— Sen näme üçin egin-eşikleriň bilen suwa düşýäň?

— Şeýtmek bilen men hem özüm ýuwunýan, hem eşiklerimi ýuwýan.

— Näme siziň kir ýuwýan maşynyňyz ýokmy?

— Bar, ýöne, oňa girsem başym aýlanarmyka diýýän.

* * *

Futbola gijä galyp gelen ýigit, tomaşaçylaryň arasyndan dostuny tapyp, onuň ýanyna barýar.

— Dost, men biraz gijä galdym, hasap näçe? – diýip, soraýar. Dosty:

— Iki nol.

Ýaňky ýigit ýerine geçip oturansoň tablo seredýär. Görse hasap 0:0 eken. Ol dostuna ýüzlenip, oňa tablony görkezýär. Onda dosty tablodaky hasaby eli bilen görkezip:

— Aýtdyma men, hasap iki “0” – diýýär.

* * *

— Men aýalym bilen eýýäm bir ýarym ýyla golaý wagt bäri gürleşemok.

— O näme üçin?

— Onuň sözüni bölesim gelenok.

* * *

Gara deňiz nirede?

Kakasy kiçijek gyzyny synamak üçin sorag berýär?

“Gyzym, Garadeňiz nirede ýerleşýär?”

“Mm! Kaka heý-de deňiz gara bolarmy? Ähli deňiz mawy ahyry” — diýip, gyzy jogap berdi.

* * *

Haýsy söz

Mugallym okuwçydan soraýar:

Okuwda iň köp haýsy söz ulanylýar?

Okuwçy: Bilmedim

Mugallym: Dogry


* * *

Umyt edýän

Synagda mugallym bir okuwça duýdurdy.

“Sen partadaşyň kagyzyna seredeniňi görmen diýip umyt edýärin”

Okuwçy:

Menem görmersiňiz diýip umyt edýärin.

* * *

Başga zatdan gorkýar

Synagda aljyraňlylygy belli bolan okuwçydan mugallym soraýar.

“Soraglarymdan gorkýarsyňmy”

“Ýok, ýöne berýän jogaplarymdan gorkýaryn” diýip aýdypdyr.

* * *

Oňyn çözüm

Mugallym okuwçydan:

Desterhanda oturan üç adama bäş sany pomidory nädip deň paýlamaly diýip sorady.

Okuwçy şeýle jogap berdi.

Pomidor püresini ýasamaly.

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir