SALAM MUGALLYM

Hawa, menem indi 5-nji synpa geçdim. Indi bizem başlangyç synpdan saýlandyk. Dura-bara täze dersleriň dünýäsine aralaşýarys. Men elmydama ilkinji mugallymymyzyň: «Siz Watanyň geljegisiňiz! Diňe dersleriň kynlygyna bakman, iň esasy hem ýaltanman, gowy bahalar bilen okap, bilim alsaňyz ýeterlik» diýen sözlerini ýatlaýaryn.
Bir gün bolsa ejem bilen oba gidenimde, ol maňa özüniň okan mekdebini görkezdi. Şol wagtam bir garryja ýaşuly onuň haşamlanan basgançaklaryndan hasasyny tyrkyldadyp, düşüp gelýärdi. Ejem ylgap diýen ýaly onuň ýanyna baryp: «Salam, mugallym!» diýip, gyssanmaç dillendi. Asyl ol ýaşuly ejemiň ilkinji mugallymy ekeni. Saglyk-amanlyk soraşan mugallym, çaý içim salymdan soňra sagbollaşyp, ýoluny dowam etdirdi. Men ejeme: «Näme üçin ol
ýaşula entegem mugallym diýip ýüzlendiňiz?!» diýip, sowal beripdim. Ejem şonda: «Mugallym ýaşyna garamazdan mugallymdyr. Ol saňa durmuşda öz ornuňy tapmagyňa mydama goltgy berýän ynsandyr. Häzirem mugallymlarym bilen maslahatlaşyp durýaryn. Oglum, unutma, mugallym seniň durmuşyňda ýatdan çykmajak, mydama hormata mynasyp ynsandyr» diýip düşündirdi.
Synpdaşlarym köplenç, geljekde saýlajak hünärleri hakynda gürrüň edýärler. Men geljekde iň mukaddes, jogapkärli, hormatly käriň eýesi — mugallym bolmak isleýärin.

Nedir ÝAÝ­LYMOW,
Aşgabat şäherindäki 18-nji
orta mekdebiň okuwçysy.
"Güneş" žurnaly 09. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir