ŞÄHRIÝAR PATYŞA HEM ONUŇ DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT

Külli älemi ýaradan gudratly Allatagalanyň at-owazasy belende galsyn, pygamberleriň pygamberi, biziň soltanymyz hem alyhezretimiz Muhammede salawat aýdalyň! Oňa Allanyň özi keremini eçilsin hem tä kyýamat-magşar günune çenli belent at-owaza bersin!
Ondan soň bolsa, hakykatda, adamyň özünden ozalky nesilleriniň başlaryndan nähili wakalaryň geçendigine göz ýetirip hem öwrenip bilmegi üçin, onsoň-da ötengeçenler hakdaky taglymatlara hem-de olara nämeler bolandygyna çuňdan düşünmek bilen adamyň günä etmekden saklanmagy üçin, ozalky nesiller hakyndaky rowaýatlar soňkulara öwüt-nesihat bolup galyberipdir. Gadymkylar hakyndaky rowaýatlary soňraky halklara sapak bolar ýaly etmegi başarana berekella!
«Müň bir gije» diýen hekaýalar-da, onuň içindäki bady belent namalar hem öwütündewli gürrüňler-de şol hili rowaýatlardyr.
Halk rowaýatlarynda gadym zamanlarda bolan, birwagtlar geçen hem bireýýäm ötüp giden zatlar hakynda gürrüň berýärler (Allatagala bolsa pynhan syrly zatlardan hasam habarlydyr hem hemmeden pähimdardyr, onuň şan-şöhraty agdykdyr, perwerdigärlikde hem sahylykda oňa taý ýokdur, ol merhemetlidir hem rehimdardyr); gadym zamanlarda hem geçmiş asyrlarda ýüzlerçe ýyl mundan ozal, Hindistan hem Hytaý welaýatlarynda lek-lek goşunly, wezir-wekilli, saklawly-perraçly bir patyşa bolanmyş. Sasan (Mifiki bolup galan Sasan patyşanyň ýa-da Sasanidleriň nesilleri III-VII asyrlarda Eýranda häkimlik edipdirler. Şähriýar patyşanyň olara saýylmagy şahyrana anahronizmdir; onuň ýaly zatlar ―Müň bir gijede‖ başga-da az däl.) taýpasyndan bolan bu patyşanyň iki ogly bar eken: ulusy kemsiz ýetişen uly adam ekeni, kiçisi bolsa heniz ýaňy jahyl çykan ýigit ekeni; ogullarynyň ikisi-de batyr hem pälwanmyş, ýöne kiçisindenem ulusy has edermen ekeni. Şu boluşdada ol öz ýurdunda patyşa bolup, öz raýatlaryna adyl häkimlik edipdir, şonuň üçinem onuň topragyndaky hem patyşalyk edýän ýerindäki ilat ony gowy görýär eken, onuň adyna-da Şähriýar patyşa diýerler ekeni; onuň özünden kiçi doganyna bolsa Şahzaman patyşa diýerler ekeni, ol hem parsy Samarkandyna patyşalyk eder ekeni. Olaryň ikisi-de öz ýerli-ýerinde ýaşap ýören ekeni, her haýsy öz patyşalygynda ýaşap, öz raýatyndaky ilatyň üstünden ýigrimi ýyllap adalatly häkimlik sürüp, bol-telkilik hem şadyýanlyk içinde ýaşapdyr. Şeýdip ýaşap ýörkäler, olaryň ulusy bir gün öz inisini göresi gelipdirde, ony gidip alyp gelmegi öz wezirine buýrupdyr. Wezirem onuň buýrugyny berjaý edip, ýola rowana bolupdyr-da, tä Samarkant şäherine sag-aman baryp ýetýänçä ýol ýöräpdir. Onsoň ol Şahzamanyň huzuryna baryp, patyşanyň salamyny gowşurypdyr hem-de ony öz doganynyň göresi gelendigini hem onuň öz ýanyna gelip gaýtmagyny isleýändigini habar beripdir. Şahzaman hem razylyk bildirip, ýol şaýyny tutupdyr. Ol öz çadyrlaryny ýola çykarmagy, düýeleriň, gatyrlaryň, hyzmatkärleriň hem nökerleriň ýola ugramaga taýýar bolmalydygyny buýrupdyr, özi gelýänçä, ýurda häkimdarlyk etmegi bolsa öz wezirine tabşyrypdyr, özi bolsa çykypdyr-da, öz doganynyň şalyk edýän welaýatyna bakan ugrapdyr. Emma gijäniň ýary bolanda, köşgünde bir zadyny ýadyndan çykaryp gaýdandygy birdenkä ýadyna düşüpdir-de, yzyna dolanypdyr, gelip köşge girip görse, aýaly özüniň gullaryndan biri bolan bir gara (negr) gul bilen öz düşeginde gujaklaşyp ýatan ekeni. Şahzaman patyşa bu ahwalaty görende, onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, depe saçy syh-syh bolupdyr-da, öz ýanyndan: «Men heniz şäherden çykmankam, beýle-beýle zatlar bolýan bolsa, eger men esli wagt doganymyňkyda saklansam dagy, bu äteňenälet heleý gör nämeler ederdikä!» diýip, içini gepledipdir. Ol gylyjyny syraga-da, olaryň ikisini-de şol ýatan ýerlerinde çapyp öldüripdir, ondan soň bolsa şol sagadyň hem şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir hem tä öz doganynyň bolýan şäherine barýança, äginmän ýol ýöräpdir. Şähere ýakynlaşan wagtynda bolsa, özüniň gelýändigini doganyna habar bermek üçin öňden çapar iberipdir, onsoň Şähriýar hem onuň öňünden çykypdyr, biçak begenip, gujak açyp salamlaşypdyr. Doganynyň hormatyna bütin şäheri bezepdir, onuň bilen oturyp, şadyýan gürrüň edipdir, emma Şahzamanyň weli aýalynyň eden etmişi ýadyna düşüp duransoň, ol biçak tukat bolupdyr, ýüzi saralypdyr, bedeni gowşap ysgyndan gaçypdyr. Uly dogany onuň bu hili ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da durmandyr. Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli, seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň etmişi barada özüniň çekýän derdini oňa aýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awa-şikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýalyda şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş. Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!» diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr. «Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesini-de bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir. Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir.
«Biler bolsaň, doganym — diýip, Şahzaman gürrüň bermäge başlapdyr: — Sen öz weziriňi meniň yzymdan iberen wagtyňda, men ýol şaýymy tutup, eýýäm şäherdenem çykyp ugrapdym weli, özümiň saňa sowgat getirmekçi bolan göwherimi ýadymdan çykaryp, köşkde galdyranym ýadyma düşäýdi. Onsoň men şol göwheri almak üçin, köşgüme dolanyp baramda, öz aýalymyň gara (negr) gul bilen düşegimde bile ýatanyny gördüm-de, olary öldürdim, onsoň şonuň pikirini ede-ede seniň ýanyňa geldim. Ynha, meniň görkümiň üýtgemeginiň hem haldan düşmegimiň sebäbi; meniň reňkimiň düzelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini welin sen sorama, menem aýtmaýyn».
Emma inisiniň bu sözüni eşiden Şähriýar patyşa: «Allanyň haky üçin, eger walla, näme üçin ganyň ýüzüňe çykanyny aýdyp ber!» diýip özelenipdir. Ine, onsoň Şahzaman özüniň gören zatlarynyň hemmesini oňa gürrüň beripdir. Ol wagt Şähriýar öz dogany
Şahzamana ýüzlenip: «Muny öz gözüm bilen görmek isleýärin!» diýipdir. Onda Şahzaman oňa: «Awa-şikara gidýän diý-de, meniň bolýan otagymda gizlenip otur, onsoň sen gözüň bilen görersiňem, hemmesine gözüňi ýetirersiňem» diýipdir.
Onsoň Şähriýar patyşa şol sagadyň özünde awa gidýänligini jar etdiripdir, onuň goşuny-da çadyrlaryny alyp şäherden çykypdyr, olar bilen birlikde patyşanyň özi-de çykypdyr, emma soňundan ol bir çadyryň içine giripdir-de: «Meniň ýanyma hiç kim girmesin!» diýip, hyzmatkärlerine buýruk beripdir. Onsoň ol daşky sypatyny üýtgedipdir-de, ogrynça köşge dolanyp gelip, öz doganynyň bolýan otagyna giripdir; onsoň, bagdan tarapky penjiräniň agzynda birsellem oturypdyr welin, ynha, birdenkä bir topar gyrnak, olaryň arasynda-da patyşanyň aýaly, gullar bilen bile baga girip başlapdyr; onsoň olar tä ikindi namazynyň azany aýdylýança, Şahzamanyň gürrüň beren işlerini edipdirler. Şähriýar patyşa bu ýagdaýy gözi bilen görensoň, onuň huşy başyndan uçup, gözleri gubarlapdyr, şonuň üçinem ol öz dogany Şahzamana ýüzlenip: «Tur, häziriň özünde gideli, bize patyşalygam gerek däl, häkimdarlygam, tä özümiziň başymyza düşen şu işiň başga biriniňem başyna düşenini görýänçäk gideli oturaly! Beýle ýagdaýda ýaşanymyzdan ölenimiz gowy!» diýipdir. Ine, onsoň olar gizlin gapydan çykypdyrlarda, gije-gündiz diýmän, ýol ýöräpdirler, şol gidip baryşlaryna-da şor deňziň ýanyndan akýan bir çeşmäniň gyrasynda, otlujak ýerde gögerip oturan bir agajyň üstünden barypdyrlar. Olar şol çeşmeden suw içip, dynç almaga oturypdyrlar. Gün ýaşan çagynda, deňiz birdenkä tolkun atyp başlapdyr, onsoň onuň içinden tüweleý ýaly uzyn sütün ýokary galyp, asmana ulaşypdyr-da, bularyň oturan ýerindäkn otlujaga bakan gaýdypdyr. Iki dogan muny görüp, biçak gorkupdyr, olar gorkularyna hälki agajyň üstüne çykypdyrlar (agaç bolsa biçak beýik ekeni), ine, onsoň olar soňunyň näme boljagyna garaşyp otyrlar ekeni. Birdenkä görseler, olaryň garşysynda uzyn boýly, äpet kelleli, döşi gapak ýaly jyn peýda bolupdyr, onuň depesinde bolsa bir sandyk barmyş. Ol jyn deňizden çykyp gelip, iki doganyň münüp oturan agajynyň aşagynda düşläp oturypdyr-da, sandygyň agzyny açyp, onuň içinden bir gapyrjak çykarypdyr, ol gapyrjagy-da açypdyr welin, onuň içinden, şahyryň aýdyşy ýaly, täze dogan gün kimin ýalbyrap oturan inçe billi owadan gelin çykypdyr. Hawa, Atyýýa şahyr ol gözeli şeýle ajap suratlandyrypdyr:
Şuglasy tüm gije daňlar atyrar,
Nury dagy gülgün reňge batyrar.
Çar köşeden gün dogan dek jemaly —
Gök deňze gark bolar ýyldyzlan, saly.
Ýaldyrap çykanda, il höwesdedir,
Yns-jyns beýhuş, melul, hassadyr.
Gözünde ýyldyrym, otlar çakdyrar,
Göz ýaşlardan baran siller akdyrar.
Onsoň jyn ol gelne garap: «Eý, asylly perizat, toý gijesi ogurlap alyp gaýdan gezelim, meniň birazajyk ýatasym gelýär!» diýipdir-de, kellesini ol gelniň dyzynyň üstünde goýup uka gidipdir; ýaňky gelin ýokarsyna seretse, agajyň üstünde iki sany adam otyr eken. Agajyň üstünde oturan patyşalary gören gelin, jynyň kellesini dyzynyň üstünden aýryp ýerde goýupdyr-da, agajyň aşagynda ör turup duran ýerinden iki doganyň ikisine-de: «Bu jyndan gorkmaň-da, aşak düşüň» diýen yşarat edipdir. Olar bolsa: «Allanyň haky üçin sen bize azar berme, bizi bu beladan halas et!» diýip, oňa jogap beripdirler. Emma gelin olara: «Eger aşak düşmeseňiz, men jyny oýararyn, onsoň ol ikiňiziňem janyňyzy demiňiz bilen bile sogrup alar» diýipdir. Ine, onsoň olar gorkularyndan aşak, ýere düşüpdirler-de, ol gelniň ýanyna barypdyrlar welin, ol gelin olaryň öňünde çiň arkan ýatypdyr-da: «Geliň, özem gatyrak basyň, bolmasa-da häzir jyny oýararyn» diýipdir. Şähriýar patyşa gorkusyndan ýaňa öz dogany Şahzaman patyşa ýüzlenip: «Doganym, sen bu aýalyň özüňe buýurýan zadyny berjaý edeweri!» diýipdir. Emma Şahzaman oňa: «Etmerin! Ilki bilen sen et!» diýip jogap beripdir. Olar şeýdişip biri-birine göz ümläp, yşarat edip, çekeleşmäge durupdyrlar welin, ýaňky aýal olara: «Bu näme boldugy? Görýän welin, siz göz gypyşýarsyňyz-la! Eger siz ýanyma gelip, şu işi etmeseňiz, men jyny oýararyn!» diýip azm urupdyr. Ine, onsoň, iki doganyň ikisi-de jyndan gorkularyna buýrugy berjaý edipdir, olar işlerini bitirenlerinden son bolsa, ol aýal: «Bäriňizi bakyň!» diýipdir-de, goltugynyň aşagyndan gapjygyny çykaryp, onuň içinden dür monjugy ýaly edilip ýüpe düzülen bäş ýüz ýetmiş ýüzük çykarypdyr-da:
«Siz bu ýüzükleriň nämedigini bilýäňizmi?» diýip sorapdyr. Olar: «Ýok, bilemzok!» diýip jogap beripdirler. Onda ol aýal: «Şu ýüzükleriň eýeleriniň hemmesi jynyň şahynyň üstünde meniň bilen siziň eden işiňizi etdiler. Siziňem her haýsyňyz maňa bir ýüzük beriň» diýipdir. Ine, onsoň iki doganyň her biri öz barmagyndan bir ýüzük çykaryp, iki ýüzügi oňa beripdir, onsoň ol aýal şeýle diýipdir: «Bu jyn meniň toýum toýlanyp durlan gijesi ogurlap alyp gaçdy-da, meni bir gapyrjagyň içine saldy, ol gapyrjagyda sandyga saldy. Ol sandygyň daşyndan ýedi gulp asyp berkitdi-de, meni möwç urup ýatan deňziň düýbüne taşlady, emma welin, eger aýalyň göwni bir zat islese, ony hiç bir zadyň gorap saklap bilmejekdigini jyn bilmeýär okeni. Bu barada şahyrlaryň biri, ine, şuny aýdypdyr:
Ynanjaňlyk etme aýal ýanynda,
Hergiz durabilmez äht-peýmanynda.
Kä bagyşlap, käte berer azaryn,
Emma azgynlykdan edýändir baryn.
Söýdüm diýr, ýalandan köp çeker zary,
Köýnegne çykandyr ýalanyň şory.
Ýalandan başga-da tükenmez oýny,
Ýusubam horlanyp, burupdy boýny.
Atamyz Adamy azdyryp hiçden,
How Enemiz kowdurypdy behiştden.
Başga birisi bolsa şeýle diýipdir:
Eý yşkyň ýoluny terk eden geda,
Meniň kylan işim ýazgarma juda.
Selle oranyp aşyklygyň matasyn,
Menem kyldym ärler kylan hatasyn.
Yşk bir gyzamykdyr, hemmä deň bolar, Onuň örgüninden sypmak geň bolar» Bu aýalyň aýdan sözlerine patyşalaryň ikisi-de haýran galyp, biri-birine: «Bu jyny diýsene, munuň başyna düşen zat biziňkidenem bäşbeter ekeni! Munuň ýaly zat heniz hiç kimiň başyna düşen däldir!» diýşipdirler.
Onsoň olar şol sagadyň özünde ol aýalyň ýanyndan aýrylyp gidip, Şähriýar patyşanyň şäherine gaýdyp barypdyrlar; patyşa öz köşgüne giripdir-de, öz aýalynyň-da, gullaryň-da, gyrnaklaryň-da — barysynyň kellesini kesip taşlapdyr.
Şondan soň Şähriýar patyşa her gije bir gyz alyp başlapdyr-da, el degmedik gyzy bir gije ýanynda saklanyndan soň, öldürip ugrapdyr; şeýle ýagdaýyň özi üç ýyllap dowam edipdir.
Şonuň üçinem adamlar dat-perýat edip, öz gyzlary bilen şäherden çykyp gaçypdyrlar. Ine, şeýdip şäherde äre ýararly ýekeje-de ulugyz galmandyr.
Ine, onsoň patyşa öz wezirini çagyryp, şol adata görä, özüne gyz getirip bermegi buýurýar welin, wezirem çykyp, gyz gözlemäge başlaýar, emma ol gyz tapyp bilmänsoň, patyşanyň özüne jeza bererinden gorkusyna, sussupes, lapykeç halda öz öýüne barýar. Patyşanyň weziriniň bolsa iki gyzy bar ekeni: ulusynyň ady Şährizada, kiçisiniň ady hem Dünýäzada ekeni. Weziriň uly gyzy her hili kitaplary, sene ýazgylaryny, gadym zaman patyşalarynyň durmuşyndan hem öten-geçen halklaryň rowaýatlaryndan ýazylan zatlary köp okaýar ekeni, onsoň-da ol gyz gadymy halklara, ozalky patyşalara hem şahyrlara degişli bolan sene ýazgyly kitaplaryň müňlerçesini ýygnanmyş diýýärler. Ine, şol gyz hem atasyna aýdanmyş: «Görýän weli, sen bir zady gaýgy edip gam-gussa çekýärsiň, näme üçin sen gaýga galyp aladalanyp otyrsyň? Bu barada kimdir biri şeý diýipdir ahyry:
Kimde-kim hesrete batar,
Diýiň oňa: «Bu hem öter!
Şat günüň ýaşyşy ýaly,
Ýatar gaýyňam şemaly».
Wezir öz gyzyndan bu hili sözleri eşideninden soň, patyşa bilen özüniň arasynda näme-nämeleriň bolandygyny başdan-aýak aýdyp beripdir. Şährizada bolsa: «Allanyň haky üçin, atam, sen meni şol patyşanyň eline ber, onsoň men ýa-ha diri galaryn, ýa-da musulman gyzlar üçin gurban bolup, olary patyşanyň gazabyndan halas ederin» diýip dyzapdyr. Onda wezir: «Allanyň haky üçin, sen öz-özüňi beýle howpuň üstünden eltiji bolma!» diýip gygyrypdyr. Emma Şährizada: «Ýok, bu hökman şeýle bolmalydyr!» diýipdir. Onda wezir: «Öňem bir daýhanyň öküzi bilen eşeginiň başyna düşeni seniňem başyňa düşer öýdüp gorkýaryn» diýipdir. «Olaryň başyna düşen zat näme?» diýip, Şährizada sorapdyr.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir