Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanar! Şu wagt mübärek 3 aýlaryň içinde Remezan aýyna başladyk. Şu mynasybetli, bu aýlar bn baglanşykly käbir peýdaly maglumatlary siziň bn paýlaşmak isledim. Aşakda ýazmakçy aýry-aýry. Sizem bu babatda bilýän zatlaryňyzy ýazyp, gazanyljak sogaba şäriklik edip bilersiňiz, enşallah! Sag boluň!
Kandiller (mübärek gijeler) we olardan peýdalanmak
-
ata
16 years ago
- KANDİLLERDEN PEÝDALANMAK:
Bütin kandil gijelerinde edilip boljak, bagyşlanmagymyza, köp mukdarda sogap gazanmagymyza, Biribaryň razylygyna, ruhy taýdan galkynyp össmegimize, bela-beterlerden goranmagymyza sebäp boljak möhüm zatlardan biräçesini sanaw halynda ýazsak:
1. Gurhanyň asly we tefsirleri(meal) okanmaly; okaýanlar diňlenmeli; oňaýly ýerlerde Gurhan okatdyrylmaly; Kelamullaha bolan söýgi, hormat we baglylyk duýgylary täzelenmeli we kuwwatlandyrylmaly;
2. Pygamberimize (SAW) salawatlar getirilmeli; Onun
ň şepagatyny umyt edip, ymmatyndan bolma pikiri/aňy täzelenmeli;
3. Kaza, nafile namazlar kylynmaly; bar bolsa şol gijä degişli aýratyn namazlar okanmaly, kandil gijesi, asly boyunça ybadat we ybadatda yhsan düşünjesi bilen geçirilmeli;
4. Tefekkür (Biribaryň hikmetleri barada pikir) etmeli; "Men kim, nireden geldim, nirä barýaryn, Allahyň menden isleýän zatlary näme?" ýaly durmuşyň wajyp meseleleri barada pikir ýöretmeli;
5. Geçen wagtyň hasaby edilmeli we häzirki wagtyň hem-de geljegiň plan we programmasy döredilmeli;
6. Günälere yhlas bilen toba edilmeli; şol gijäniň iň soňky gije bolup biljegini kabul edip, has laýyk ýagdaýda amal etjek bolmaly;
7. Köp zikir(söz billen Allahy öwme) we dileg etmeli ;
8. Möminler bilen halallaşylmaly; olar bilen gatnaşygmyz taýdan razylyklary alynmaly;
9. Küs we öýkelänler ýaraşdyrylmaly; göwünleri razy edilmeli, gamgyn ýüzler güldürilmeli;
10. Ynsan özüne we beýleki mömin doganlaryna, hatdâ, adyny hem ýatlap dilegler etmeli;
11. Üstümizde haklary bolanlar gözllenip, halallyk soralmaly; wepa we hormat ahlaky ýerine ýetirilmeli;
12. Yetim, hassa, maýyp, garry bolanlar zyýarat edilip, söýgi, şepagat, hormat, sowgat we sadakalar bilen şatlanndyrmaly;
13. Şol gije bilen baglanyşykly aýatlar, hadyslar we bularyň ýorumlary degişli kitaplardan peýdalanyp, ya şahsy ýa-da umumy ýerlerrde okanmaly;
14. Şol gijä laýyklykda dini duşuşyklar, paneller, seminarlar. konferanslar we söhbetler eddilmeli, wagyz-nesihat diňlenmeli; goşgylar okanmaly; ylahy sözler bilen köňüllerde aýratyn höwes döredilemli;
15. Kandil gijesiniň agşam, ýatsy we ertir namazlary mümkin bolsa jemagat bilen hem-de metjitlerde kylynmaly;
16. Sahabalar, alymlar we öwliýa gonamçylyklary zyýarat edilmeli; ruhlary hoşnut edilmeli (aýat okap ruhlaryna bagyşlap) we olaryň ruhy mertebeleri hormatyna şahsy we umumy haýyr üçin Haka ýalbarmaly;
17. Wepat eden ýakyn dogan-garyndaşlarymyzyň, dostlarymyzyň we ulularymyzyň mazarlary zyýarat edilmeli; iman doganlygyna degişli sadyklyk ýerine ýetirilmeli;
18. Durmuşdaky manewî(ruhy taýdan) beýikleriň, Yslam alymlarynyň, mugallymlarymyzyň, ene-atalarymyzyň, dostlarymyzyň we beýleki ýakynlarymyzyň kandilleri gönüden-göni gidilip ýa-da telefon, faks, e-mail çekilip gutlanmaly; dilegleri islenmeli;
19. Bu kandil gijeleriniň gündizlerinde mümkin bolsa agyz beklemeli;
20. Gadyr gijesiniň hakymyzda segsen üç ýyllyk ybadat bilen geçen ömre deň bir ömür hökmüne geçmegini, Gadyr gijesi hormatyna rahmeti Ylahydan nyýaz etmeli.
-
ata
16 years ago
- Soňam belki ýazyp bilerin, sizem goşuberiň goşantlaryňyzy!
-
jankaka
16 years ago
- ata aga namaste up ke bohod acha insane he from others he agamm up kia sa he tike ata aga very nice cool sag bolun
-
ata
16 years ago
- aý, men hindiçe bilemog-a, ýöne ýene-de minnetdarlyk bildiren bildirýär yzyndaky iňlisçäňden, men hem minnetdar :)
-
jankaka
16 years ago
- ata aga dowamyny dileyan seydip kabirlermize hemme zady yatladyp dursanz gowy bolar tikie ata aga samojuba
-
agayunus
16 years ago
- sagboluň ata aga peýdaly ýazgyňyz üçin, kyn ýaly görünse-de etmezçe zatlar däl. bularyň baryny durmuşa geçirip bolaýsa güniň her gijesi seň üçin bir mübärek gije hökmüne geçermikän diýýän, her alla`dan isläniň edil mübärek kandillerde islenilen ýaly makbul(kabula ýakyn) bolarmykan diýýän.
kur`any labyzly, owadan edip okap bilýänlere allah`ym uzyn ömür bersin, haýyrlaryndan peýdalanyp bilme sürejimizi uzaltsyn!!!
-
ata
16 years ago
- Kurany labyzly okamaýanlara uzyn ömür bermesinmi :)
süreç = wagt (türkçe bilmeýänler üçin)
Beh, minnetdarlygyňa minnetdar!
Aýdanlaryňa-da goşulýan.
Ýokardaky kandiller boýunça, hersine degişli giňişleýin maglumatlar bar mende, Gadyr gijesinden galanyny ýazaýdym öýdýän bärde, Gadyr gijesem golaýlaşybersin, hany, şonda goýaryn-da onam, enşallah :)
Oň daşyndan kandilleri nädip geçirýänligimiz barada, bolup geçen gyzykly ýa gynançly wakalar barada ýazyp bileris!
Meselem, şu ýerde ceriumoxide atly agzanyň klasýolbaşçysy bolan Murat Turan mugallym (B-aly TTM) Gadyr gijesi seždede wagty, ruhyny Allaha tabşyran ekeni, enşallah, hakyky şehitlik mertebesine gowşandyr!
-
marjina
16 years ago
- su yazgyny su acylan mowzuga goşmak isledim.
bismillanyň türkmençe manysy.
''Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen''
diymekdir her bir haýyr işe Allanyň ady bilen başlamak, ol işiň,inşalla,haýyr bilen-de jemlenjekliginiň alamatydyr.
Pygamberimiziň ''Kimse bir işe''Bismillahirrrahmanirrahim'' bilen başlasa ,ol isi hökmany haýyrly we hasylly
bolar''diýip aňladýar.eý,mümin!her isiň
''Bismillahirrahmanirrahim''bilen başla.
her haýyrly gapyny açan, her her haýyrly we hasylly ise ugrykdyran, her bir erbetligi gep
eden yamana äkidyän ýollary beklän,aladaly, gaýgy-gamly pursatlarda giňlik beren, öýke we gaharly hallarynda sabyr beren ''Bismillahirrahmanirrahim'' ilahi kelamy hemişe diliň senasyna öwür.
ýürek bilen aýdylyp, yhlas bilen ýapyşylyp,
sabyr bilen utgaşdyrylanda..''Bismillahirrahmanirrahim''
ilahi kelamynyň açyp bilmejek gapysy,çözüp
bilmejek meselesi ýkdyr.
''Gidip baryas ,agzymyzdan ruhy nepes(DEM)
gide-gele,hiç çykmasyn aňymyzdan ol ilähi
''Bissimilla''.
-
ata
16 years ago
- Marjina, jigim, täze mowzuk açyp, goýaýmaly ekeniň eýle wajyp meseläni! Entägem giç däl, sen gaýtadan aç, men hem dolduraýyn yzyny, enşallah :)
Minnetdar, jigim! Yhlasyňa, berekellah! Dowamyny dileýän!
ata 16 years ago- Kandiller = Mübärek gijeler
Musulmanlar ýylyň 5 gijesine şol gijelerde wajyp wakalaryň bolup geçenlii sebäpli, aýratyn ähmiýet berýärler. Şol mübärek 5 gijäniň dördüsi mübärek 3 aýlaryň içinde bar. Ynha, olaryň sanawy:
1- Mewlit Kandili - Pygamberimiziň Rebiulowwal aýynyň 12-nji gijesinde, ýagny, Hijri ýylyna görä 1428 ýyl mundan ozal dünýä geldi. Şol sebäpli, bu aýyň 12-nji gijesi Hijri ýylynyň ilkinjisi Mewlid kandilidir;
2- Regaib Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ilkinji juma gijesi Regaib kandilidir;
3- Miraç Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň 27-nji gijesi hem Miraç kandilidir;
4- Beragat Kandili - mübärek 3 aýlaryň ikinjisi bolan Şaban aýynyň 15-nji gijesi bolsa Beragat Kandilidir;
5- Gadyr gijesi - mübärek 3 aýlaryň üçünjisi bolan Remezan aýynyň 27-nji gijesi bolsa Gadyr gijesidir.
Bu gijelerden nesiplenmek we peýdalanmak üçin, aşakda aýratyn ýazgy goýmakçy, enşallah!