Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu sahypada Türkmen halylary barada mowzuk açylmandyr öýdýän, gözledip gördüm welin. Şol sebäpli-de, bu mowzugy açmagy ýüregme düwdim. Köp maglumat bilýänligimden däl, köp maglumata agzalaryň ýazjak oňat ýazgylary arkaly eýe bolmak üçin. Men UK-yň köp ýerinde gabat geldim öz halylarymyza, ynha, kiçiräk 1-2 surat goýjak, üstünde bahalary hem ýazylgy: 1-kiçi haly : £20 ( £35 ekeni öň) : 2- ynha-da uluragy : £180 (öň £375=750$) ekeni: Türkiýede-de görüpdim, kiçeňräk halylaram gymmat baha satýardylar ýörite getir(d)ip. Gynansagam, biziň halymyz dünýäniň kä/köp ýerlerinde "Özbek halysy" diýlip bilinýär, sebäbi bolsa, öňki SSSR-e degişli Orta Aziýa ýurtlarynyň birleşdirilip "Türkistan" diýilmegi we paýtagtynyň hem häzirki Özbegistanyň paýtagty bolan Taşkendiň goýulmagymyka diýýän?! Indi bolsa, Türkmen halylary boýunça oňat maglumat we suratlaryňyza garaşýaryn! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir