DELLEGIŇ BÄŞINJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT
«Biler bolsaň, musulmanlaryň hökümdary, meniň bäşinji doganymyň gulaklaryda kesilgidi, özi-de garyp adamdy, agşamlaryna gedaýçylyk edip gezerdi, gündizlerine bolsa agşamky ýygnan zatlaryny sowardy. Biziň atamyz pahyr bolsa ýaşy barjak ýerine barai eňki agan garrydy, özi ölende bolsa, bize ýedi ýüz dirhem pul galdyryp gidipdi. Biziň her birimiz özüne ýetýän ýüz dirhemini alypdyk. Meniň bäşinji doganym bolsa öz paýyny alyp, aljyrady, ony näme etjegini bilmän azara galdy. Ol şeýdip pikir edip ýörkä, birdenkä ol özüne ýeten şol pula her hili çüýşe gap-gaçlary satyn alyp, şondan peýda görmegiň kül-külüne düşüpdir. Ine, onsoň, ýüz dirhemlik çüýşe gaplar alyp, olary ullakan gapagyň üstünde goýup satmaga oturypdyr. Oturan ýeriniň bir gapdaly diwar bolansoň, ol arkasyny diwara berip, öz ýanyndan pikirlenip oturan ekeni.
Ol şeýle pikir edýär ekeni: «Men özümiň bar pulumy — ýüz dirhemi şu çüýşelere berdim, emma men bulary satyp, iki ýüz dirhem pul çykararyn, ondan soň iki ýüz dirhemlik çüýşe alyp, ony dört ýüz dirheme sataryn, şeýdip pulum weşeň-weşeň bolýança alar-satar ýererin. Ondan soň ol pullara men her dürli harytlar, gymmatbaha zatlar, hoş ysly müşk-anbarlar alaryn, olary satybam uly peýda görerin, ondan soň men gül pürkülen ýaly öý satyn alaryn, onsoň gul-gyrnaklar satyn alaryn, at alaryn, altyn eýer edinerin, iýerin-içerin, şäherde erkeklerden hem aýallardan gowy bagşy-sazanda bolsa, meniň öýüme çagyrylyp getirilmedigi galmaz. Onsoň eger gudraty güýçli Allanyň özi halasa, men ýüz müň dirhemlik maýa edinerin…» Ol şeýdip öz içinden hasap çykaryp oturan ekeni, öňünde hem üsti aýna-çüýşeli ullakan ýasy gapagy duranmyş. Ondan soň ol ýene pikirini dowam edýär: «Pulum ýuz müň dirheme ýeter welin, onsoň men patyşalaryň hem wezir-wekilleriň üstüne sawçy ibererin, onsoň wezir bilen guda bolaryn-da, şonuň gyzyny gelin edinerin — şol weziriň gyzy biçak owadanmyş, gözellikde oňa taý ýokmuş diýibem eşitdim, gowusy, şony alaýaýyn — özümem onuň bahasyndan olara müň dinar bererin. Eger onuň atasy razylyk berse-hä berdigi bolar, razylyk bermese-de, men onuň seňrigine kakyp, gyzyny zor bilen alaryn. Şeýdip onuň gyzyny öz duluma geçirenimden soň, onuň üçin kiçijik agta hyzmatkärlerden on sany hyzmatkär satyn alyp bererin; özüme bolsa han-patyşalaryň geýýän lybaslary ýaly owadan-owadan lybaslar alaryn, onsoň özüme altyn eýer edinerin-de, ony her dürli gymmatbahaly daşlardan edilen gaşlar bilen bezärin, ana, onsoň şol eýeriň üstüne münüp çaşyp ugraryn, ýanymda hem bir topar hyzmatkär gul-nökerlerim bolar, olar meniň daşymda tegelenişip ugrarlar, öňümdenem bir topary gidip barýandyr, şeýdip men şäheriň içinden eýläk-beýläk geçerin welin, jemagat maňa baş egip tagzym eder, adamlar meni mübäreklärler hem ýoluň ak bolsun diýip alkyşlarlar. Ondan soň men öz gelnimiň atasy weziriň ýanyna bararyn, gullarymyň bolsa bir topary yzymdan, bir topary öňümden ýöräp, sagym-da gul, solum-da gul bolar durar; onsoň wezir meni gören badyna, ýerinden turar-da, öňümden çykyp garşylar, onsoň eltip meni öz ýerinde oturdar, özi bolsa menden bir göz aşakda oturar, sebäbi diýseň, ol meniň gaýyn atam ahyry. Meniň ýanymda bolsa iki sany hyzmatkärim bolup, hersiniň boýnunda bolsa ullakan asma gapjyk bardyr, her gapjykda bolsa müň dinar gyzyl pul bardyr; ine, onsoň men onuň gyzy üçnn oňa müň dinar bererin, ondan başga-da, meniň asyllydygymy hem sahylygymy, meniň mertebämiň uludygyny, asla meniň bar ýerimde bütin garamaýak nesliniň hiç zatdygyny onuň gözüne görkezmek üçin ýene müň dinary oňa sylag diýip bererin. Ine, onsoň ol maňa ýüzlenip on gep aýtsa, men oňa diňe iki agyz söz bilen jogap bererin-de, öz öýüme bakan çykaryn ötägiderin. Onsoň meniň aýalymyň dogangaryndaşlaryndan biri meniň öýüme geläýse dagy, men oňa pul bererin, halat salyp sylaglaryn. Eger ol meniň öýüme sylagly-sowgatly geläýse, men onuň getiren zadyny kabul etmerin — men özümiň tekepbirligimi görkezmek üçin, meniň ownuk-uşak zada baş galdyryp ýörenlerden däldigimi bilmekleri üçin getiren zadyny özüne gaýtaryp bererin. Ondan soň meni bezäp-beslemeklerini talap ederin, onsoň etmeli zatlary edip bolarlar weli, gelni getirderin, özümem öýümiň içini gül pürkulen ýaly edişdirerin. Onsoň ýigit bilen gelni duşuşdyranlarynda, men özümiň iň oňat hem gymmatbahaly lybaslarymy geýip, durşuma ýüpek parça bolaryn-da, özümiň akylymyň biçak köplügi hem akyl-huşumyň agdyklygy zerarly, elimi alkymyma dirän bolup, ne sagyma, ne soluma — hiç ýere seretmän, sülmürän bolar oturaryn. Onsoň meniň gelnim özüniň gymmatbahaly lybaslarynda hem şeý-seplerinde, misli täze dogan aý ýaly bolup, meniň garşymda ýalpyldap durar weli, men özümiň ulumsylygym hem uly göwünliligim sebäpli, onuň ýüzüne-de seretmediksirän bolaryn oturaryn. Onsoň töweregimizde üýşüp duranlaryň hemmesi maňa ýalbarmaga başlap: «Eý, meniň jenabym, seniň gelniň hem hyzmatkär gyrnagyň boljak perizat seniň öňüňde dur, onuň ýüzüne bir seret ahyry, ýogsa beýdip durmak oňa kyn düşýär» diýerler. Onsoň olar ençeme gezek meniň öňümde bükülip baş egerler, meniň aýak tozumy öperler, men diňe şondan soň ulumsylyk bilen ýüzümi ýokary galdyryp, gözümiň gytagy bilen gyzyň ýüzüne ýeke gezek serederin-de, ýene ýüzümi aşak salaryn. Şondan soň ony ýatylýan otaga äkiderler, men bolsam eşiklerimi çalşyraryn-da, ozalky geýip oturan lybaslarymdan-da has gowy eşikleri geýerin. Onsoň gyzy meniň ýanyma alyp gelerler weli, men özüme telim gezek ýalbarýançalar, onuň ýüzüne seretmedik bolaryn, diňe köp gezek ýalbaranlaryndan soň, men onuň ýüzüne ýeke gezek serederin-de, ýene başymy aşak salaryn. Gelni dürli lybaslarda maňa görkezmek dessury tamam bolýança, men şeýder sülmürär oturaryn. Ondan soň men öz hyzmatkärlerimden birine buýruk bererin-de, bäş ýüz dinarly uly gapjygy öz ýanyma getirderin, gapjygy getirip bererlerem weli, men gelniň ýanynda, ol gapjygy toý hyzmatyny edýän aýallaryň eline bererin-de, meni gelniň otagyna äkitmegi talap ederin.
Meni onuň ýanyna elterler weli, men şonda-da onuň ýüzüne seretmernn, özüme ulumsy diýdirmek üçin ýigrenjimden ýaňa onuň bileň gepleşmediksirän bolaryn. Onsoň gyzyň enesi geler-de, meniň maňlaýymdan hem elimden öpüp: «Eý, jenap, öz hyzmatkär gyrnagyň ýüzüne bir seret ahyry, ol seni özüne ýakynlaşdyrmak isleýär, biçäräniň ýüregine melhem et ahyry» diýip ýalbarar. Emma men oňa jogap bermerin. Meniň sesimi çykarman oturanymy görenden soň, ol gelip, meniň aýagymdan telim gezek ogşar-da: «Eý, jenap, meniň gyzym heniz erkek kişi garasyny görmedik owadan gyzdyr, ol seniň bu hili sabyrlylygyňy görse, onuň ýüregi ýarylar. Oňa bakan gyşaryl-da, onuň bilen danyş, söhbet et ahyry» diýer. Onsoň turup ylgap gider-de, maňa bir bulgur şerap getirip berer, onsoň bulgury onuň gyzy öz eline alyp, meniň ýanyma geler weli, men oňa seretmediksirän bolaryn, ol bolsa eli bulgurly garşymda garaşyp durandyr, men bolsam henizem onuň ýüzüne seretmän, nagyşly ýassygy tirseklän bolup gyşararyn; özümiň ulumsylygymy, mertebämiň belentligini görkezmek üçin tä ol maňa, hanym, soltanym, jenabym, diýip ýalbarýança ýüzümi galdyrmaryn; onsoň ol: «Eý, meniň jenabym, Allanyň haky üçin, sen öz hyzmatkär gyrnagyň goly bilen uzadylýan bulgury yzyna gaýtarma, men seniň bendi gyrnagyňdyryn» diýip ýalbarar. Emma men oňa hiç hili jogap bermerin. Onsoň ol maňa ýalbar-ýakar edip başlap: «Şuny içmeseň bolmaz!» diýer-de, bulgury meniň agzyma tutup berjek bolar; men elimiň tersi bilen onuň ýüzükessir palçyldadyp goýbererin-de, aýagym bilen ony şeýdip depip goýbererin!» diýip, aýagyny galdyryp goýberipdir weli, onuň öňündäki üsti çuýşeli gapagy pyzylyp gidipdir-de, (gapagy bolsa beýik ýerde duran ekeni), üstündäki çüýşe gaplaryň hemmesi kül-uşak bolupdyr.
Meniň doganym muňa allaniçigsi bolup gygyrypdyr-da: «Bu zatlaryň hemmesi-de meniň mertebämiň belentligi sebäpli boldy!» diýipdir. Ine, onsoň, külli musulmanyň hökümdary, meniň doganym gynanjyndan ýaňa öz ýüzüni özi penjeläp, bütin eşiklerini daraw-daraw edip ýyrtyşdyryp, öz maňlaýyny ýumruklap, aglamaga başlapdyr. Anna güni metjide namaz okamaga barýan adamlar oňa seredişip geçip gidýärler, olaryň birnäçeleriniň oňa nebsi agyrsa, birnäçesi parhyna-da alman geçip gidýän ekeni. Ine, şeýlelik bilenem, meniň doganym iki elini burnuna sokup galyberipdir: onuň puly-da biderek gidipdir, gören peýdasy-da bolmandyr. Onsoň ol birentek wagtlap aglap oturypdyr; birdenkä görse, ynha bir owadan aýal maşgala altyn eýerli gatyr münüp gelýär ekeni, ýanynda-da bir topar hyzmatkäri barmyş, ondan müşk ysy kükäp duranmyş, özi weli Anna (Juma) namazyna metjide barýar ekeni. Ol meniň doganymyň öňündäki döwük çüýşeleri, onuň ejizläp aglap oturyşyny görüp, zenanyň haly perişan bolup, haýpy gelip, nebsi agyrypdyr, onsoň ol doganymyň halyndan habar alypdyr.
Adamlar oňa: «Onuň çüýşeden edilen gap-gaçlary bardy, şolary satan bolup, telli-pelli gün görýärdi, emma gapagy ýykylyp, ol zatlarynyň barysy döwlüpdir, ynha-da indi onuň bolup oturşyny özüň görýärsiň» diýipdirler. Onda ol gyz öz hyzmatkärleriniň birini ýanyna çagyrypdyr-da: «Sen ýanyňda baryny şu garyba ber» diýipdir. Ol hyzmatkärem öz ýanyndaky gapjygy meniň doganymyň eline beripdir, onuň içinde bolsa bäş ýüz dinar bar ekeni, doganym şonça puluň öz eline düşenligine begenjinden ýaňa tas ýarylyp ölen ekeni.
Ine, onsoň doganym ol gyza alkyş baryny okap, öz öýüne gaýdyp gelip, baý bolandygyna haýran galyp oýlanjyrap oturan ekeni. Şol pursatda, birdenkä onuň gapysy kakylypdyr. Ol baryp gapyny açyp görse, bir nätanyş kempir dur. Ol aýal oňa: «Aý, balam, namaz wagty ýetip gelýär weli, men täret kylyp ýetişip bilmedim, sen meni öýüňe goýberseň, menem bir täret kylsam diýip sowuldym» diýipdir. Meniň doganym hem oňa: «Baş üstüne, giriberiň!» diýip jogap beripdir-de, ony öýüne goýberipdir, ol aýal öýe gireninden soň, oňa täret kylar ýaly kündük äberipdir.
Meniň doganym henizem şol pula begenjinden özüni tutup bilmän sandyraklap ýören ekeni, onsoň ol öz puluny gapjygyna salypdyr. Ol şeýdip öz işlerini gutarýança, garry kempirem täret kylyp bolupdyr-da, meniň doganymyň oturan ýerine gelip, ikindi namazyna eglip galypdyr, soňundanam töwir galdyryp, meniň doganyma ýagşy dileg edipdir. Ol hem öz nobatynda kempire taňryýalkasyn aýdyp, özüniň puluna elini uzadaga-da, oňa iki dinar berip, öz içinden: «Hudaý ýolym bolsun» diýipdir. Kempir özüne uzadylan dinarlary görüp: «Allanyň at-owazasy artsyn! Näme üçin sen özüňi gowy görýän adamy gedaý hasaplaýarsyň? Maňa pul gerek däl, puluňy yzyna al-da, ýene ony öz ýüregiň üstünde goý. Eger sen şol puly beren adam bilen ýene duşuşmak isleseň, men seni onuň bilen tapyşdyraýyn, ol meniň joramdyr» diýipdir. Onda meniň doganym: «Wah, ene jan, nädip onuň bilen duşuşyp bolarka?» diýip sorapdyr. Onda ýaňky aýal: «Aý, balam, onuň göwni baý adamdy. Sen eliňdäki bar pullaryň hemmesini al-da, meniň yzyma düş, men seni öz isleýäniň ýanyna elteýin. Sen onuň ýanyna baran wagtyňda, eliňden geleniňi edip, onuň göwnüni tapjak bol, nähili hoş sözüň bolsa aýdyber, ine, şol wagt sen onuň bütin lezzetinden peýdalanyp, onuň puluny-da, hemme zadyny-da alyp bilersiň».
Ine, onsoň meniň doganym ähli altyn pullaryny göterip, ol kempir bilen tirkeşip ugrapdyr (muňa bolsa onuň özüniňem ynamy ýok eken). Kempir şol gidip oturypdyr, gidip oturypdyr, meniň doganym bolsa tä uly bir derwezäniň üstünden barýançalar, onuň yzyna düşüp gidip barýar ekeni. Ol aýal derwezäni kakypdyr weli, bir hyzmatkär ýunan gyzy çykyp derwezäni açypdyr. Kempir howla girip, meniň doganymy içerik salypdyrda, yzyna tirkäp, bir uly jaýa hem uly otaga alyp barypdyr weli, onuň içine üýtgeşik halylar düşelip, äpişgeleri-de tutuly eken. Meniň doganym baryp oturypdyr-da, puluny öz öňünde goýup, sellesini hem dyzynyň üstünde goýupdyr. Ol heniz eýlesine-beýlesine garamanka, görlüp-eşidilmedik owadan hem gözel lybaslar geýip bezenen bir gözel gyz peýda bolupdyr. Meniň doganym ony göreninden ör turup tagzym edipdir, ol gyz bolsa meniň doganymy görüp, onuň ýüzüne gülüp bakyp, oturmagy yşarat edipdir. Ondan soň ol gyz gapyny baglamaly diýip buýruk beripdir- de, meniň doganymyň ýanyna baryp, onuň elinden tutupdyr, onsoň ol ikisi başga bir jaýa bakan ugrap, çolaja bir otaga giripdirler weli, görse, içerik tutuşlygyna ýüpek parçalar ýazylyp goýlupdyr.
Meniň doganym baryp aşak oturypdyr weli, gyz hem onuň ýanynda oturypdyr, onuň bilen az salym oýnaşypdyr. Ondan soň ol gyz ýerinden turaga-da: «Men gelýänçäm, ýeriňden gymyldaýmagyn!» diýip tabşyrypdyr-da, esli wagtlap bir ýaňa ýitirim bolupdyr. Ol şeýdip garaşyp otyrka, birdenkä onuň ýanyna eli ýalaňaç gylyçly daýaw bir gara (negr) gul giripdir. Ol aňyrdan gelen badyna: «Häý, işi gaýdan, seni bu ýere kim getirdi, asla sen bu ýerde näme işläp otyrsyň?» diýip dazarylypdyr. Meniň doganym ony görende, asla oňa jogap gaýtarmaga mejaly-da galmandyr, onuň dili tutulyp, kelam agyz gepläbem bilmändir. Onsoň ol gul ony gylyjyň ýeňsesi bilen ýenjip. tä özünden gidýänçä urupdyr-da, ol äteňet ony öldürendirin öýdüpdir. Şol wagt onuň: «Hany, duzçy nirede?» diýip gygyranyny eşidip ýatan ekeni. Onsoň onuň sesine bir gyz duzdan doly üwmek edilen bir tabagy alyp gelipdir weli, ýaňky gul meniň doganymyň ýaralaryna duz sepip çykypdyr, emma meniň doganym şonda-da diriligini bildirmejek bolup, guldan gorkusyna, sesini-üýnüni çykarman ýatypdyr, diriligini biläýse, gul ýaňadan urup öldürer öýdüp gorkupdyr.
Ondan soň duz getiren hyzmatkär gyz gidipdir weli, ýaňky gul: «Hany, jaýlaýjy nirede?» diýip gygyrypdyr. Şol wagt hälki kempir gelip, meniň doganymyň satanyndan tutup, ýerzemine bakan süýräp ugrapdyr-da, bir topar meýidiň arasyna eltip taşlap gaýdypdyr. Ol şol ýerde bütin iki güni ýatyp geçiripdir. Ine, onsoň hälki endamyna sepilen duzlar Allanyň emri bilen, onuň diri galmagynyň dermany bolupdyr, çünki duz onuň ganyny saklapdyr. Onsoň doganym gymyldap ýöremäge ýarap, ýerzeminde ýatan ýerinden turaga-da, ýokarsyndaky gapagy itip açypdyr-da (özi weli öler ýaly gorkan ekeni), çykyp ötägidipdir.
Allanyň özi ony gorap saklan bolara çemeli, ol garaňky dalana çykypdyr-da, şol ýerde ertire çenli garaşyp durupdyr, ertesi jahan ýagtylansoň bolsa, şol äteňenälet kempir çykyp, özüne başga bir aw gözlemäge ugrapdyr weli, meniň doganymam onuň yzyna düşüp gidiberipdir, kempiriň bolsa ondan habary ýok ekeni. Doganym sag-aman öz öýüne baryp, tä mazaly sagalýança, özüni bejerdipdir, özi-de şol garry kempiriň yzyndan aňtap, onuň adamlary aldap, yzly-yzyna şol öýe äkidişine syn edip ýörüpdir, ýöne ony hiç kime aýtman ýören ekeni.
Ine, onsoň doganym özüni seýisläp, güýjüne hem gaýratyna gelensoň, ol bir köne esgini alaga-da, ondan asma gapjyk tikdiripdir-de, içini aýna döwüginden dolduryp, guşagyndan asypdyr. Onsoň ol özüni hiç kim tanap bilmez ýaly başga görnüşdäki eşiklere girip, geýimini üýtgeşdirip, gylyjyny-da alaga-da, çäkmeniniň içinden dakynypdyr; ine, onsoň şol kempire gabat gelen wagtynda, onuň ýanyna barypdyr-da, oňa pürsýan dilinde: «Aý, garry, men bir aýry ýurtly adam, özümem bu şähere, ynha, şu gün gelip düşdüm, hiç kimi-de tanamok. Sende bäş ýüz dinary çeker ýaly uly terezi ýokmy? Men saňa-da şondan az-kem pul bererdim» diýipdir. Kempirem oňa: «Meniň oglum çekimçi, onda nähili terezi diýseňem bar. Ol heniz öz ýerinden ötägitmänkä ýetişer ýaly, ýör, onuň ýanyna baraly, ol seniň gyzylyňy çekip berer» diýip jogap beripdir. Meniň doganymam oňa: «Ýör onda öňüme düş!» diýipdir. Ine, onsoň kempir onuň öňüne düşüp, meniň doganym bolsa onuň yzyna düşüp ugrapdyr. Kempir şol öýüň derwezesine baryp, ony kakypdyr weli, şol öňki gyz gelip, derwezäni açypdyr. Kempir ol gyzyň ýüzüne seredip: «Men bu gün size ýaglyja omaça getirip berendirin» diýipdir. Onsoň ol gyz meniň doganymyň elinden tutup, ony şol öňki baran otagyna eltipdir, gyz onuň ýanynda birmeýdan oturan bolup, ýerinden turupdyr-da: «Men seniň ýanyňa dolanyp gelýänçäm, sen hiç ýana gymyldaýmagyn» diýip çykyp gidipdir. Onsoň meniň doganym eýlesine-beýlesine garamaga-da ýetişmenkä, şol äteňenälet gara (negr) gul peýda bolupdyr, onuň elinde hem şol öňki ýalaňaç gylyjy bar eken. Ine, onsoň ol meniň doganyma: «Tur ýeriňden, äteňenälet» diýipdir. Meniň doganym hem ýerinden turupdyr weli, ol gul öňe düşüp ugrapdyr, doganym bolsa onuň yzyna düşüpdir. Şol pursatda bolsa doganym öz çäkmeniniň içinden guşanan gylyjyny sogrupdyr-da, ýeke gezek aýlap salanda, guluň kellesini kädiniň sapagy ýaly edip, hol beýläk ýolup taşlapdyr-da, derrewem onuň satanyndan tutup süýräp, şol özüniň eltilen ýerzeminine eltip taşlap: «Hany duzlaýjy nirede?» diýip gygyrypdyr. Şol wagt hem eli duzdan doly tabakly gyz peýda bolup, meniň doganymyň eli ýalaňaç gylyçly duranyny görüp, yzyna bakan ökjäni göteripdir, emma doganym onuň yzyndan ötäge-de, onuň hem kellesini kädiniň sapagy ýaly edip ýolup taşlapdyr. Ondan soň ol: «Hany jaýlaýjy kempir nirede?» diýip gygyrypdyr. Kempirem gelipdir weli, doganym ondan: «Hä, bedasyl kempir, sen meni tanaýamyň?» diýip sorapdyr. Onda kempir: «Ýok, jenap» diýip jogap beripdir. Onsoň doganym oňa: «Men şol puluň eýesi, ýadyňdamy, sen meniň öýüme gelip täret kylyp, namaz okap, soňundanam meni şu ýere alyp gelipdiň» diýipdir. Onda kempir: «Alladan gork, özüňem meniň ýagdaýymdan habar al» diýen bolupdyr, emma meniň doganym onuň ýüzüne-de seretmän, gylyjyny şeýle bir aýlap salypdyr weli, kempiri bir uranda dört para edip taşlapdyr. Onsoň ol gyzy gözläp başlapdyr. Gyz ony görende akylyny ýitirip: «Rehim et!» diýip gygyrypdyr. Meniň doganym hem oňa rehim edipdir-de: «Bu hili bet işe baş goşmaga seni näme mejbur etdi?» diýip sorapdyr. Ol gyz bolsa: «Men bir uly täjiriň hyzmatkär gyrnagydym, bu kempirem hemişe bize gelerdi, menem onuň bilen içgin tanyş boldum. Ine, onsoň günlerde bir gün, ol kempir maňa: «Şu gün bizde şeýle uly toý bolýar, onuň ýaly toý hiç haçan bolan däldir, şony seniňem görmegiňi isleýärin» diýdi. Menem oňa: «Bolýar, baraýaryn» diýdim-de, özümiň iň gowy lybaslarymy geýdim, gymmatbaha şaýlarymy dakyndym, ýüz dinarly gapjygymy-da ýanyma alyp, onuň yzyna düşüp ugradym. Ol bolsa meni ynha şu öýe getirdi. Içerik girip, eýlämebeýläme bakmaga-da ýetişmänkäm, şol gara (negr) gul meni özüne aldy oturyberdi, ine, şol äteňenälet kempiriň sapalagyna düşübem, indi üç ýyldan bäri şu ýagdaýda gezip ýörün» diýipdir. Onsoň meniň doganym: «Bu öýde ol guluň näme zady bar?» diýip, ol gyzdan sorapdyr. Ol gyz bolsa: «Onuň zady gaty kändir, eger sen ol zatlary äkidip bilýän bolsaň, Alladan maslahat sora-da, äkidiber» diýip jogap beripdir.
Onsoň meniň doganym ol gyz bilen barypdyr weli, ol gyz sandyklaryň agzyny açypdyr, olaryň içinde içi pully haltalar küt-küt ekeni. Meniň doganym nätjegini bilmän oýlanmaga başlanda, ýaňky gyz oňa: «Bar, indi bu pullary göterip äkidişer ýaly adam tapyp gel, men onýança bu taýda garaşar duraryn» diýipdir. Onsoň meniň doganym çykyp gidip, on adam tutup alyp gelipdir weli, görse derweze açyk dur, öýe gelip seretse, ne gyz bar, ne ýaňky pully haltalar. Galan zat az-kem pul bilen mata-marlyk ekeni. Şol wagt ol gyzyň aldadanlygyny bilip galypdyr. Ine, onsoň ol galan-gaçan pullary çöpläp alyp, beýleki tamlary hem açyşdyryp, olaryň içindäki bar zatlary alyşdyryp, ol öýde hiç zat goýman ýygnaşdyryp äkidipdir-de, ol gijesini şadyýanlyk bilen geçiripdir.
Ertirden soň ýerinden turup-turmanka görse, onuň öýüniň işiginde ýigrimi esger birden peýda bolup, hersi onuň bir ýerinden ýapyşyp: «Seni weli isleýär» diýipdirler. Ine, onsoň esgerler ony şol duran ýerinden germesatan edip alyp ugrapdyrlar. Doganym bolsa olara ýalbarypdyr, «Öýüme baralyň, men size näçe diýseňiz pul bereýin» diýipdir, emma esgerler onuň aýdanyna gulak hem asmandyrlar, ony öýüne-de goýbermändirler. Gaýtam, onuň elini syrtynda mäkäm daňyp, öňlerine salyp ugrapdyrlar. Ony şeýdip alyp barýarkalar, ýolda doganymyň bir ýakyn tanşy gabat gelipdir, onsoň doganym onuň syýyndan ýapyşyp, esgerleriň elinden sypmaga kömek etmegini sorap ýalbarypdyr. Onsoň ol adam hem aýak çekip, doganymyň näme günäsiniň bardygyny bilmek üçin esgerlerden sorapdyr. Olar bolsa oňa: «Biz bilemizok, weli ony alyp gelmeli diýip buýruk berdi, ynha, bizem ony şonuň ýanyna alyp barýarys» diýipdirler. Onsoň doganymyň dosty bäş ýüz dinar bermek şerti bilen, ony boşadyp goýbermeklerini sorap, esgerlerden haýyş edip: «Weliniň ýanyna dolanyp baranyňyzda bolsa, ony tapmadyk diýiň-de aýdaýyň» diýipdir. Emma esgerler onuňam diýenini etmän, doganymy ýüzin ýatyryp süýräp alyp ugrapdyrlar-da, häkimiň alnyna eltip beripdirler. Häkim meniň doganymy görüp: «Sen bu matalary hem pullary nireden aldyň?» diýip sorapdyr. Meniň doganym ondan aman diläp: «Rehim et, jenap!» diýip ýalbarypdyr. Weli hem oňa rehimdarlyk ýaglygyny gowşurypdyr. Ondan soň meniň doganym özüniň başyndan geçenleri, bolan wakalary hem garry kempir bilen bolan ahwalatlary, ol gyzyň hem gaçanlygyny başdan-aýak oňa doly gürrüň edip berip: «Meniň alan zatlarymdan bolsa özüňe geregini al, maňa-da bir gün görerlik galdyrsaň bolýar, galanynyň hemmesi seniňki bolsun» diýipdir. Weli bolsa pullaryň-da, matalaryň-da hemmesini onuň elinden alypdyr-da, bu işiň birden soltana habar edilmeginden ätiýaç edip, meniň doganyma:
«Şu şäherden çyk-da, gümüňi çek, bolmasa-da men seni asyp öldürerin!» diýipdir. Meniň doganym bolsa oňa: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýip jogap beripdir-de, başga bir şähere gidipdir weli, ol ýerde hem onuň üstüne ogrular dökülip, geýim-eşigine çenli sypyryp alypdyrlar, üstesine-de urup-urup, gulagyny hem kesip goýberipdirler. Onsoň men bu habary eşidip, onuň ýanyna bardym, oňa geýim-gejim etdim, özüni hem ogrynlyk bilen şähere getirdim, indem onuň iýjek-içjek zadyny berip ekläp-saklap ýörün».