Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Remezan baradaky mowzuk uzap gitdi, indi täze mowzuk bn hem oraza barada maglumatlar, hem-de oraza bn baglanyşykly wakalary şu ýerde paýlaşmak üçin, şu mowzugy açýaryn! Ilki bilen-ä, hemmäňizi ýetip gelen mübärek Remezan aýy bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ikinjidenem, bu aýda tutan orazalaryňyzyň, eden dilegdir ybadatlaryňyzyň, beren pitredir sadakalaryňyzyň we haýyr-sahabatlaryňyzyň Biribar tarapyndan iň oňat ýagdaýda kabul edilmegini ýene Beýik Biribaryň Özünden dileýärin! Ýene bir zat : bir ýerde biri "Ýa Remezan" babatda örän oňatja ýazgy ýazan ekeni, şu ýere bolşy ýaly goýmakçy: "Yokarda bir aý bar, Ujy gyzyl ýaý bar, Pygamberiň saçagynda, Bize goýlan paý bar. Biz-ä sizi baý gördük, Tüýnügiňizden aý gördük, Köp bereniň ogly bolsun, Az bereniň gyzy bolsun, Ýa remezan, ýa remezen!" Hawa, sizem Remezan aýynda özüňiziň ýa-da tanyşlaryňyzyň başdan geçiren gowy, gülkünç we ş.m. wakalaryny bärde ýazyp, biziň bn paýlaşyp bilersiňiz! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir