Ölüm ýüpi yrgyldap dur üstünde,
Astynda-da jygyllap dur eşafot.
Emma sen şonda-da gozganman bilýäň.
Dagdanmydyň,
Daşdanmydyň,
Adamzat?

Saňa hat ýazypdyr eziz bir adam.
Üç oýnam yssy söz. Başga hiç zat ýok,
Emma sen şonda-da gozganyberýäň.
Güldenmidiň,
Süýtdenmidiň,
Adamzat?

Kerim Gurbannepesow

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir