1983-nji ýylda ulanyşa girizildi.
Dünýäde adamlaryň takmynan 10%-i çepbekeýdir.
Özleri suwda ýaşasa-da gurbagalar hiç wagt suw içmeýärler.
Tort, keks ýaly konditer önümlerini taýýarlananda ýumurtga tebigy çişiriji hökmünde ulanylýar. Onuň sebäbi ýumurtganyň agyndaky protein çişiriji häsiýete eýe.
Ilkinji kino dowamlylygy 48 sekunt bolan “L’Arrivée d’un train en gare de La Ciotat” atly dokumental filmidir. Filmi doganlar Lui we Ogýust Lyumiýerler düşürýärler.
Zenanlaryň arasynda ilkinji golf ýaryşy 1811-nji ýylda Şotlandiýanyň Musselfburg şäherinde geçirilýär.
Arslanova.L_05 3 years ago- xexe yuok mekan muni blmkdum ++like