DELLEGIŇ ÖZI HAKYNDAKY HEKAÝATY

«Al-Mustadi billahyň ogly al-Mustansir billah zamanynda men Bagdatda bolupdym, ol wagtlar halyfyň özem Bagdatdady. Bir gezek halyfyň on sany jenaýatça biçak gahary gelen eken, şonuň üçinem, olary baýramçylyk gününde meniň ýanyma getir diýip, şäher häkimine buýruk beripdir (olar ýol ugurlarynda talaňçylyk edýän ogrular ekeni). Ine, onsoň şäher häkimi baryp olary tutaga-da, gaýyga mündüripdir-de, özi hem olaryň ýanyna münüpdir. Men olaryň barýanlaryny görüp: «Bu adamlar hökman meýlise çykandyrlar, özleri-de meniň pikirimçe, şol gaýygyň üstünde uzynly gün iýip-içip keýp çekip oturjakdyrlar. Eger men bolaýmasam, olaryň iýip-içýän zatlaryna şärik bolup biljek adam ýokdur» diýip oýlandym-da, ýerimden turaga-da, olara bakan ugradym, bu jemagat diňe meniň ýaly gaýratly hem salyhatly adamlar öýdýän diýip, şol gaýyga mündüm-de, olara goşuldym gidiberdim. Olar bolsa derýanyň beýleki tarapyna geçdiler-de, gaýykdan düşdüler. Ine, şol sagatda-da häkimdaryň nökerleri hem esgerleri gelip, ellerindäki zynjyrlary ogrularyň boýunlaryna saldylar, olaryň şabadyna meniňem boýnuma zynjyr saldylar — näme munuň özi meniň mertligim zerarly bolan ahwalat dälmi, meniň şonda-da sesimi çykarman durmagym bolsa, näme, meniň geplemezek adamdygymy görkezmeýärmi, jemagat? Ine, onsoň bizi zynjyrlap idip äkitdiler-de, ähli dindarlaryň hökümdary al-Mustansir billahyň öňünde duruzdylar, ol bolsa on adamyň onusynyň-da kellesini kesip taşlamaly diýip höküm etdi. Onsoň jellat biziň ýanymyza gelip, ilki bilen gan düşeginiň üstünde oturdy, soňundan bolsa gylyjyny ýalaňaçlady-da, birýan ujumyzdan kellämizi ýolup başlady, şeýdibem on kelläni ýolup taşlady, diňe men galdym. Halyf bolsa seredip gördi-de: «Näme üçin sen dokuz adamyň kellesini aldyň?» diýip jellatdan sorady. Jellat bolsa: «Alla saklasyn! Heý, sen on kelläni kesmeli diýersiň-de, menem dokuzyny keserinmi?!» diýip geňirgendi. Emma halyf oňa: «Meniň pikirimçe, sen diňe dokuz adamyň kellesini kesdiň, ynha bu, seniň öňüňde oturan bolsa onunjysy bolmaly» diýdi. Onda jellat: «Seniň rehimdarlygyňdan kasam edýärin, on kelle kesdim!» diýdi.
— Onsoň olary sanap gördüler — diýip, dellek gürrüň berýärdi. — Görseler, dogrudan-da, on ekeni. Ondan soň halyf meniň ýüzüme seretdi-de: «Munuň ýaly pursatda sesiňi çykarman oturmaga seni näme mejbur etdi? — diýip sorady. — Ölüme höküm edilenleriň arasynda sen nähili peýda bolduň, onuň sebäbi näme? Seniň özüň hormatly garry, emma seniň akylyň az ekeni!» Men dindarlar hökümdarynyň bu aýdanlaryny eşidip, oňa şeýle diýdim: «Biler bolsaň, beýik hökümdar, men bir garrydymma, meniň akylymam köp, meniň akylymyň köplüginiň, meniň parasatlylygymyň, geplemezekligimiň bolsa hiç çägi ýokdur, meniň kärim bolsa dellekçilik. Düýnki günde, ertir ir bilen, bu on adamyň gaýyga bakan gidip barýandyklaryny gördüm-de, olar gaýykda meýlis etjekdirler öýdüp, olaryň arasyna goşuldym-da, menem gaýygyň içine girdim. Aradan salym geçmänkä, nökerler geldiler-de, olaryň boýunlaryna zynjyr saldylar, olaryň arasy bilen meniňem boýnuma zynjyr saldylar; emma men özümiň biçak mertligim sebäpli sesimi çykarmadym, ýaňrap oturmaýyn diýdim, munuň özi mertlikden başga zat däldir. Ine, onsoň bizi getirip, seniň öňüňde dik duruzdylar, senem on adamyň kellesini kesmeli diýip höküm etdiň. Men jelladyň öňünde galdym, emma özümi size tanatjak bolmadym — munuň özi-de baryp ýatan mertlikden başga zat däldir, men şol hili mertligim zerarly, olar bilen bile ölmäge kaýyl boldum. Emma weli meniňki ömürbaky şeýle bolup çykýar: men ile ýagşylyk edýän, emma il maňa bir ýerde ýamanlygyň erbedi bar bolsa, şonuň bilenem jogap berýär».
Ine, onsoň halyf meniň sözlerimi eşidensoň, meniň biçak mertdigimi hem diňe meniň arkamdan uly howplardan halas bolan bu ýigidiň aýdyşy ýaly ýaňra däl-de, geplemezekdigimi bilen wagtynda, ol şeýle bir güldi weli, asla güle-güle kese ýykyldy, soňundan bolsa maňa: «Eý, Dymma ýaşuly, seniň beýleki alty doganyňam hut seniň özüň ýaly akylly-parasatly, ylymly hem ýaňramazak adamlarmy?» diýdi. Men oňa: «Olaryň maňa meňzeýän ýeri bar bolsa, goý, olar ýeriň ýüzünde ýaşamasynlaram, diri gezmesinlerem! — diýip jogap berdim. — Dindarlaryň hökümdary, sen meniň göwnüme degdiň, meniň doganlarymy asla maňa deňemek bolmaz, çünki olaryň her biri özüniň ýaňralygy hem bigaýratlygy sebäpli özüne laýykatly maýyp bolup galdy: biri gyşyk, ikinji biri kör, üçünjisi tentek, dördünjisiniň gulagy hem burny kesilen, bäşinjisiniň dodagy kesilen, altynjysy bolsa küýki. Emma meni weli ýaňradyr öýtmegin, hökümdarym. Men saňa barysyny beýan etmelidirin, özi-de meniň mertligim olaryň hemmesiniň mertligindenem artykdyr. Özi-de olaryň her biri bir belanyň üstünden barany üçin maýyp boldy. Olaryňam barysyny saňa aýdyp bereýin».

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir