Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Türkmençilikde aýdylýan birnäçe sözler bar. Şugünlerde men 1-2 sanysy barada pikir edip, gutarnykly netijä gelip bilmedim, aýratynam, "Dokuzy düzüw bolmak sözüne. Näme diýmek isledilerkä şeýle diýmek bn?! 9-yň içine nämeler girýärkä?! Öz pikirlerimi ýazmakçy ilki bn. Sizem bu babatda bilýänleriňizi meň/biziň bn paýlaşaýsaňyz! Men aşakda ýazmakçy! Sag boluň!
Dokuzy düzüw?!
-
ata
16 years ago
- Pikirimçe 9-y düzwdäki zatlar:
1-Kämil iman baýlygy;
2-Oňat ýanýoldaş(maşgala);
3-Sagadatly perzentler;
4-Saglyk;
5-Mal-mülk;
6-Wepaly dost-ýar;
7-Akyl-huşyň ýerbe-ýerligi(4-üň içinde bolup biler?!)
Meň-ä kelläme gelenler şular.
Başga näme bolup bilerkä?!
Siziň pikirleriňiz?!
-
Nadanbende
16 years ago
- 9 sany Altay Türklerinin gadymdan gelyan удачный (trkç uğurlu,eng lucky, rus удачный)kabul edilyan sanydyr.
*Türk kaganatlaryn 9 tugy bardy.
*Altay şamanizminde 9 yn ayry yeri bardyr.Olayn arkalarynda 9 ok 9 yay kem bolmaz.Olara göra bu Tanrydan uzadylan bir zatdyr.
*Altay Türklerine göra adam skeletinde ayak,aya,kelle,bil,tirsek,diz,el bilegi,omuz we topukdan ybarat 9 sep bardyr.
*Altay Şamanizminde Tanrynyn 9 gyzy we 9 ogly bardyr.
*Erik Hanyn(bir şeytan şamanlarda) hem 9 ogly we 9 gyzy bardyr.
*Altay Türklerinin yaradylyş detsanynda Tanry 9 şahaly agac yaratdy we her şahadan bir adam yaratdy.
Şol sebabpli hem menin pikirimçe 9 adamyn bir ya da düzüw bolmajaklygy sebapli 9 y düzüw bolan barmy diyilyarmika diyyarin. Bu mysallary köpeltmek mümkin. Atanyn yazyşy yaly ol iman meselesi yanky mesele. Bu ata sözler bolsa köki has uzagrakdan gelyar. Google diyilyan zady acyp idap son yazmak has peydaly bolar diyip pikir edyarin.
-
Maxat
16 years ago
- Dokuzy düzüw. Maňa dokuz
"Dokuzy düzüw" aňlatmasy ýüze çykyş aýratynlygy boýunça "iki dünýäň abat bolsun!" diýen dileg bilen meňzeşdir. Soňky dileg iki dünýä (pany we baky) barada yslam düşünjesi esasynda dörän bolsa, dokuzy düzüw aňlatmasy halkymyzyň musulmançylykdan öňki dokuz gat asman hakyndaky ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Şol dini ynanja görä, asmanyň dokuz gatynyň hemmesi hudaýlaryň we ruhlaryň (janlaryň) bolýan mesgen.mekanydyr. Köne döwürlerde adamyň dokuzynyň düzüwligi ozaly bilen o dünýäsiniň abatlygyny aňladypdyr. "Maňa dokuz" diýilmeginiň hem aňyrsy soňky bolýan üýtgeşikleriň ony diýýäniň o dünýäsiniň abatlygyna zeper ýetirmejekdigi hakyndaky ynanjyndan gaýdýar.
çeşme: http://www.altynasyr.8m.com/nokat/e001.htm
ata 16 years ago- Dokuzy düzüw bolmak - ähli zady ýerbe-ýer, mätäç zady bolmadyk manylary bn barabar bolmaly pikirimçe.
Ýöne diňeje 9 sany zady öz içine alýan bolmaly, diýmek. Haçan aýdylanyny-a biljek däl welin, ol wagtlar häzirki köp gowy mümkinçilikler bolmansoň 9-da kanagatlanan bolaýmasalar?!
Bu dokuza nämeler girýärkä?! Men häzir öz pikirlerimiň sanawyny aşakda goýmakçy. Belki, ýalňyň bolup biler, eger şeýle bolsa, onda üýşüp düzetmegiňizi haýyş edýärin!