Indoneziýanyň merkezinde ýerleşýän Merapi wulkan dagyndan soňky 6 sagadyň dowamynda 36 gezek lawa atylyldy. Wulkanologiýa we geologiki betbagtçylyklary azaltmak merkezi (PVMBG) tarapyndan berlen beýanata görä, wulkanyň kraterinden 50 metr beýiklige ýetendigi aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda, ýerli wagt bilen 00.00-dan - 06.00 aralygyna çenli lawanyň wulkandan 36 gezek çykandygy we lawa massasynyň wulkanyň günorta-günbatar eňňidinden 1500 metre çenli aşak düşendigi aýdylýar.
Dagdaky wulkanyň has işjeň ýagdaýa geçenligi sebäpli, sebitde howsalaly ýagdaý yglan edildi. Ilaty goramak maksady bilen, häzirki wagtda sebitde birnäçe işler geçirilýär.