Kitap bilimiň çeşmesidir. Adam
näçe köp okadygyça, durmuşyň
syrdan doly many-mazmunyna
şonça-da içgin aralaşýar. Adam
üçin okamak, bilmeýän zadyny
kitaplaryň gatyndan susup öw-renmek hiç wagt hem giç däl.
Megerem, şonuň üçin bolsa gerek,
türkmen halky özüniň köp müňýyllyk taryhynda kitaba aýratyn
sarpa goýupdyr.
Köňül küýsegim — kitap
Geçmişde şäherleriň ýyldyzy hasaplanan gadymy Merwde, Köneürgençde şöhraty ýedi yklyma ýaň salan baý hazynaly kitaphanalar bolupdyr. Olaryň hyzmatyndan diňe bir türkmen danalary däl, eýsem dünýäniň iň tanymal, meşhur alymlary hem peýdalanypdyrlar.
Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak adamyň giň dünýägaraýşynyň, ylma-bilime teşneliginiň nyşanydyr. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda türkmen ýaşulusynyň Magtymguly Pyragynyň kitabyny guba düýesine çalşyp alýandygynyň mysaly muňa aýdyň delildir. Kitap adamyň köňül köşgüne nur çaýýan parlak ýyldyz mysaly bir güýçdür. Ol ynsan kalbyny päkleýän, tämizleýän we teşne ýürekleri gandyrýan, hyjuwlandyrýan, joşdurýan, täze ýeňişlere atarýan, başymyzy göge göterýän iň ygtybarly serişdedir, ruhy iýmitdir. Ony özüne hemişelik hemra edinen adam durmuşda bagtly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligine peşgeş beren ençeme ajaýyp kitaplary biziň şeýle bagta eýe bolmagymyz üçin aýdyň ýol açýar we kitaba bolan söýgimizi has belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim, saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik hakda milli garaýyşlary giňişleýin we çuňňur beýan edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby bu babatda uly gollanmamyzdyr.
Bu kitabyň her bölümi we olardaky pelsepewi pikirlerdir rowaýatlar gyzyldan gymmatly wagyz-nesihata eýlenendir. Men bu ajaýyp kitabyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» atly bölüminiň taýsyz täsiri barada durup geçmek isleýärin. Bu bölümde birnäçe rowaýatlar ýerleşdirilen. Men olary gaýtalap-gaýtalap okaýaryn we rowaýatlaryň many ündewi baradaky pikirimi ýakynlarym bilen paýlaşýaryn. Ýeri gelende, olar barada hossarlarymyň, mugallymlarymyň we dostlarymyň pikirlerini öwrenýändigimi hem aýtmalydyryn.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny pikir alşyp okamagy dostlaryma hem maslahat berýärin. Şeýle usul bilen okalyp, manysy tirilende, kitabyň öwredijilik ähmiýetine haýran galýarsyň.
Men bu ajaýyp kitaby okap, onuň öz köňül küýsegimdigine, durmuşa, ýaşaýşa bolan höwesimi, düşünjelerimi we dünýägaraýşymy ösdürýändigine akyl ýetirdim. Gahryman Arkadagamyzyň paýhasly sözleri biz ýaşlaryň okuwa, sporta, zähmete we mähriban Watanymyza bolan söýgimizi has hem belende galdyrýar. Goý, agzybir hem bagtyýar türkmen halkyna bir-birinden ajaýyp eserleri bilen begendirip, buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Mekan GAHRYMANOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy
"GÜNEŞ" žurnaly.
DonMaxx 3 years ago- cagalar bular bizin geljegmizdir!