Enäniň ogluna we gyzyna ýazan haty
Mähriban gyzym,oglum, şeýle gün geler.... Men garraryn,şonda mana düşünjek bol,goldawym bol! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da seniň kömegiňsiz geýinip bilmesem sabyrly bol ! Çünki men saňa bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutma! Eger-de seniň bilen gürleşemde şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň sözümi bölme. Haçan-da sen çagakaň sen uklar ýaly şol bir hüwdini mün gezek aýdanymy unutma ! Haçanda täze tehnologiýalara duşünmedik wagtym ,gülüp seretme . Men saňa köp zatlary öwredenimi unutma! nädip dogry iýmeli ,gürlemeli,nädip özüňi dogry alyp barmaly we ş.m . Eger-de ikimiz gürleşip otyrkak men gürrüňimizi ýadymdan çykarsam,gynanma,iň esasy zat şol wagt: men seniň bilen gürleşip,seniň bolsa meni diňläp bilýändigiň... Eger-de günlerde bir gün meniň aýaklarym hereket etmesini goýsa,maňa elleriňi ber,meniň saňa ellerimi berip ýöremegi öwredişim ýaly. Birden-kä aňym gidip zeýrenen wagtym gaharyň gelmesin, wagty gelende sen maňa düşünersiň. Meniň garrylygymy görüp gynanma ,ejizleme,aglama. Meniň saňa başda kömek edişim ýaly,senem maňa ömrümiahyrlamaga kömek ber, meniň ýanymda bol,ömrümi sabyrlylyk hem-de söýgi bilen tamamlamaga kömek ber.... Men bolsa saňa öz ýylgyrşymy hem-de hiç wagt öçmejek ummasyz söýgimi serpaý goýup giderin. Men seni söýýän mähriban çagajygym!!!

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir