Sahnada aždarhaly, döwli spektakl gidip dur. Sahnaň aňyrsynda bir oglanjyk iki tutynyň arasyndan kellesini çykaryp, oýna tomaşa edip dur. Gapdaldan geçip barýan sahna bezegçileriň biri oglanjygy görüp:

— Eý oglanjyk, eşidýäňmi! Bärde durmak bolanok. Tomaşaçylaryň öz ýeri bar ahyry. Bar şo ýerde oturyp gör – diýýar. Oglanjyk gözlerini tegeläp:

— Wah, men ony bilýän. Ýöne garaňky zalyň içinde ýeke özüm oturmaga gorkýan –diýipdir.

Sahna bezegçisi tutynyň arasyndan kellesini çykaryp, zala seredip görse garaňky zalda ýekeje adamam galmandyr.

***

Bir gün bäsdeşi Ependä garap:

— Seniň ogluň eşekden ýykylyp, huşy başyndan gitdi – diýipdir.

Onda Ependi bir wagtdan soň aýňalyp:

— Bäh, meniň oglumyň owal-başda huşy ýokdy. Giden zat nämekä? – diýipdir.

***

Günlerde bir gün Ependi eşegine ýük ýükläp gidip barýar eken. Ýükden ýaňa eşek zordan ýöräp barýan eken. Ependi eşegiň üstündäki ýüküň birazyny öz egnine alyp, özi hem eşegiň üstüne münüp gidiberipdir. Bu bolsa eşege öňküsindenem beter agram bolup, ýöremesi has hem agyrlaşypdyr. Soňra Ependi:

— Ýüküň ýaryny özüm alsamda sen ýene ýöremäni kyn görýäňmi – diýipdir.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir